Ministrler
Kabinetiniň 1-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň
barşynda wise-premýer S.Berdimuhamedow hormatly Prezidentiň garamagyna
Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan taýýarlanan 2022-nji ýylda
Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň şygarynyň
we nyşanynyň taslamalary hödürlenildi. Şolar geçirilen bäsleşigiň netijeleri
boýunça seçilip alyndy.
Milli
Lider Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýylda geçiriljek ýazuwyň baş maksadynyň
ilatyň demografik düzümi hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş-ykdysady ýagdaýy
barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdygyny belledi. Munuň özi döwletimiziň
mundan beýläk-de ösmegi üçin ygtybarly binýady goýmaga mümkinçilik berer.
Döwlet
Baştutany “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek” diýen
şygaryň hem-de nyşanyň hödürlenen taslamalaryny makullady. Nyşanda Döwlet
baýdagy, türkmeniň ak öýi, türkmen halysynyň gölleri hem-de çäräniň geçirilýän
ýylyny alamatlandyrýan “2022” san şekillendirildi. Milli Lider bu çäräni
halkara talaplara laýyklykda, üstünlikli geçirmek maksady bilen, oňa
taýýarlanmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.