Olga Kremskaya: Türkmenistan GDA-nyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisine taýýarlyk görmekde uly işleri geçirdi

Aşgabatda geçirilýän GDA-nyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisiniň dowamynda, Geňeşiň sekretariatynyň başlygynyň orunbasary Olga Kremskaya çäräniň guramaçylyk derejesi we mejlisiň netijelerinden garaşýan umytlary barada beýan etdi.

Türkmenistanyň mejlise taýýarlyk görmekde örän uly işleri alyp barandygyny we bu işleriň mejlisiň her bir tapgyrynda görlüp durandygyny belläp geçdi. Çäräniň gün tertibi raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygy, zähmet bazary we iş ýerleriniň howpsuzlygy bilen baglanyşykly möhüm meseleleri öz içine alýar. Şeýle hem şu günki duşuşygyň çäginde, geljek ýylda belleniljek Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna taýýarlyk çäreleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

"GDA agza ýurtlarynyň hemmesinde bu şanly senä gabatlap möhüm çärelere taýýarlyk görülýär" diýip, Olga Kremskaya aýtdy.

Maslahatyň netijeleri barada aýdyp, GDA-nyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň sekretariatynyň başlygynyň orunbasary maslahatyň netijeleri barada aýdyp, Türkmenistanyň bu geňeşe ýolbaşçylyk edip, bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmekde işjeňligini dowam etdirjekdigine ynam bildirdi: "Biz ähli meýilleşdirilen çäreler üstünlikli durmuşa geçiriler diýip umyt edýäris. Russiýa Federasiýasy we Özbegistan Respublikasy bilelikde başlyklyk edijiniň borçlaryny ýerine ýetirer. Meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde işewür toparlarynyň duşuşyklarynyň geçirilmegi we GDA ýurtlarynda durmuş taýdan goraglylygy gowulandyrmaga ýardam berjek täze resminamalara gol çekilmegi meýilleşdirilýär."

Mowzuk boýunça goşmaça okaň:

Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň mejlisi öz işine başlady

Aşgabatda Türkmenistanyň işewür-jemgyýetçilik ugry boýunça gazanan üstünlikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan GDA-nyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşine başlyklyk etmegi kabul etdi


Yza

Şeýle hem okaň