Ak bugdaý etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi, 2022-nji ýylyň 1-nji awgustynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli Ak bugdaý etrap häkimliginiň edara binasynyň kiçi mejlisler zalynda ilata boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Ak bugdaý etrap häkimliginiň edara binasy Watan köçesiniň 1-nji jaýy
Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
(800137) 36-7-14
Okamak