Şu gün, 27-nji sentýabrda Aşgabadyň günortasynda Köpetdag şaýolunyň ugrunda bina edilen täze Döwlet münberinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň we daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda dabaraly harby ýöriş geçirildi.
Harby ýörişe Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Milli Howpsuzlyk ministrliginiň, Döwlet Serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň we beýleki harby hem hukuk goraýjy edaralarynyň düzümleri gatnaşdylar. Dabaraly ýörişiň dowamynda harby tehnikalar bilen bir hatarda harby uçarlaryň we dikuçarlaryň ýörişi geçirildi.
Ýörişiň jemleýji bleginde merkezi münberiň öňünden Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň aýratyn hormat garaguly batalýony we ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň orkestri geçdi. Esgerler ýarag bilen hatar emelleriniň ýokary ussatlyk derejesini görkezdiler.
Harby ýörişden soň, Türkmenistanyň sebitleriniň we halk hojalygynyň pudaklarynyň zähmet toparlarynyň baýramçylyk ýörişi geçirildi. Münberiň öňünden bäş weaýatyň wekilleri, dürli pudaklaryň we edaralaryň işgärleri, türgenleriň we medeniýet işgärleriniň, çagalar döredijilik toparlarynyň wekilleri geçdiler.