Şu ýylyň 9 aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde ýurdumyzda jemi öndürilen önümiň, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,9 göterim artandygy bellenildi. Bu netijeler hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip taýýarlanan maksatnamalaryň, şeýle-de dünýä ykdysadyýetindäki çökgünlik hadysalarynyň Türkmenistana edip biljek oňaýsyz täsirleriniň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginleriniň birjik-de gowşamaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan oňyn netijeler ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatynyň döredýän mümkinçilikleri ösüşiň ykdysady we durmuş şertlerini özara baglanyşdyrmagyň möhüm mehanizmi bolup durýar. Aslynda, ykdysady ulgamyň ösüşi birnäçe makroykdysady görkezijiler arkaly kesgitlenilýär. Şunda öndürilen jemi içerki önümiň ýurdumyzyň çäklerinde ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we döredilen, goşulan gymmatyň möçberleriniň aňlatmasy bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň häzirki ýagdaýyna baha bermekde Döwlet býujetiniň orny uludyr. Ol ykdysadyýetiň maliýe ýagdaýyny häsiýetlendirýän görkezijidir. Hususan-da, býujetiň çykdajylar bölegi häzirki wagtda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şu ýylyň geçen 9 aýynda bu maliýe resminamasynyň çykdajylar böleginiň 80,3 göteriminiň durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmegi bolsa, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmagy, durmuş-ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmagy baş maksady hökmünde kesgitlenen durmuş syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýar.
Milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini maýa goýum serişdelerinden üzňe üpjün etmek mümkin däldir. Häzirki döwürde Türkmenistanda iri maýa goýum serişdeleriniň diňe bir önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegine däl, eýsem, durmuş ulgamyna hem uly möçberlerde gönükdirilmegi umumy ösüşiň ýokary derejesiniň gazanylmagyna hem-de ilatyň mynasyp ýaşaýyş durmuşynyň üpjün edilmegine şert döredýär. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,6 göterim artmagy ýurdumyzda maýa goýum syýasatynyň maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýandygyny, şol bir wagtda onuň işjeň häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Maýa goýumlar ykdysady ösüşiň iteriji güýji bolup durýar. Bu serişdeler täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmegiň we bar bolanlaryň durkuny täzelemekde, adam maýasyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde uly orun eýeleýän ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryny ösdürmegiň maliýe çeşmesi bolup durýar. Mejlisde “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde hasabat döwründe göz öňünde tutulan desgalaryň birnäçesinde gurluşyk-gurnama işleriniň alnyp barylýandygy bellenildi. Bu, bir tarapdan, häzirki wagtda ýurdumyzda işjeň maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýän bolsa, beýleki tarapdan, ýene-de birnäçe ýyldan bu gurluşyklaryň tamamlanmagy bilen täze önümçilikleriň, medeni- durmuş maksatly binalaryň işe giriziljekdigini, netijede, müňlerçe täze iş orunlarynyň dörediljekdigini aňladýar.
Türkmenistan bu gün gurujylyk kuwwaty bilen tapawutlanýan ýurtlaryň biridir. Şu ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 4 sany hassahananyň, 5 sany çagalar bagynyň, 6 sany umumybilim berýän edaralaryň, 179,2 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň we desgalaryň, 415,8 müňinedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, 594,6 kilometr aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň tamamlanmagy, şeýle-de häzirki wagtda medeni-durmuş, önümçilik we düzümleýin maksatly desgalarda işleriň dowam etdirilmegi oba ýerlerini döwrebaplaşdyrmak, oba ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak babatynda giň möçberli işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Eksporta gönükdirilen we importyň ornuny tutýan syýasaty oýlanyşykly durmuşa geçirmek ýurduň şu günki we ertirki ösüşini üpjün etmekde wajyp bolup durýar. Şundan ugur alyp, milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyny ösdürmekde täzeçil çemeleşmelere uly orun berilýär. Senagat düzüminiň pudaklaýyn kuwwatlyklaryny, dokma pudagynda serişdeleriň ýokary hilli önümçilik möçberlerini ýokarlandyrmak, dokma senagatyny köpugurly ösdürmek bu pudagyň sazlaşykly ösüşiniň häsiýetli aýratynlygyny emele getirýär. Hormatly Prezidentimiziň taýýar dokma önümleriniň eksportyny artdyrmak, daşary ýurt bazarlarynda türkmen nyşanlary bolan dokma önümlerini giňden ýaýratmagy üpjün etmek babatynda beren tabşyryklary ýurdumyzyň eksport kuwwaty ýokarlandyrmakda bu pudaga aýratyn ornuň degişlidigini ýene-de bir gezek tassyklaýar.
