30-njy oktýabrda Aşgabatda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda taýýarlanylan möhüm kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Deputatlar “Döwet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda”; “Poçta aragatnaşygy hakynda”, “Döwlet ýer kadastry hakynda” (rejelenen görnüşi), “Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda”; “Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda” kanunçylyk taslamalaryna garadylar.
Şeýle hem deputatlar “Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetme girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek we güýjüni ýitiren” diýip ykrar etmek hakynda”, “Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Atmosfera howasyny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda”, “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Kanunlaryň taslamalaryna garadylar.