Sanly tehnologiýalar – döwrümiziň talaby

Sanly tehnologiýalar – döwrümiziň talaby

Häzirki döwürde sanly ykdysadyýet ösüşiň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri bolup durýar. Dürli pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bilen, kärhanalara we telekeçilere täze mümkinçilikler döretmekde, daşary ýurt bazarlaryna, şeýle-de global elektroniki zynjyrlara täze ýollary açmakda sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýetiň ähmiýeti ýokary bolmagynda galýar.

Kompýuterleriň, telefonlaryň, sanly kameralaryň, hemra nawigasiýalarynyň, «bulut» tehnologiýasynyň hasaplamalarynyň we ş.m. giňden ulanylmagy sanly ykdysadyýetiň döremegine we ösmegine itergi berdi. «Sanly ykdysadyýet» adalgasy ilkinjileriň hatarynda kanadaly alym Don Tapskott tarapyndan ulanylyp, internetiň döredilmeginiň we onuň döredýän mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylmagynyň esasynda işewürlik tehnologiýasynyň üýtgejekdigi baradaky çaklamalar onuň «Elektron – sanly jemgyýet» atly kitabynda özüniň beýanyny tapdy.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda uly özgertmeler amala aşyrylyp, Watanymyzyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak, ony halkara derejelere çykarmak ugrunda uly tagallalar edilýär. 2018-nji ýylyň noýabrynda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan çäreleriň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürligi we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga ýardam berýär. Häzirki döwürde onda kesgitlenen maksatlardan we wezipelerden ugur alnyp, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, sanly tehnologiýalary hem-de sanly hyzmatlary ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Soňky ýyllarda, beýleki döwletlerde bolşy ýaly, Türkmenistan Diýarymyzda hem sanly gurşawyň döredilmegi döwlet syýasatynyň strategik ugurlaryň biri hökmünde kesgitlendi. Halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň sanly ulgama geçirilmegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini mundan beýläk hem çaltlandyrmagyň netijeli ýollarynyň biri bolmak bilen, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy ösen ykdysadyýeti kemala getirmegiň esasy şertini emele getirýär. Häzirki döwürde ilata edilýän durmuş hyzmatlaryny sanlylaşdyrmakda amala aşyrylýan giň möçberli işler munuň şeýledigini tassyklaýar.

Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşygyny giňden ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde, Pensiýa gaznasynyň edaralarynyň üsti arkaly geçirilýän pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň töleglerini bank kartlarynyň üsti bilen amala aşyrmak işleri giň gerimde alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän sanly özgertmeler ilkinji nobatda adam bähbitlerine, onuň abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasynda» hem geljekki 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda sanly özgertmeleriň dowam etdiriljekdigi alamatlandyrylýar.

 

 

Serdar GURBANOW,

Türkmenistanyň Pensiýa

gaznasynyň esasy hünärmeni

«Standart , hil we howpsuzlyk» ylmy-tehniki zurnaly, № 4 2022.

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň