2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynda sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy esasy täzelik bolar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti ýazýar.
Ýazuwyň elektron planşetleri ulanmak bilen geçirilmeginiň göz öňünde tutulmagy kagyz görnüşindäki ýazgylary çalyşmaga mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň sanly görnüşde ýazuw geçiren ýurt hökmünde abraýyny artdyrmaga, ony geçirmäge taýýarlyk çäreleriniň möhletini ep-esli azaltmaga we maglumatlary geçirmegiň elektron awtomatlaşdyrylan ulgamynyň hasabyna öý hojalyklarynyň sanawyny düzmegiň netijeleriniň takyklygyny ýokarlandyrmaga, wagty tygşytlamaga şert döreder.