Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Balkanabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2022-nji ýylyň 29-njy iýulynda Balkanabat şäheriniň Atamyrat Annanyýaz ogly köçesiniň ugrynda ýerleşýän, Balkan welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Balkanabat köpugurly sport toplumynda, sagat 10:00-dan-12:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýär.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Balkan welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Balkanabat köpugurly sport toplumy
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
+99322228836, +99322228445.
Okamak