Ýurdumyzda alnyp barýan ykdysady özgertmeleriň esasy maksatlarynyň biri hem ykdysadyýetimiziň kesgitleýji pudaklarynda öndürilýän önümleriň hilini düýpgöter ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şonuň esasynda dünýä bazarynda olaryň mynasyp ornuny eýelemegi üçin zerur bolan şertleri döretmek häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň biridir. Hususan-da, ýokary hilli pagtanyň, ýüpegiň, saryja goýunlaryň ýüňüniň köp mukdarda bolmagy dokma senagatynyň kuwwatynyň artmagyna ýardam edýär. Çig mallaryň senagat taýdan täzeden işlenilmegi netijesinde goşulan gymmaty ýokary bolan, halkara ülňülerine laýyk gelýän dokma önümleriniň köp mukdarda daşarky bazarlara ýerlenilmegini gazanmak alnyp barylýan eksport syýasatynyň möhüm ugrudyr.
Ýurduň ykdysady özbaşdaklygyny üpjün etmekde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligine wajyp orun degişlidir. Häzirki döwürde bu ugurda ýörite işlenip taýýarlanan maksatnamanyň hereket edýändigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Şunlukda bu maksatnamada öňde goýlan wezipeleriň aglabasynyň ykdysadyýetiň hususy bölegine degişlidigini bellemek gerek. Hasabat döwründe Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgininiň 169,5 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgininiň bolsa 109,2 göterime deň bolmagy munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän agrar syýasatyň esasy aýratynlygy döwletiň azyk garaşsyzlygyny ýerli önümçiligiň hasabyna üpjün etmek, şeýle-de oba ilatynyň ýaşaýyş durmuşyny gowulandyrmak we hojalyk işini alyp barmagy üçin amatly şertleri döretmek boýunça kanunlaryň kabul edilýändigi, ykdysady çäreleriň bolsa yzygider amala aşyrylýandygy bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, geçirilen giňişleýin mejlisde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan senagat we azyk harytlarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak, oba hojalyk önümleriniň eksportyny has-da giňeltmek boýunça zerur işleri geçirmek, şeýle-de daşary ýurtlardan getirilýän oba hojalyk harytlarynyň, miweleriň ornuny tutýan ýerli önümleri öndürmäge aýratyn üns bermek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlendi.
Köp ýurtlarda bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem azyk bolçulygyny döretmekde ileri tutulýan ugurlar oba hojalyk pudagyny ösdürmekden ybaratdyr. Ýurduň durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösüşi üçin zerur bolan möçberlerde ilaty azyk bilen, senagaty bolsa oba hojalyk çig maly bilen üpjün etmek maksadyndan ugur alyp, netijeli agrosenagat önümçiligini döretmek döwletiň agrar syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.
Bu gün döwlet Baştutanymyz tarapyndan azyk bolçulygyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler geljekde oba hojalyk ulgamynyň durmuşa gönükdirilen, döwletiň azyk garaşsyzlygyny üpjün edýän we sarp ediş isleglerini kanagatlandyrýan pudak bolman, eýsem, halkara zähmet bölünişigine mynasyp goşulyşmaga, önümçilik kuwwatynyň mundan beýläk-de artdyrylmagy üçin zerur maýa goýumlary çekmäge ukyply düzüm boljakdygyny hem alamatlandyrýar.
«Türkmenistan» gazeti, № 269 (30535). 14.10.2022ý.