13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümiň mejlisini geçirdi, ol düzümiň öňünde goýlan ileri tutulýan wezipelere bagyşlandy we degişli guramaçylyk meseleleriniň hem birnäçesine garaldy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda geçirilen mejlisde türkmen Lideri onuň gün tertibine geçip, şu gün guramaçylyk meselelerine garaljakdygyny aýtdy we şu ýylyň 14-nji aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň guramaçylyk mejlisinde maslahatyň işine ak pata berlendigini belledi. Onuň komitetleri düzüldi, olaryň ýolbaşçy düzümi saýlanyldy.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy M.Taganowyň Türkmenistanyň adalat ministri wezipesine bellenilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň agzalarynyň teklibi boýunça bu wezipä şu komitetiň başlygynyň orunbasary bolup işleýän D.Gulmanowa görkezildi. Ses bermegiň jemleri boýunça ol Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy wezipesine saýlanyldy we ol bu komitetiň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Soňra Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasaryny saýlamak baradaky meselä seredildi. Bu wezipä Halk Maslahatynyň agzasy S.Jumaýew teklip edildi. Ses bermegiň netijeleri boýunça ol komitetiň başlygynyň orunbasary wezipesine saýlanyldy. Şu meseleler boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň degişli Kararlary kabul edildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň ähli tagallalary döwlet bilen jemgyýeti, her bir şahsyýeti sazlaşykly ösdürmegi we olaryň bähbitleriniň deň bolmagyny üpjün etmegi, ýurduň hukuk ulgamyny berkitmegi hem-de kämilleşdirmegi, halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýan kanunlary işläp taýýarlamaga gönükdirilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, dürli ugurlarda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleriň üstünde işlenilmelidir.