Bagtyýarlyk etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2022-nji ýylyň 9-njy awgustynda S.Türkmenbaşy şaýolynyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara-binasynda sagat 09:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Aşgabat şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolynyň 81-nji jaýy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasy
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi
müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi tel: 92-14-56
Bagtyýarlyk etraby tel: 37-46-68
Berkararlyk etraby tel: 37-46-67
Büzmeýin etraby tel: 33-12-69
Köpetdag etraby tel: 92-71-70
Okamak