Türkmenistanyň wekiliýeti söwda syýasaty boýunça Merkezi Aziýa forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilleri Aziýa ösüş banky we «Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek we agzasy bolmak arkaly ykdysady birleşme» mowzugy boýunça Halkara söwda merkezi bilen bilelikde Bütindünýä söwda guramasy (BSG) tarapyndan guralan söwda syýasaty boýunça ikinji Merkezi Aziýa forumuna gatnaşdylar.

Sebitiň alty ýurdunyň wekillerini bir ýre jemläp, 3 – 6-njy maý aralygynda Almatyda geçen üç günlük forumda halkara söwdanyň, sebitara haryt dolanyşygynyň dinamikasynyň we ykdysady taýdan birleşmäniň esasy jähetleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň maksatnamasy bu gurama girmek we girenden soňky tehniki kömek, söwda amallaryny sadalaşdyrmak, şeýle hem söwda bilen daşky gurşawyň arabaglanyşygy boýunça mowzuky sapaklary göz öňünde tutulýar. BSG-niň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala çärede esasy mowzukda çykyş etdi, ol öz çykyşynda sebitiň ägirt uly mümkinçiligini belledi we BSG-ä girmegi we onuň agzalygyny sebit hem halkara ykdysady birleşmäni gowulandyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we ykdysady ösüşe ýardam etmek üçin peýdalanmak bolýandygyny nygtady. Sebitiň halkara söwda üçin üstaşyr ýük geçiriş nokady hökmündäki orny barada gürlemek bilen, BSG-niň Baş direktory «Aralyk däliz» ady bilen-de tanalýan Hazaraşa halkara ulag ugrunyň Ýewropa bilen Aziýa arasyndaky gatnaşygy we sebitiň ykdysady ösüşini gowulandyrmak mümkinçiliginiň bardygyny belledi.

Soňky ýyllarda bu däliz boýunça amala aşyrylýan söwda esli derejede ösdi we 2030-njy ýyla çenli möçberi boýunça üç esse artyp biler. BSG-niň gümrük we üstaşyr amallara degişli söwdany sadalaşdyrmak baradaky ylalaşygy söwda çykdajylaryny 11%-den-de köp azaldar. «Sanly» söwda amallaryny sadalaşdyrmak boýunça çäreleri goşmak bilen bolsa, çykdajylar ondan-da köp azaldylyp bilner.

Baş direktor Okonjo-Iweala sebit boýunça birleşmäniň işjeňleşmeginden ruhy kanagatlanma beýan etdi we BSG-ä girmegiň hem onuň agzasy bolmagyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bu tagallalaryny güýçlendirmekde we halkara derejesini berkitmekde edip biljek hyzmatyny nygtady. Ol Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň bu gurama girmek baradaky gepleşiklerde gazanan öňe gidişliklerini belledi.

Türkmenistan 2020-nji ýylyň iýul aýynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň synçysy derejesini aldy, 2022-nji ýylyň fewralynda Ženewada geçen nobatdaky mejlisinde bolsa Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasynyň doly hukukly agzasy hökmünde girmäge arza berdi, munuň netijesinde Türkmenistana goşulýan ýurt (işjeň synçy) dereje bermek barada karar kabul edildi. BSG-ä giriş amalynyň başlanmagy bilen, oňa girmekçi bolýan ýurt resminamalaryň ilkinji toplumyny işjeň taýýarlaýar.

Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça hökümet komissiýasynyň 2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde bolup geçen nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanyň 2020-2025-nji ýyllar üçin daşary ykdysady işiniň ösüşiniň maksatnamasyny», şeýle hem «Türkmenistanyň 2021-2030-njy ýyllar üçin daşary söwda strategiýasyny» durmuşa geçirilmegi nukdaýnazardan Türkmenistan hökümeti bilen BSG-niň arasynda işjeň hyzmatdaşlygyň artyp barýan ähmiýeti nygtaldy. 

Türkmenistanyň wekilleriniň söwda syýasaty boýunça ikinji Merkezi Aziýa foruma gatnaşmagy hem goşulýan ýurtlar bilen, hem-de eýýäm bu gurama giren ýurtlar bilen BSG-ä girmek boýunça tejribe alyş-çalşygy mümkinçiligini ýüze çykardy.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň