Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin “Ruhy tagzym” ýadygärligine gül çemenini goýdy. Şu pursat pajygaly gijede 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň gazaply söweşlerinde gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym we tutuş ömrüni asylly işe — ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan atasy Berdimuhamet Annaýewi ýitiren döwlet Baştutanymyzyň hasratyny tüýs ýürekden paýlaşýanlaryň ählisini hakyky duýgudaşlyk gurşap aldy.Tebigy betbagtçylykda ömür tanaplary kesilenler, gurban bolan Watan goragçylary baradaky halk hasratynyň özboluşly sazly senasyna öwrülen gamgyn “Keçpelek” sazy ýaňlanýar.Halkymyz ruhubelentlik hem-de özüniň belent ynsanlyk borçlaryna wepalylyk ýaly ýokary ahlak häsiýetleri bilen ykbalyň agyr kynçylyklarynda ruhdan düşmän, olary ýeňip geçmegi başardy. Taryhyň agyr synaglaryndan geçen halkymyz mähriban şäherimiz Aşgabady täzeden dikeltdi hem-de ony dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine, parahatçylygyň, asudalygyň, bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň paýtagtyna öwürdi. Baş şäherimiz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasynyň netijesinde aýratyn gözel görke eýe boldy, geljekde bolsa onuň has-da ösdürilmegi we gözelleşdirilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Şunuň ýaly gysga möhletde, gözümiziň alnynda amala aşyrylan işlere, ýetilen sepgitlere, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe görlüp-eşidilmedik belentliklere ýeten halkymyzyň döredijilik kuwwatyna guwanmazlyk mümkin däl!Soňra milli Liderimiz faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de mähriban Watanymyzyň erkinligi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen “Milletiň ogullary” we “Baky şöhrat” ýadygärlikleriniň etegine güýz gülleriniň çemenini goýdy. Bu pursatlar halkymyzyň türkmen topragynyň merdana ogullary baradaky öçmez-ýitmez hakydasynyň nyşanyna öwrüldi.Bu gün halkymyz Watanymyzyň Garaşsyzlygy ugrundaky göreşde duşmanyň agdyklyk edýän güýjüne mertlerçe gaýtawul beren merdana esgerlerimiziň gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egýär. Gahrymançylykly taryhymyzy ýatlamak bilen, biziň her birimiz gaýduwsyz pederlerimiziň ruhlaryny hatyralaýarys. Atlary rowaýata öwrülen gahrymanlaryň edermenligi baradaky ýatlamalar dowamat-dowamdyr.Ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda gaýtalanmajak mertlik, harby borja ygrarlylyk, mähriban topragymyza çäksiz söýgi görkezdiler. Şolaryň hatarynda milli Liderimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň durmuş ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watansöýüjiligiň hem-de borja wepalylygyň nusgasydyr.Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi gül desselerini goýýarlar.Syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem olara goşulýarlar. Sanlyja wagtyň içinde köp sanly gül desseleri ýadygärligiň öňüni örtýär.Döwlet Baştutanymyz ýadygärlikler toplumynda halkymyzyň hem-de Watanymyzyň öňünde bitiren gahrymançylygy bilen taryhda öçmejek yz goýan, geljek nesilleriň bagtyýar durmuşy we eziz Diýarymyzyň asudalygy üçin şirin janyndan geçen meşhur şahsyýetleriň keşbini suratlandyrýan diwar şekillerini synlady. Şeýlelikde, halk gahrymanlaryny hormatlamak ýörelgeleri täze döwre laýyklykda ösdürilmelidir.Hormatly Prezidentimiz ýadygärlikler toplumynyň ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ornuna ünsi çekip, mekdep okuwçylarynyň hem-de talyplaryň topluma ýygy-ýygydan gelmegini guramagyň zerurdygyny, ýaşlarda merdana halkymyzyň beýik taryhyna buýsanjy hem-de hormaty, milletimiziň gahrymançylykly taryhyny yzygiderli öwrenmäge höwesi döretmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady. Munuň üçin ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we beýleki ugurdaş düzümleriň bilelikdäki tagallalary zerurdyr. Özleriniň gahrymançylygy, watansöýüjiligi bilen taryhda öçmejek yz goýan pederlerimiziň nusgalyk ömürleriniň geljek nesillere ýetirilmeginde bu gymmatlyklara möhüm orun degişlidir. Olaryň ýaşlaryň aňynda we kalbynda mäkäm ornaşmagy ugrunda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi hem-de degişli ýolbaşçylara bu barada tabşyryklary berdi.“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen hatyra çäresi gadymy türkmen topragynda beýik pederlerimiziň däpleriniň dowam etdirilýändiginiň ýene bir aýdyň nyşany boldy. Bu gün halkymyzyň ýokary ruhubelentligi, erkin, rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzda asuda ýaşamak we zähmet çekmek üçin nesilleriň hakydasynyň arabaglanyşygynyň ähmiýetine has-da gowy göz ýetirýärsiň.