BMG-niň baş sekretary Türkmenistanyň jemgýetçilik maksatnamalaryny durmuşa geçirmekdäki üstünliklerini belläp geçdi

17-nji oktýabrda Aşgabatda GDA-nyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçirildi. BMG-niň baş sekretary Sergeý Lebedew mejlise gatnaşyjylara iberen ýüzlenmesinde Türkmenistanyň ilatyň durmuş abadançylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirýändigini aýratyn belläp geçdi.

Sergeý Lebedew bu maksatnamalaryň "Döwlet adam üçindir!" şygary astynda geçirilýändigini aýratyn nygtady. Bu bolsa raýatlarynyň abadançylygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny görkezýär. Şeýle hem ol bu tejribäniň Arkalaşyga degişli beýleki döwletler üçin nusga bolup, Arkalaşygyň durmuş syýasatynyň ösmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Mundan başga-da, mejlisde pensiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, zähmet we ilaty goramak ugurlary boýunça öňdebaryjy tejribeleri alyşmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sergeý Lebedew Arkalaşyga agza döwletleriň jemgyýetçilik we zähmet ugurly gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagy üçin bilelikdäki hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtady.

Mowzuk boýunça goşmaça okaň:

Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň mejlisi öz işine başlady

Aşgabatda Türkmenistanyň işewür-jemgyýetçilik ugry boýunça gazanan üstünlikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan GDA-nyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşine başlyklyk etmegi kabul etdi


Yza

Şeýle hem okaň