Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara derejesindäki
abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Sebit we halkara guramalary bilen ýola goýlan
hyzmatdaşlyk gatnaşyklary günsaýyn täze derejelere göterilýär. Paýtagtymyz
Aşgabt şäherinde we welaýatlarda geçirilýän halkara maslahatlar hem ýurdumyzyň
daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini görkezýär. Şunda Türkmenistanyň
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy we Arkalaşyga
agza döwletler bilen ýola goýan gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir.
Mälim
bolşy ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş
üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň
nobatdaky 37-nji mejlisini üstümizdäki oktýabr aýynda ýurdumyzda geçirmek bilen
bagly taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Türkmenistan
1992-nji ýyldan bäri GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, migrasiýa we ilaty
durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň agzasy bolup durýar. 2017-nji
ýylyň oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde geçirilen GDA-nyň Sammitinde Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyjy esasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň
strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamasy işlenip taýýarlanyldy we
2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen GDA-nyň döwlet
Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde biragyzdan kabul edildi. Bu Jarnamada GDA
gatnaşyjy döwletleriň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda, şol sanda
zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamlarynda
hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek barada bellenilýär.
Şunuň
bilen baglylykda, Türkmenistan Jarnamada goýlan wezipelerden ugur alyp, GDA-nyň
ykdysady ulgamda hereket edýän pudaklaýyn hyzmatdaşlyk edaralary bilen gatnaşyklary
has-da giňeltmek maksat edinýär.
Ýeri
gelende bellesek, GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty
durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisini geçirmegiň
guramaçylyk meseleleri boýunça 2024-nji ýylyň 14-nji iýunynda göni
wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga GDA gatnaşyjy
döwletleriň ygtyýarly edaralarynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we
GDA-nyň degişli edaralarynyň wekilleri gatnaşyp, onuň dowamynda Maslahat beriş
geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meselelere seredildi hem-de
mejlisiň gün tertibiniň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ählumumy
gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde işjeň orny eýeleýän Garaşsyz,
Bitarap Watanymyz dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ynanyşmagyň, durnukly
ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Şunda ähli gyzyklanma bildirýän
taraplar bilen, ilkinji nobatda, abraýly iri halkara guramalaryň, sebit
düzümleriniň çäklerinde netijeli dialogyň çuňlaşdyrylmagyna aýratyn üns
berilýär.
Hemişelik
Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň
assosirlenen agzasy bolup durýan Türkmenistan GDA agza döwletler bilen
hyzmatdaşlygy deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda, her bir tarapyň milli
bähbitlerini, umumy maksatlary nazara almak bilen alyp barýar. Ýurdumyzyň bu
garaýyşlary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk,
netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, dürli ulgamlarda bilelikdäki iri
taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.
GDA
döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki strategik
hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarly Türkmenistan guramanyň giňişligindäki özara
bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun
bilen baýlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň sammitlerine yzygiderli
gatnaşmagy hem-de öňe sürýän, döwrüň talabyna laýyk gelýän başlangyçlary munuň
aýdyň beýanydyr.
Ykdysadyýet
Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunuň
bilen baglylykda, 2019-njy ýylda Aşgabatdaky GDA-nyň sammitinde türkmen
halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň
başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň
strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnamanyň kabul edilendigini bellemek
gerek. Bu resminama soňra kabul edilen hem-de söwda, senagat kooperasiýasy,
ulag, energetika, maýa goýumlar ulgamlarynda we beýleki pudaklarda ýakyndan
hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan GDA-ny ykdysady taýdan ösdürmegiň 2030-njy ýyla
çenli Strategiýasynyň esasyna goýuldy. Bu ugurlar Arkalaşygyň döwletleriniň
daşarky bazarlarda mynasyp bäsdeşlik edip biljek, hyzmatdaşlara amatly şertleri
teklip edip biljek ugurlarydyr.
Türkmen
tarapy GDA-nyň ykdysady bähbitlerini onuň geografik çäklerinden daşarda
ilerletmegiň, bilelikdäki taslamalara goňşy ýurtlary we sebitleri çekmegiň
möhümdigini bellemek bilen, giň gerimli Demirgazyk — Günorta we Gündogar —
Günbatar düzümleýin geçelgelerini ösdürmek bilen baglylykda, energetika,
ulag-kommunikasiýa düzümlerini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça başlangyçlar
bilen çykyş etdi. Çäk taýdan goňşy we ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklar
bilen baglanyşýan GDA döwletleri häzirki döwürde uly artykmaçlyklara eýedir. Bu
artykmaçlyklaryň doly derejede peýdalanylmagy bolsa ählumumy abadançylygyň
bähbitlerine laýyk gelýär.