DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BÄHBIDINE TAGALLALAR

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçiriljek günleri barha ýakynlaşýar. Bu forum ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden gözbaş alýan daşary ykdysady syýasatymyzda gazanylan nobatdaky üstünligiň ykrarnamasy bolup, ol türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän “Dialog – parahatçylygyň kepili” ýörelgesiniň oňyn netijelerini äşgär edýär. 

Barha ählumumylaşýan dünýäde ýurtlaryň arasyndaky özara baglanyşyk    has-da güýçlenýär. Hususan-da, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda durnukly ösüşi üpjün etmek meseleleri ýurtlary dostlaşdyrýan, döwletleri birleşdirýän Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüşiň maksatlary boýunça Gün tertibiniň maksatlarydyr wezipelerinde möhüm orny eýeleýär.


Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýerleşýän giňişlikleri dünýä ummany ýa-da deňiz bilen araçäkleşmeýär. Häzirki döwürde dünýä ummany bilen serhetleşmeýän 44 döwlet bolup, olaryň 32-si ösüp barýan ýurtlardyr. Olaryň deňze elýeterliliginiň ýokdugy dünýä bazarlaryndan üzňe we söwda çykdajylarynyň ýokary bolmagyna getirýär. Netijede, geografik ýerleşişi bilen şertlendirilen şeýle çäklendirmeler belli bir derejede bu ýurtlaryň ykdysady ösüşinde päsgelçilik döredýär. Şunda kenarýaka portlara göni çykalgasynyň bolmazlygy sebäpli, bu ýurtlar halkara bazarlara çykmak üçin üstaşyr geçirýän döwletlere bil baglamaly bolýarlar. Bu ýagdaýyň amatsyz täsiri ulag çykdajylarynyň ýokarlanmagynda, harytlary ýerlemek üçin sarp edilýän wagtyň artmagynda öz beýanyny tapýar. Şeýlelikde, bu döwletler ähli ösüp barýan ýurtlara mahsus bolan umumy meselelerden başga-da, ýokary söwda we ulag çykdajylary bilen ýüz-ýüz bolýarlar. Daşarky bazarlara harytlary çykarmak we olary beýleki ýurtlardan getirmek bilen bagly ulag çykdajylary, goňşy döwletlere garanyňda, ortaça iki esse ýokary bolýar. Ulag bilen bagly çykdajylaryň önümiň özüne düşýän gymmatynyň düzümine girýändigini nazara alsak, onda ony daşamakda päsgelçilikleriň bolmagynyň önümiň bahasynyň ýokarlanmagyna getirýändigine, netijede, bäsdeşlige ukyplylygynyň peselýändigine göz ýetirmek bolýar. 

Köplenç ýagdaýda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar bilen serhetleşýän    hem-de üstaşyr geçirýän döwletleriň köpüsiniň ösüp barýan ýurtlara degişli bolmagy olaryň meňzeş ykdysady meseleler bilen çaknyşmagyna getirýän şertlerdir. Şol sebäpli, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar bilen goňşy döwletleriň arasyndaky söwdanyň möçberiniň, adat bolşy ýaly, uly bolmazlygy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Bu ýagdaý dünýä ösüşiniň häzirki şertlerinde hiç bir döwletiň beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmezden, milli ykdysadyýetini özbaşdak ösdürmäge ukyply däldigini, şol bir wagtda ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde we ýönekeý bolmadyk häzirki şertlerde ony saklamakda söwda ulgamynyň ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. Tejribeden görnüşi ýaly, söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin amatly ulag geçelgeleriniň bolmagy zerur şertleriň biridir. Öňde duran halkara forumda ulag infrastrukturasyny ösdürmek boýunça köp sanly taslamalaryň, olaryň maliýeleşdirilmegi bilen bagly teklipleriň hödürlenilmegine garaşylýar. Olaryň durmuşa geçirilmeginiň, öz gezeginde, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlarda durnukly ösüşi çaltlandyrmaga, üstaşyr ýük daşalyşynyň gymmatynyň peselmegine we hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam berjekdigi gümansyzdyr. 

