Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň täze we döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Häzir Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depgini barha artýar. Munuň özi türkmen Lideriniň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Tutuş Türkmenistanda bolşy ýaly, bu sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň derejesi hem barha ýokarlanýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň barşynda bu ýerde Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň guruljak ýerine geldi hemde bu ýerde Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň gurulýan desgalar direksiýasynyň ýolbaşçysy D.Orazowyň alnyp barylýan işler baradaky hasabatyny diňledi.

Türkmenistanda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek we olara bilim bermek babatynda toplumlaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şu maksatlardan hem-de «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeden ugur alnyp, halkara ölçeglere kybap gelý än, iň täze tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen çagalar baglarydyr sagaldyş merkezleri, orta mekdepler yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Munuň özi Türkmenistanda her bir maşgalanyň abadan durmuşda ýaşamagyna, ýaş nesilleriň milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň gurulýan desgalar direksiýasynyň ýolbaşçysy D.Orazow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy bu ýerde bina edilýän durmuş we beýleki maksatly desgalaryň taslamalary, şol sanda Çagalar-sagaldyş merkeziniň toplumynyň şekil taslamalary bilen tanyşdyrdy. Şekil taslamalarynda merkeziň dolandyryş binasy, saglyk nokady, onuň otaglarynyň içki görnüşleri, 2 gatly 20 orunlyk awtoduralganyň we onuň ýerleşjek ýeri görkezildi.

Soňra Prezident Gurganguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň şekil taslamasy bilen tanyşdy. Taslamany düzüjiler ony şu ýerde uzak bolmadyk ýerde ýerleşen, halkymyzyň gadymy taryhy ýadygärlikleriniň hatarynda mynasyp orun eýelän Paryzdepäniň mysalynda taýýarlapdyrlar.

Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna beýikligi 115 metr boljak Baýdak sütüniniň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, şol sanda guruljak duralgalaryň, olaryň içinde oturdyljak oturgyçlaryň, yşyklandyryjylaryň, ulanyljak içki bezeg serişdeleriniň, ýerasty geçelgeleriň şekil taslamalary hödürlendi.

Türkmen Lideri görkezilen taslamalary makullap, olar durmuşa geçirilende, ýokary hiliň üpjün edilmelidigine aýratyn ünsi çekdi.

Belläp geçsek, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyna 2019-njy ýylyň aprelinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ak pata berildi.


Yza

Şeýle hem okaň