Aşgabatda GDA ýurtlarynyň ulag ulgamynda zähmet gatnaşyklaryna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynda 26-njy noýabrda “GDA agza döwletleriň ulag baglanyşygyny berkitmekde zähmeti guramagy we kadalaşdyrmagy ösdürmegiň mümkinçilikleri” atly halkara maslahat geçirildi. Oňa Azerbaýjanyň, Belarus Respublikasynyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Russiýanyň degişli ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Maslahat Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäginde ulag-logistika gatnaşyklaryny ösdürmek, zähmeti guramak we kadalaşdyrmak ulgamynda tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi. Gatnaşyjylar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň Arkalaşygyň ýurtlary bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendigini bellediler.

Çäräniň dowamynda ulag ulgamynda sanlylaşdyrma şertlerinde zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, işgärler üçin howpsuz we amatly iş şertlerini döretmek, halkara ulag geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly möhüm ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan yglan edilen Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilen bu maslahatyň GDA ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Maslahata gatnaşyjylar halkara ulag geçelgelerini ösdürmegiň, Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag arabaglanyşygyny güýçlendirmegiň sebitiň ykdysady ösüşi üçin möhüm şert bolup durýandygyny bellediler. Şeýle-de zähmeti goramak, iş bilen üpjünçilik we durmuş taýdan goramak ugurlarynda toplanan tejribäni alyşmagyň hem-de degişli düzümleriň özara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygy tassyklanyldy.


Yza

Şeýle hem okaň