DURNUKLY ÖSÜŞIŇ YGTYBARLY BINÝADY

DURNUKLY ÖSÜŞIŇ YGTYBARLY BINÝADY

             

Ilatyň girdejileriniň yzygiderli ýokarlanmagy halkyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulanýandygynyň aýdyň görkezijisi bolmak bilen, ol milli ykdysadyýetiň ösen derejesinden habar berýär. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň 10 göterim ýokarlandyrylmagy döwletimizde durmuş ugurly ykdysady syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny tassyklaýar.

 Ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny has-da pugtalandyrmak, girdejilerini artdyrmak, iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly meselelere has içgin çemeleşilmegi täze eýýamda amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň mazmunyna özboluşly öwüşgin berýär. Halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň baş maksadydyr.

Milli ykdysadyýetiň durnukly ösmegi, adam mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberiniň barha artmagy, beýleki makroykdysady görkezijilerde gazanylýan ösüşler raýatlaryň durmuş goraglylygyny berkitmäge, ilatyň maddy-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, hususan-da, olaryň pul girdejilerini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugrunyň milli ykdysadyýetiň ýokary depginli ösüşini üpjün etmek bilen bir hatarda ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendigini-de aýdyň görkezýär.

Häzirki döwürde önümçiligi höweslendirmek we girdejileri artdyrmak arkaly durmuş-ykdysady ösüşiň täze derejesini üpjün etmek döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ykdysady taýdan teswirlenende, ilatyň girdejileri halkyň durmuş hal-ýagdaýynyň häzirki zaman derejesini häsiýetlendirmek bilen, ol ykdysadyýet bilen durmuş ulgamynyň arasyndaky göni baglanyşygy üpjün edýän görkezijidir. Girdejileriň esasy böleginiň sarp ediş çykdajylaryna öwrülip, ýene-de ykdysady ulgama dolanyp gelmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Beýleki tarapdan, bu baglanyşyk zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hasabyna girdejileriň möçberi artdyrylan ýagdaýynda öňegidişli ösüşiň üpjün edilýändigini aňladýar.

Ilatyň pul girdejileri ýurduň abadançylyk derejesini bahalandyrmakda esasy görkezijileriň biri bolup, onuň yzygider artdyrylmagy ýurtda durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilýändigine, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, durmuş taýdan goraglylyk derejesiniň kepillendirilmegi üçin amatly şertleriň döredilendigine şaýatlyk edýär.

Aslynda, raýatlaryň, maşgalanyň abadan ýaşaýşy köp babatda pul girdejileriniň möçberine bagly bolup durýar. Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary girdeji çeşmeleriniň esasy görnüşleri bolmak bilen, onuň düzümi jemgyýetde bolup geçýän hadysalara baglylykda üýtgeşmelere sezewar bolýar. Mysal üçin, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegi onuň täze görnüşleriniň ýüze çykmagyna itergi berýär, ýagny emläkden ýa-da telekeçilik işinden alynýan girdejiler onuň üstüni ýetirýär. Bazar gatnaşyklarynyň giňden ösdürilmegi zähmet haklarynyň ýokarlanmagyny, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün edilmegini gazanmak wezipeleriniň ähmiýetini artdyrýar. Bu şertleriň üpjün edilmegi durmuş-ykdysady ösüşde ýokary netijeleriň gazanylmagyna mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Gakynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» milli ykdysadyýetiň önümçilik binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen birnäçe wezipeleriň kesgitlenmegi önümçiligiň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna we onuň gurluş taýdan üýtgedilmegine, täze tehnologik ykdysadyýetiň döredilmegine ýardam bermek bilen bir hatarda täze iş orunlarynyň döredilmeginiň, netijede, ilatyň zähmet gidejileriniň artdyrylmagynyň hem baş şerti bolup durýar.

Senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak, sanlylaşdyrmak strategiýalarynyň milli ykdysadyýetiň galkynyşly ösüşini üpjün etmegiň wajyp ugurlary hökmünde kesgitlenmegi, ilkinji nobatda, zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna we ilatyň pul girdejileriniň yzygiderli artdyrylmagy üçin maddy binýadyň döredilmegine ýardam berýändigi bilen ähmiýetlidir. Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan diwersifikasiýa syýasaty şeýle ugurlaryň biridir. Hususan-da, dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň häzirki çylşyrymly şertlerinde diwersifikasiýa syýasatyna ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň we uzak geljekde onuň ösüşe ukyplylygyny üpjün etmegiň netijeli ugry hökmünde garalýar. Mundan başga-da, köpugurly ösüş ugry eksporta gönükdirilen, şeýle-de importy çalyşýan önümleri öndürmek üçin hem amatly şertleri döredýändigi bilen hem özüne çekijidir. Importy çalyşýan syýasatyň durmuşa geçirilmegi, ilkinji nobatda, senagat pudagynyň çalt depginlerde ösdürilmegi bilen aýrylmaz baglanyşykyldyr. Çünki bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýan import önümleriniň ornuny tutýan önümleri öndürmek üçin olaryň ýokary hilli bolmagyny gazanmak hökmany şertleriň biridir. Bu, öz gezeginde, ykdysadyýetiň mundan beýläk-de senagatlaşdyrylmagyna itergi berýär.

Import strategiýasynyň amala aşyrylmagy ýurduň birnäçe ykdysady pudaklarynyň ösmegine öz oňyn täsirini ýetirýär, şeýle-de ol importyň ornuny çalyşýan önümleriň önümçiligini höweslendirmäge mümkinçilik berýär. Şol bir wagtda bu syýasat hökmany suratda milli ykdysadyýetiň önümçilik we tehnologik binýadynyň ösdürilmegini hem-de döwrebaplaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Şunda importy çalyşýan çäreler bilen utgaşyklylykda eksporta gönükdirilen senagatlaşdyrmak syýasatynyň durmuşa geçirilmegi özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Bu, köplenç ýagdaýda, beýleki döwletlerde öndürilen önümleriň, ýagny goşulan gymmaty bilen tapawutlanýan taýýar senagat önümleriniň ýa-da senagat taýdan gaýtadan işlenen daşary ýurt önümleriniň ýurda getirilýändigi bilen baglanyşyklydyr. Şol sebäpli ýurduň içinde öndürilýän import önümleriniň ornuny tutýan önümleriň bäsdeşlige ukyplylygy zerur şertleriň biri bolup, ol hemişe önümçiligiň döwrebaplaşdyrylmagyny, onuň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny we täze önümleriň özleşdirilmegini talap edýär. Şunda täze tehnologiýalaryň ýokary derejede ösdürilmegi, şeýle-de ykdysady taýdan işjeň ilatyň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagy öňde duran maksatlaryň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin mümkinçilikleri döredýär. Täze önümçilikleriň işe girizilmegi, öz gezeginde, raýatlatlaryň girdeji çeşmeleriniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Geljek 30 ýylda zähmete hak tölemegiň çygrynda bellenen maksatlara ýetmek üçin aýlyk haklarynyň we zähmet öndürijiliginiň deňagramlylygyny üpjün etmek meseleleri öz wajyplygy bilen tapawutlanýar. Häzirki döwürde ilatyň girdejilerini ýokarlandyrmak barada durmuşa geçirilýän özgertmeler geljekde bu ugurda amala aşyryljak işlerde, ilkinji nobatda, adam bähbitlerinden ugur alynjakdygyna ynamy pugtalandyrýar.

 2008-2022-nji ýyllarda Türkmenistanda

pensiýalary, döwlet kömek pullaryny tölemäge gönükdirilen maliýe serişdeleriniň ösüşi

(2007-nji ýyla garanyňda, %-de)   

    DIAGRAMMA 1


                          

2008-2021-nji ýyllarda Türkmenistanda

ortaça zähmet hakynyň ösüşi

(2007-nji ýyla garanyňda, %-de)

 DIAGRAMMA 2



Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
 başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty
.

«Türkmenistan» gazeti, № 11(30616). 13.01.2023ý.



Okamak
Yza

Şeýle hem okaň