Gurbanguly Berdimuhamedow bank işgärlerini we türkmen halkyny milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bank ulgamynyň işgärlerini hem-de türkmen halkyny her ýylyň 1-nji noýabrynda bellenilýän milli manadyň dolanyşyga girizilen güni bilen gutlady. Şu ýyl türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilenine 28 ýyl bolýar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen gutlagynda şeýle setirler bar.

Eziz watandaşlar! Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän we «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ulgamy bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Häzirki döwürde bank ulgamynyň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler döwlet syýasatymyzda möhüm orny eýeleýär. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, töwekgelçilikleri we maýa goýumlaryny dolandyrmagyň netijeli usullaryny ýokarlandyrmagyň, korporatiw dolandyrmak ulgamyny ösdürmegiň hem-de işewürlik ýagdaýlaryny kämilleşdirmegiň, bankyň girdejisini we düşewüntliligini artdyrmagyň esasynda durnukly ösüşi üpjün etmek geljek üçin möhüm wezipeleriň biridir.

Milli maksatnamalarymyzyň işjeň durmuşa geçirilmegi halkara giňişlikde-de öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşine halkara guramalar tarapyndan hem oňyn baha berilýär. Dünýä ykdysadyýetinde çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýändigine garamazdan, ýurdumyzyň halkara maliýe derejesi has-da pugtalandyrylýar. Muňa halkara derejeli agentlik tarapyndan Türkmenistana kesgitlenen derejeler şaýatlyk edýär.

Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!

Häzirki döwürde ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, bank hyzmatlary hem ösýär. Hasaplaşyklaryň tizligini, serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak maksady bilen, bank ulgamynda elektron tölegler ulgamynyň gerimi giňelýär. Ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşi ilatymyzyň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. Gazanylýan üstünlikler ýurdumyzda amala aşyrylýan pul-karz, salgyt-býujet, nyrh emele getiriş, maýa goýum syýasatynyň netijelidiginiň aýdyň görkezijisidir. Bu ýetilen sepgitleri Halkara Pul Gaznasy, Bütindünýä banky we beýleki abraýly halkara guramalar tassyklaýar.

Biz geljekde-de ýurdumyzyň pul-karz syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetimiziň önümçilik maksatly ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmaga, kiçi önümçilikleri höweslendirmäge, ilat üçin karz-maliýe serişdeleriniň möçberlerini köpeltmäge, karz göterimleriniň mundan beýläk-de elýeterli bolmagyny gazanmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, iň täze innowasion, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns bereris.

Eziz watandaşlar! Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!

Sizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň milli pul birligi bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.


Yza

Şeýle hem okaň