Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» ylmy-nazaryýet žurnalda çap edilen makalalaryň özenini düzýän sowal-jogap, seljeriş we statistiki maglumatlar milli Liderimiziň köpugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny şöhlelendirýär.
Ýylda bir gezek çapdan çykýan žurnalda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli we demokratik özgertmeleriň esasy ugurlary hem-de wezipeleri aýdyň açylyp görkezilýär.
Geçen 2020-nji ýyl ýurdumyzyň ýyl ýazgysyna möhüm wakalar bilen girdi. Şolarda ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmakda hem-de sanlylaşdyrmakda, döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmekde, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda ata Watanymyzyň gazanan üstünlikleri we depginli ösüşleri beýan edilýär. Žurnalda ýerleşdirilen makalalaryň esasy mowzuklary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy we 2019-njy ýylda HalkMaslahatynyň mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy boýunça kabul edilen çözgüde laýyklykda badalga berlen konstitusion özgertmeleriň täze tapgyrynyň üstünlikli tamamlanmagy hakda boldy.