Babadaýhan etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2022-nji ýylyň 25-nji iýulynda Babadaýhan etrabynyň Medeniýet bölüminiň edara jaýynda (Gülzar köçesiniň 1-nji jaýy) sagat 10:00-dan-12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Babadaýhan etrabynyň Medeniýet bölüminiň edara jaýy (Gülzar köçesiniň 1-nji jaýy)
Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
(800136) 3-07-40
Okamak