Çaga doglanda berilýän döwlet kömek puluna doglan çaganyň enesiniň (atasynyň) ýa-da hossarynyň hukugy bardyr.
Perzentlige alnan çaganyň enesine ýa-da atasyna çaga doglanda berilýän döwlet kömek puly tölenilmedik bolsa, doglan gününden dört aýlygyna çenli çagany perzentlige alan ata-enäniň hem çaga doglanda berilýän döwlet kömek puluna hukugy bardyr.