Murgap etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2022-nji ýylyň 15-nji iýulynda Murgap etrabynyň medeniýet bölüminde sagat 10:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Murgap etrabynyň Murgap şäheriniň Azady köçesiniň 48-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
800565-4-52-51, 4-51-96
Okamak