Baýramaly şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2022-nji ýylyň 19-njy awgustynda Mary “Çeper” halyçylyk kärhanasynyň Baýramaly önümhanasynyň binasynda sagat 9:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Baýramaly şäheriniň Ýüpek ýoly köçesiniň 1-nji jaýy
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
(800564)-6-93-46/45
Okamak