Gulnora Hasanzoda durmuş meseleleriniň çözülmeginde Türkmenistanyň alyp barýan işlerine ýokary baha berdi

Aşgabatda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisiniň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Zähmet, migrasiýa we ilatyň iş üpjünçiligi ministri Gulnora Hasanzoda duşuşygyň guramaçylygyna we zähmet bazary hem-de ilaty goramak boýunça möhüm meseleleriň çözülmeginde Türkmenistanyň ornunyň ýokarydygyny nygtady.

Ministr maslahatyň dostlukly ýurt bolan Türkmenistanyň çäginde geçirilýändigini, munuň bolsa diňe bir Geňeşiň netijeli işlemegine ýardam etmän, eýsem, bar bolan meseleleriň oňyn we işjeň ara alnyp maslahatlaşylmagyna mümkinçilik döredýändigini belläp geçdi. Ol ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň arasynda ilatyň iş bilen üpjünçiligi, migrasiýa we ilaty durmuş taýdan goramak meselelerini aýratyn nygtap, GDA ýurtlarynyň bu ugurlarda tagallalarynyň birleşdirilmeginiň möhümdigini belledi.

Ministr şeýle-de, maslahatyň möhüm wakalarynyň biri hökmünde, geljek ýyl üçin Türkmenistanyň Geňeşiň başlyklyk wezipesini alandygyny aýratyn begenç duýgusy bilen belläp geçdi. Hasanzoda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda ykdysady we durmuş ugurlary boýunça meseleleriň netijeli çözgütleriniň tapyljakdygyna, şeýle hem GDA ýurtlarynyň zähmet bazaryndaky hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösdürilmäge dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Mowzuk boýunça goşmaça okaň:

Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň mejlisi öz işine başlady

Aşgabatda Türkmenistanyň işewür-jemgyýetçilik ugry boýunça gazanan üstünlikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan GDA-nyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşine başlyklyk etmegi kabul etdi


Yza

Şeýle hem okaň