Igor Starowyýtow: Aşgabatdaky mejlis GDA ýurtlarynyň durmuş syýasatynda täze ugurlary açmaga itergi berýär

Aşgabatda geçirilen GDA-nyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisinde Belarus Respublikasynyň Zähmet we Ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary Igor Starowyýtow çäräniň ýokary derejede gurnalandygyny belledi.

«Bu gezekki mejlis guramaçylyk taýdan ýokary derejä eýe bolýar. Mejlis bökdençsiz dowam edýär. Şeýle owadan şäherde bolmak ýakymly, Aşgabatda her bir künjegj däl, mejlisiň geçirilýän ýeri hem bizi haýran galdyrdy. Bu ýerdäki gatnaşyklaryň dost-doganlyga esaslanýandygy duýulýar. Guramaçylar mejlise gatnaşyjylaryň hiç hili oňaýsyzlyk duýmazlygy üçin ähli şertleri döredipdirler» diýip, Igor Starowyýtow belledi.

Mejlisiň çäginde GDA ýurtlarynda ilatyň goragy we zähmeti bilen baglanyşykly esasy meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Starowyýtow, geňeşiň iş toparlary tarapyndan ýylyň dowamynda ýerine ýetirilýän işleriň ähmiýetini nygtady: «Her ýyl geçirilýän bu mejlisler diňe bir "aýaz dagynyň" ýokarky bölegidir. Esasy işler ýylyň dowamynda alnyp barylýar. Biz netijeleri jemleýäris we geljek üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitleýäris. Häzirki wagtda GDA-nyň ýerine ýetiriji komiteti iş bilen üpjünçilik, zähmeti  we ilaty goramak meseleleri boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi, eýýäm çözülmeli täze wezipeler öňe sürüldi».

Zähmeti kadalaşdyrmak meselelerine we Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmäge aýratyn üns berilýär. «Weteranlary goldamak we bu şanly senä taýýarlyk görmek biziň umumy wezipämizdir, bu diňe bir aýry-aýry ýurtlar üçin däl, eýsem bütin GDA ýurtlary üçin möhüm waka bolup durýar. Bu duşuşyklar degişli çärelere görülýän taýýarlyk işlerini, iň ýokary derejede bolmagy üçin tagallalary birleşdirmäge kömek edýär» diýip, Starowyýtow belledi.

Mowzuk boýunça goşmaça okaň:

Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň mejlisi öz işine başlady

Aşgabatda Türkmenistanyň işewür-jemgyýetçilik ugry boýunça gazanan üstünlikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan GDA-nyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşine başlyklyk etmegi kabul etdi


Yza

Şeýle hem okaň