BAGTYÝAR DURMUŞYŇ YGTYBARLY BINÝADY

Türkmenistan dünýä ýüzünde durmuş derejeli ýurt hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. 2023-nji ýyl üçin tassyklanan Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 75 göterime golaýynyň durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmegi-de munuň şeýlediginiň subutnamasydyr.

 

Döwlet býujeti kesgitli döwür üçin işlenip taýýarlanylýan maliýe resminamasy bolup, onda býujetiň girdejileriniň we çykdajylarynyň maddalary öz beýanyny tapýar. Şunda onuň girdeji böleginiň çeşmeleri, şeýle-de çykdajylarynyň gönükdirilýän ugurlary häzirki döwürde ýurtda alnyp barylýan durmuş-ykdysady syýasatyň mazmunyna has içgin göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. 2023-nji ýyl üçin 5-nji dekabrda tassyklanan baş maliýe resminamasynyň döwrüň talaplaryndan ugur alnyp taýýarlanylmagy geljek ýylda hem ykdysady ösüşiň durnukly depginleriniň saklanjakdygyny, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň dowam etdiriljekdigini aňladýar.

Ykdysadyýetiň ösüşini býujet arkaly kadalaşdyrmak döwlet kadalaşdyryş işiniň esasy usullarynyň biri bolup, ol durnuklylygy saklamagyň, durmuş meselelerini çözmegiň maliýe esaslaryny emele getirýär. Şunda baş maliýe meýilnamasynyň girdejiler bölegini oýlanyşykly emele getirmek, döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmek wajyp wezipeleriň hatarynda durýar. Bu, esasan, netijeli maliýe guraly hökmünde býujetiň ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine, ony höweslendirmäge, ilatyň durmuş üpjünçilik derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermek maksatlaryndan ugur alýandygy bilen baglanyşyklydyr. Şol sebäpli býujet gatnaşyklarynyň netijesinde pul serişdeleriniň toplanylmagy, bu serişdelerden netijeli peýdalanylmagy bilen bagly wezipeler döwletiň esasy wezipeleriniň biri bolup, ahyrky netijede, ol ýurtda ykdysady öňe ilerlemäni gazanmaga gönükdirilen maliýe syýasatynyň oýlanyşykly durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, bu maliýe-býujet syýasatynyň döwletiň ykdysady strategiýasynda ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenen maksatlardyr wezipelerden ugur almagy zerur şertleriň biri bolup durýar.

Depginli ösüşi üpjün etmek üçin berk maddy binýadyň zerurdygy, hususan-da, onuň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hasabyna gazanylýandygy, şeýle-de önümçilik binýadynyň pugtalandyrylmalydygy tejribeden bellidir. Täze önümçilikleri özleşdirmek üçin milli ykdysadyýete dürli çeşmelerden maýa goýum serişdeleriniň çekilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. 2023-nji ýylda maýa goýumlaryň umumy möçberinden 66,5 göteriminiň önümçilik ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna gönükdirilmegi abadan ýaşaýşyň maddy binýadyny emele getirýän önümçilik kuwwatynyň ösdüriljekdigini alamatlandyrýar. Şunda importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmak, Döwlet býujetine salgytlardan we beýleki töleglerden gelýän pul serişdeleriniň möçberini artdyrmak esasy mesele bolup durýar. Mundan başga-da, täze önümçilikleriň işe girizilmegi täze iş orunlarynyň döredilmegine-de oňyn täsirini ýetirer.

Dünýä döwletleriniň köpüsinde adam maýasy ykdysady, ylmy-tehniki ösüşiň badyna tizlik berýär we bäsdeşlige ukyplylygyň görkezijisi bolup çykyş edýär. Milli ykdysadyýetimiziň täze hil derejesini üpjün etmek syýasatynyň çäklerinde, innowasion ösüş ýoluna daýanýan ykdysadyýeti galkyndyrmak wezipesi, ilkinji nobatda, adam maýasynyň artdyrylmagyny talap edýär. Ýurtlaryň ykdysady ösüşiniň esasyny adamyň täze tehnologiýalary döretmek we özleşdirmek, täze bilimleri almak hem-de ulanmak ukyplary emele getirýär. Şol bir wagtyň özünde-de olaryň artdyrylmagy ýurtda durmuş-ykdysady ilerlemäniň baş şerti bolup çykyş edýär. Netijede, ýurduň ykdysadyýeti üçin diňe bir ýokary hilli esasy maýa zerur bolman, eýsem, jemgyýetiň esasy öndüriji güýji bolan adam maýasynyň ösdürilmegine-de zerurlyk döredýär. Çünki ykdysady ösüş adam maýasynyň derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu maýanyň hiliniň ýokarlanmagy maddy önümçiligiň netijeliliginiň artmagyna getirýär. Ykdysady netijeliligiň ýokarlanmagy bolsa, öz gezeginde, durmuş ýaýrawyny maliýeleşdirmegiň çeşmeleri hökmünde ilatyň we döwlet býujetiniň girdejileriniň artmagyna ýardam edýär. Netijede, durmuş ýaýrawy ilatyň durmuş derejesiniň hil görkezijilerine, ýagny bilimine, saglyk ýagdaýyna, fiziki ösüşine oňyn täsirini ýetirmek bilen, ol ykdysady ösüşiň depginine we netijeliligine-de goşant goşýar.

Geljek ýyl üçin Döwlet býujetinden durmuş we jemgyýetçilik hyzmatlaryna goýberiljek serişdeleriň 39 göteriminiň bilime, 14,1 göteriminiň saglygy goraýşa, 2,6 göteriminiň medeniýete, 34,7 göteriminiň durmuş üpjünçilik ulgamyna, 9,6 göteriminiň ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmegi ýurdumyzyň durmuş strategiýasynda adam maýasyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär. Bu maliýe resminamasynda ylym-bilimi ösdürmäge gönükdiriljek serişdeleriň paýynyň ýokary bolmagy ýurdumyzda bilimler ykdysadyýetini ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan uly tagallalaryň edilýändiginden nyşan. Ýurtda bilim, esasan-da, hünär bilimi ulgamynyň ösen derejesiniň gazanylmagy işçi güyjüniň hiliniň düýpli ýokarlanmagyna getirýändigine dünýä tejribesi şaýatlyk edýär. Mysal üçin, ykdysady taýdan ösen döwletlerde jemi içerki önümiň artyşynyň 80-95 göteriminiň işgärleri taýýarlamagyň, tehnologiýalara we enjamlara siňdirilen täze bilimleriň hasabyna bolup geçmegi ykdysady ösüşi gazanmakda bilimiň ähmiýetiniň ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Şol sebäpli ýurtlar ylmy-tehniki ilerlemäniň dünýä gazananlaryndan netijeli peýdalanmak üçin «adama goýulýan maýanyň» möçberlerini yzygiderli artdyrmaly bolýar. Bu goýumlar diňe bir durmuş ýaýrawynyň pudaklaryna goýberilýän býujet serişdeleriniň artdyrylmagynyň däl-de, eýsem, ilatyň girdejilerini ýokarlandyrmagyň hasabyna amala aşyrylan ýagdaýynda netijeli bolýandygy tejribede subut edilen hakykatdyr. Şeýlelikde, durmuş ulgamyna gönükdirilýän maýa goýumlaryň ykdysady ösüşiň ýokary depginini hem-de önümçiligiň netijeliligini üpjün etmek arkaly özüni doly ödeýändigi-de kanunalaýyk ýagdaýdyr.

Ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäniň esasynda amala aşyrylýan durmuş syýasaty raýatlaryň maddy üpjünçilik derejesiniň yzygider  artdyrylmagyny maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň girdejileriniň yzygiderli artdyrylmagyna aýratyn ünsüň berilýändigi hemmelere mälimdir. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary ilatyň girdejileriniň esasy çeşmeleri bolup durýar. 2023-nji ýylyň býujetinde raýatlaryň durmuş-hal ýagdaýynyň has-da ýokary derejesini gazanmak maksady bilen, geljek ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Bu görkeziji berk ykdysady binýadyň döredilendigini ýene-de bir gezek görkezýär. Dünýä ýurtlarynyň köpüsiniň ykdysady ösüşine ýaramaz täsirini ýetirýän maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam edýän häzirki döwründe ösüş depginimiziň ýokarlanmagy beýleki ugurlar bilen bir hatarda iri durmuş özgertmelerini amala aşyrmakda amatly şertleri döredýär. Bu girdeji çeşmeleriniň «Döwlet býujetiniň I derejesindäki goralýan maddalar» diýlip kesgitlenmegi hem ilatyň girdejilerini döwlet tarapyndan kepillendirmek meselesiniň näderejede wajypdygyny we bu ugurda anykdan-anyk işleriň amala aşyrylýandygyny tassyklaýar.


Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
 başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty
.


«Türkmenistan» gazeti, № 329 (30595). 20.12.2022ý.




Yza

Şeýle hem okaň