Türkmen döwlet neşirýat gullugy 2022-nji ýyldan başlap çap edilen neşirleriň elektron görnüşlerini ulanmak üçin töleg alar. Degişli bildiriş edaranyň resmi web sahypasynda ýerleşdirildi.
Ýadyňyzda bolsa, 2019-njy ýylyň başynda ýurduň Döwlet neşirýat gullugy Türkmenistanyň döwlet gazetleriniň we žurnallarynyň iň soňky sanyny PDF görnüşinde göçürip alyp boljak web sahypasyny açdy.
Häzirki wagtda Türkmenistanda neşir edillýän 23 gazet we 7 elektron žurnaly internet sahypada mugt okalýar.
"Kitaplar" bölüminde myhmanlar dürli neşirleri we ähli kanselýariýa harytlaryny satyn alyp boljak onlaýn dükany taparlar. Şeýle hem, web sahypada Döwlet neşirýat gullugyna degişli dükanlar barada maglumatlar hem ýerleşdirilendir.