***

Häzirki döwürde ýurtlaryň arasynda özara baglanyşygyň güýçlenmegi olaryň milli bähbitlerini sazlaşdyrmak meselesi babatynda täzeçil garaýyşlaryň kemala getirilmegine zerurlyk döredýär. Özara hyzmatdaşlyk, asyl manysynda, haýsy-da bolsa bir mesele boýunça dürli ýurtlaryň tagallalarynyň birleşdirilmegi esasynda bar bolan kynçylyklary aradan aýyrmaga, durnukly ösüşi çaltlandyrmaga mümkinçilik berýändigi bilen ähmiýetlidir. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara degişlilikde göz öňünde tutulýan özara hyzmatdaşlygyň ugurlary babatynda hem bu hakykat ulanarlyklydyr.

Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda - “Awazada” geçiriljek bu halkara çärä deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň düzümine girýän 32 döwletiň hem-de BMG-niň beýleki agza ýurtlarynyň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, BMG-niň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, halkara maliýe guramalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gyzyklanma bildirmekleri durnukly ösüşi üpjün etmek üçin onuň näderejede wajyp bolup durýandygyny, şeýle-de şol ýurtlaryň tebigy baýlyklaryny we uly mümkinçiliklerini ösüşiň hatyrasyna ulanmaga taýýardygyny aýan edýär. 

Islendik döwletiň ykdysady syýasaty milli bähbitlerden ugur alyp, şol ýurduň ykdysady garaşsyzlygyny goramagyň, durnukly ösüşiň dowamlylygyny üpjün etmegiň möhüm şertidir. Her döwletiň milli bähbitleriniň bardygyny, şol bir wagtda köpdürlüdigini nazara alsak, onda birnäçe döwletleriň arasynda olary sazlaşdyrmak meselesiniň örän çylşyrymly mesele bolup durýandygyna göz ýetirmek bolýar. Ykdysady meseleler boýunça döwletara gepleşikleriň geçirilmegi, halkara derejede forumlaryňdyr duşuşyklaryň guralmagy dünýä tejribesinde milli bähbitleri sazlaşdyrmakda oňyn netijelerini görkezen gurallaryň biridir. Öňde boljak Awaza forumy hem olaryň biri bolar. Onuň gurşap alýan meseleleriniň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň giňişliginde döwletara gatnaşyklaryň täze görnüşleriniň ösdürilmegine itergi berjekdigini ynamly aýtmak bolar. 

***

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 13-nji iýulynda foruma görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly guramaçylyk döwlet toparynyň maslahaty geçirilip, Gahryman Arkadagymyz halkara maslahatda 7 sany ugurda işleriň alnyp baryljakdygyny belledi. Şol ugurlaryň hersiniň durnukly ösüşi gazanmakda wajyp ornuny aýratyn nygtamak bilen, üçünji ugruň düzüminde göz öňünde tutulan forum, ýagny Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrleriň duşuşygy uly gyzyklanma döredýär. 

Günorta – Günorta ugry boýunça hyzmatdaşlyk durnukly ösüşiň umumy maksatlaryny gazanmak üçin bilimleri, öňdebaryjy tejribäni, tehnologiýalary we serişdeleri alyş-çalyşmak etmäge gönükdirilen ösüp barýan ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň görnüşi bolup durýar. Bu hyzmatdaşlyk raýdaşlyk, özara bähbitlilik we milli özbaşdaklyga hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Hyzmatdaşlygyň bu görnüşiniň ulanylmagynyň möhüm tarapy onuň, ilkinji nobatda, ösen döwletler bilen ösüp barýan ýurtlaryň arasynda bar bolan aratapawudyň derejesini peseltmäge ýa-da öňüni almaga mümkinçilik berýändigi bilen baglanyşyklydyr. 

Ösüp barýan döwletler bu hyzmatdaşlyga goldaw bermek üçin BMG-niň ulgamyndan has işjeň peýdalanýarlar. Hususan-da, Günorta – Günorta hyzmatdaşlygynyň maksatlaýyn gaznasy bolup, oňa maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Häzirki döwürde bu serişdeleriň 70 sany ösüp barýan döwlete durnukly ösüş çygryndaky başlangyçlaryny goldamaga ýardam berendigi, bu işleriň BMG-niň 20 sany ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylandygy bellenilse ýerlikli bolar. 

