Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimizde ähli ulgamlar bedew batly ösüşlere
eýe bolýar. Ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty, aýdyň
başlangyçlary esasynda rowaçly ýollarda diňe öňe barýar. Ähli ugurlar bilen bir
hatarda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň işi
hem has kämilleşýär, döwrebaplaşýar. Ministrlikde hemişelik Bitaraplygymyzyň
şanly 29 ýyllygy mynasybetli köpsanly dabaraly wakalar bolup geçýär. Hemişelik
Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygy Balkan welaýatynda hem toý dabaralaryna
beslenip bellenilýär. Düýn Gyzylarbat şäheriniň ajaýyp künjeginde
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Balkan
welaýatynyň Pensiýa gaznasynyň müdirliginiň Gyzylarbat etrap pensiýa gaznasynyň
bölüminiň häzirki zaman hil ülňülerine laýyk gurlan, täze üç gatly edara
binasynyň ulanyşa girizilmegi hem bu dabaralaryň üstüni ýetirdi.
Garaşsyz hem hemişelik
Bitarap Diýarymyzda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş maksatly
taslamalaryň çäklerinde bina edilip, ähli babatlarda döwrüň ösen
talaplaryna doly laýyk gelýän täze binanyň açylyş dabarasy Balkan welaýatynda
iň iri etrap merkezleriniň biri bolan Gyzylarbat şäherinde juda uludan tutuldy.
Oňa Balkan welaýat Gyzylarbat etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri,
döwletimiziň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýolbaşçylary,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly
nesliň wekilleri, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary ýokary ruhubelentlik bilen
gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň
parasatly baştutanlygynda raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyna, olaryň
ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu
ugurda alnyp barylýan işlerde, iň täze usullara, oňyn tejribelere daýanylýar.
Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky täze bina hem Türkmenistanyň alyp
barýan syýasaty adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip yglan edýän
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy düzgünlerine berk eýermek esasynda dowam
etdirilýändiginiň subutnamasy boldy. Gyzylarbat etrabynda açylan bu täze bina
zähmet ugry boýunça, ilatyň durmyş taýdan goraglylygyny üpjün etmekde täze ugur
bolup hyzmat eder.
Açylyş dabarasynyň
dowamynda çykyş edenler Balkan welaýatynyň halkyny bu möhüm waka bilen
gutladylar we hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny
beýan etdiler. Bu ýerde sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmekliginde ýaňlanan
döwrebap aýdym-sazlar, şowhunly tanslar bu ýere ýygnanan märekä ruhy lezzet
paýlady. Balkan welaýatynyň Pensiýa gaznasynyň müdirliginiň Gyzylarbat etrap
pensiýa gaznasynyň bölüminiň binasynyň gurluşgynda Türkmenistanyň Senagatçylar
we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gözel zaman» hususy kärhanasynyň
gurluşykçylary ýokary derejeli binagärlik ussatlygyny görkezipdirler. Ýokary
derejedäki dabarada myhmanlar il sylagly ýaşulularyň ak pata bermegi bilen
açylan täze bina aýlanyp gördüler. Bina döwrebap kompýuter enjamlarydyr degişli
tehnologiýalar bilen birkemsiz üpjün edilipdir. Bu bolsa hyzmatyň hil
derejesini düýpli ýokarlandyrmaga giň mümkinçilik berer. Iş otaglaryndaky
mebelleriň öz ýurdumyzda öndürilmegi bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Elektrik üpjünçiliginiň, ýyladyş-sowadyş ulgamlarynyň özbaşdak bolmagy
hünärmenlerimiziň öz işlerini bökdençsiz we netijeli alyp barmaklaryna oňyn
täsirini ýetirer.
Dabaranyň dowamynda bu
ajaýyp binanyň gurluşygynda göreldeli zähmet çekenlere sowgatlar gowşuryldy. Balkan
welaýatynyň Pensiýa gaznasynyň müdirliginiň Gyzylarbat etrap pensiýa gaznasynyň
bölüminiň täze binasy hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň durmuşa
geçýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Goý, halkyň asuda durmuşyny üpjün
etmekde, zähmet üstünliklerine ýetmekde giň şertler döredip berýän hormatly
Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman,
işleri rowaç bolsun.