Aşgabatda ulag ulgamynda zähmeti kadalaşdyrmak boýunça GDA-nyň halkara maslahatynyň Kararnamasy kabul edildi

26-njy noýabrda Aşgabatda «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň ulag baglanyşygyny berkitmekde zähmeti guramagy we kadalaşdyrmagy ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly halkara maslahat öz işini tamamlady. Onuň jemleri boýunça mundan beýläki hyzmatdaşlyk babatda maslahatlary beýan edýän Kararnama kabul edildi.

Maslahaty Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça Maslahat beriji geňeşiniň ýardamy bilen gurady. Ol GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 2026-njy ýylyň 26-njy iýunyndaky Çözgüdi bilen tassyklanan Zähmeti kadalaşdyrmak ulgamynda GDA gatnaşyjy döwletleriň hyzmatdaşlygynyň Konseptual esaslaryny durmuşa geçirmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin esasy çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda geçirildi.

Foruma Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet dolandyryş edaralarynyň, zähmet kadalaryny we normatiwlerini işläp düzýän edaralaryň, ylmy jemgyýetçiligiň we ykdysadyýetiň hakyky pudagynyň wekilleri, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we binýatlaýyn guramalaryň — Belarus Respublikasynyň Zähmet we durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet ylmy-barlag institutynyň hem-de Belarus milli tehniki uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar maslahatyň zähmeti kadalaşdyrmak ulgamlaryny ösdürmek üçin ähmiýetini nygtadylar. Olar sebitara ulag geçelgeleriniň sanlylaşdyrylmagy şertlerinde zähmeti kadalaşdyrmaga çemeleşmeleri sazlaşdyrmagy maksadalaýyk hasapladylar we multimodal daşamalar üçin toplanan tejribäni bellediler. Gatnaşyjylar şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň maslahaty taýýarlamak we geçirmek boýunça bitiren uly işini bellediler. Taraplar zähmeti kadalaşdyrmak ulgamynda tejribe alyşmaga we özara hereket etmäge umumy çemeleşmeleri ylalaşdyrdylar.

Kararnamada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine we Maslahat beriji geňeşe dünýäniň öňdebaryjy tejribesini nazara almak bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de nobatdaky maslahatyň 2027-nji ýylda Özbegistan Respublikasynda geçirilmegini goldamak maslahat berildi. Binýatlaýyn guramalara hünärmenleri taýýarlamak we hünär standartlary bilen meşgullanmak, ygtyýarly edaralara bolsa 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Meýilnamanyň ýerine ýetirilmegine ýardam bermek teklip edildi.


Yza

Şeýle hem okaň