Bu hyzmatdaşlyk dürli ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmegiň esasynda ykdysady ösüşe päsgelçilik döredýän sebäpleri aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde hyzmatdaşlyk lukmançylyk kömegi, bilermenleriň maslahatlary, özara ynsanperwer we ulag geçelgelerini döretmek, maglumat serişdelerini ulanmak, bilelikdäki ylmy barlaglaryň netijelerini paýlaşmak ýaly ugurlarda ösdürilýär. Şeýle-de oba hojalyk pudagynda, ylymda, tehnologiýalarda, innowasiýalarda we telekeçilikde tejribe alyşmagyň esasynda ösüp barýan ýurtlar innowasiýa we meseleleri çözmek çygrynda öz mümkinçiliklerini artdyrýarlar. 

***

Bu gün Türkmenistan Aziýa we Ýewropa yklymlarynyň arasynda geografik taýdan amatly ýerleşýän döwlet hökmünde ählumumy ösüşe mynasyp goşandyny goşýar. Dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk ýurt bolmak bilen, özüniň ykdysadyýetini gurluş taýdan özgertmäge we üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmäge aýratyn üns berýär. Meselem, Demirgazyk – Günorta (Gazagystan – Türkmenistan - Eýran) we Gündogar - Günbatar (Türkmenistan – Azerbaýjan - Türkiýe) ugurlary boýunça ýollaryň ösdürilmegi ýurduň amatlyklaryny we üstaşyr geçirmek mümkinçiliklerini giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Soňky onýyllykda sebitde durnukly ulag we üstaşyr geçelgeleri ösdürmek üçin uly tagallalar edilýär. “Lapis Lazuli” ýaly üstaşyr ugur, Hazarüsti ugur, TRASEKA ýaly ugurlar sebitleýin ulag gatnaşyklarynyň we goşulyşmanyň giňemegine gönükdirilendir.

Häzirki döwürde bolup geçýän özgerişlikler ulag pudagynda aragatnaşygyň we durnuklylygyň ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenilmegine şert döretdi. Köp ýurtlarda ykdysady, ekologik we durmuş meseleleriniň ýüze çykmagy bilen, ekologik taýdan arassa, netijeli ulag ulgamynyň ösdürilmegine zerurlyk döredi. Şunuň bilen baglylykda, täze geçelgeleri döretmek boýunça öňdebaryjy tejribäni öwrenmek, şeýle-de ozal bar bolanlaryň durkuny täzelemek we olary dolandyrmak, halkara söwda ugurlaryna maýa goýumlary gönükdirmek möhüm bolup durýar. Üstaşyr ulag çygrynda netijeli ulgamyň döredilmegi dünýä ykdysadyýetine ösüp barýan döwletleriň giň toparyny çekmäge mümkinçilik berer. Şunda bu ugurda bar bolan hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ulanmak möhüm bolup durýar.  

Söwda çykdajylarynyň ýokary derejesi bilen bagly meseläniň çözgüdi hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň ösdürilmegini, durnukly we bäsdeşlige ukyply ulag we üstaşyr torlaryny döretmek üçin tehnologiýalaryň ulanylmagyny, maýa goýumlaryň, maliýe serişdeleriniň möçberiniň artdyrylmagyny talap edýär. Bu meseleler öňde duran halkara forumyň esasy meseleleriniň biridir. 

Bu forum ösüp barýan döwletler üçin, şeýle-de ösüş babatynda olaryň hyzmatdaşlary, şol sanda hususy bölege degişli hyzmatdaşlary üçin işewür gatnaşyklary ýola goýmaga we pugtalandyrmaga hem-de bar bolan meselelere ünsi güýçlendirmäge mümkinçilik berer. 

                                                                                                                                                                                                                                                                                       

Maýagözel BABAÝEWA,

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak 

ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň

baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.


«Türkmenistan» gazeti, № 189  (31458) 28.07.2025ý

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň