DURMUŞ-ZÄHMET GATNAŞYKLARYNY KÄMILLEŞDIRMEKDE ÜÇTARAPLAÝYN ÝÖRELGELERIŇ ORNY

Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen, ýurdumyzyň dünýä bileleşigine mynasyp agza hökmünde goşulyşmagyna ýardam berýär. Bütin dünýäde parahatçylygy üpjün etmek, alyp barýan işlerinde adalatlylygy we ynsanperwerligi esasy ýörelge hökmünde ykrar etmek BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň biri bolan Halkara zähmet guramasynyň (HZG) esasy maksady bolupdy we häzirki döwürde hem şeýle bolmagynda galýar. Bu gurama tarapyndan kabul edilýän Konwensiýalarda, şeýle-de onuň maslahatlarynda durmuş adalatlylygyna esas goýujy ýörelge hökmünde garalýar. Çünki, durmuş adalatlylygy tutuş adamzat üçin wajyp bolan parahatçylygyň esaslaryny emele getirýär. Bu ýörelge işgärleriň zähmet hukuklaryny goramakda, zähmet şertlerini gowulandyrmakda we durmuş üpjünçiligini kämilleşdirmekde özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Hut şu sebäpler Halkara zähmet guramasynyň eýýäm 100 ýyldan hem gowrak wagtyň dowamynda tutuş dünýäde jemgyýetçilik ösüşi üçin öz ähmiýetini ýitirmän galmagyna, gaýtam, ykdysadyýetiň depginli ösüşini üpjün etmekde adam faktorynyň täsiriniň artýan häzirki şertlerinde-de onuň wajyplygynyň has-da ýokarlanmagyna getirdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze menzillerini nazarlaýan Türkmenistan bilen bu halkara guramanyň arasynda ösdürilýän ysnyşykly gatnaşyklar ýurdumyzyň demokratik we hukuk esaslarynyň mundan beýläk-de pugtalanmagyna, zähmet gatnaşyklarynyň döwrebap derejede guralmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzda zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, oňa halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ornaşdyrmak häzirki döwürde zähmet çygrynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu gatnaşyklaryň hukuk binýadyny pugtalandyrmakda Halkara zähmet guramasynyň binýatlaýyn ýörelgelerinden ugur alynýar. Mynasyp zähmet we durmuş adalatlylygy bu gün ýurdumyzda zähmet gatnaşyklaryny ösdürmegiň binýatlaýyn ýörelgeleri bolup durýar.

Türkmenistan HZG-niň agzalygyna 1993-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda kabul edilip, onuň 10 sany Konwensiýalaryna goşulyşdy. Häzirki döwürde bu konwensiýalardan gelip çykýan netijeler ýurdumyzyň zähmet kanunçylygyna giňden ornaşdyrylýar we degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenilip taýýarlanylanda, şolardan ugur alynýar. Bu oňyn netijeler geçen 29 ýyl bäri Türkmenistan bilen HZG-niň arasynda ysnyşykly gatnaşyklaryň ösdürilýändigine, hususan-da, raýatlarymyzyň zähmete bolan konstitusion hukuklaryny goramak, zähmet we önümçilik şertlerini has-da gowulandyrmak, tehniki howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak babatynda bu gurama bilen bilelikde saldamly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

2019-njy ýylda ýurdumyz bu Guramanyň 144-nji «Üçtaraplaýyn maslahatlaşmalar hakynda (halkara zähmet kadalary)» Konwensiýasyna goşulyşdy. Konwensiýa halkara zähmet kadalaryny işläp taýýarlamak we ulanmak maksady bilen, üçtaraplaýyn durmuş hyzmatdaşlygynyň taraplarynyň gatnaşyklaryny kesgitleýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi ýurdumyzda durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn toparyň işini amala aşyrmakda döwlet edarasyna wekilçilik edýän tarapyň utgaşdyryjysy hökmünde bellenen.

Soňky döwürde tutuş dünýä derejesinde durmuş-zähmet gatnaşyklary köp üns berilýän meselä öwrüldi. Bu, ilkinji nobatda, sanly tehnologiýalaryň ösen döwründe ýüze çykýan ykdysady gatnaşyklarda adam faktorynyň ähmiýetiniň ýokarlanýandygy bilen düşündirilýär: onuň erk-islegleri we durmuş hajatlary näçe köp kanagatlandyrylsa, şonça-da ykdysady işiň netijeliligi artýar. Has takygy, işçi güýjüniň goşulan gymmaty döretmäge ukyply öndüriji güýç bolup durýandygyny nazara alsak, onda onuň öndürijilikli işlemegi üçin amatly zähmet şertleriniň, durmuş goraglylygynyň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýän mehanizmiň döredilmegi, şeýle-de höweslendiriş çäreleriniň dogry kesgitlenmegi ýurtda depginli ykdysady ösüşi üpjün etmegiň baş şerti bolup durýar.

Häzirki döwürde üçtaraplaýynlygy pugtalandyrmak we durmuş dialogy goldamak boýunça dünýä möçberinde alnyp barylýan işler durmuş-zähmet gatnaşyklaryny ösdürmekde Halkara zähmet guramasynyň ornunyň örän uludygyna şaýatlyk edýär. Bu guramanyň özi üstünlikli hereket edýän üçtaraplaýynlygyň nusgasyny görkezýär. Durmuş-zähmet gatnaşyklary işgärleriň we olaryň toparlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary we özara baglanyşygy häsiýetlendirýän gatnaşyklar bolup, bu gatnaşyklar, ilkinji nobatda, zähmet durmuşynyň hilini düzgünleşdirmäge gönükdirilendir.

Dünýä ykdysadyýetini düzgünleşdirmekde möhüm guramalaryň biri bolup durýan HZG-niň alyp barýan işiniň düýp mazmuny oňa agza bolup durýan döwletlerde işjeň üçtaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekden, netijeli mehanizm hökmünde iş berijiler bilen işgärleriň arasynda kollektiwleýin gepleşikleri alyp barmakdan ybaratdyr. Şunda durmuş-ykdysady ulgamy kadalaşdyrmak wezipesi döwletiň paýyna düşýär.

Zähmet çygrynda durmuş adalatlylygy ýörelgesiniň üpjün edilmegi, ilkinji nobatda, zähmet çekýän adamyň mertebesiniň goralmagyny aňladýar, ýagny onuň mertebesine gabat gelýän zähmet şertleriniň döredilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Üçtaraplaýyn wekillik wagtyň synagyndan geçen mehanizm bolup, ol häzirki döwrüň talaplaryna uýgunlaşmaga, netijede, ähmiýeti boýunça wajyp bolan täze ugurlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Ösüşiň demokratik ýoluny we bazar ykdysadyýetini saýlap alan ýurtlara ýardam bermek bu halkara guramasynyň esasy wezipeleriniň biri bolup, iş berijiler bilen işgärleriň arasynda gepleşikleri we dialogy geçirmegi öwretmek we taýýarlamak bu ugurda çözülmeli ikinji meseläniň mazmunyny düzýär.

Gepleşikler we dialog arkaly olaryň öňde goýlan wezipeleri ylalaşyp çözmekleri durmuş-zähmet gatnaşyklarynyň netijeliligine özüniň täsirini ýetirýär. Durmuş-zähmet gatnaşyklary bilen bagly meseleleri çözmekde bu gurama öz kadalaryny teklip edýär. Şunda, bu kadalaryň Halkara zähmet guramasyna agza döwletlerde toplanan öňdebaryjy tejribeleriniň esasynda işlenip taýýarlanylýandygy aýratyn bellärliklidir. Bu kadalar halkara guramasy tarapyndan işlenip taýýarlanylýan Konwensiýalarda we maslahatlarda özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Şunda, olaryň hukuk ähmiýetiniň dürli-dürlüdigini nygtamak zerur. Konwensiýalary amala aşyrmak boýunça hukuk borçnama döwletiň paýyna düşýär. Şunuň bilen baglylykda, oňa goşulyşmak, ýagny tassyklamak hökmany şertleriň biridir.

Konwensiýalar bu guramanyň kadalary işläp taýýarlamak işiniň esasy görnüşi bolup, ol dürli döwletleriň zähmet şertlerini kadalaşdyrmaga öz täsirini ýetirýär. Soňky 30 ýylyň dowamynda bu gurama agza döwletleriň birnäçesi özleriniň milli kanunçylyk ulgamlaryny goşulyşan konwensiýalarynyň talaplaryna laýyk getirdiler. Has takygy, şu döwrüň içinde agza döwletler zähmet, ilatyň iş bilen üpjünçiligi we ilatyň durmuş üpjünçiligi çygrynda özüniň milli kanunçylygyny 2000 sany halkara hukuk kadalaryny girizmek arkaly kämilleşdirdiler.

Häzirki döwürde tutuş dünýäde üçtaraplaýyn ýörelge ykrar edilýär. HZG tarapyndan diňe halkara kadalaryň işlenilip taýýarlanmagy ýeterlik bolman, eýsem, onuň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy köp babatda döwlet derejesinde, şeýle-de sebit we halkara derejelerde alnyp barylýan degişli syýasata baglydyr. Durmuş çygyrlary öňe sürlende, ýagny oňa ilkinji nobatda ähmiýet berlen ýagdaýynda amala aşyrylýan işleriň ýokary netije berýändigini wagt görkezýär. Bu kanunalaýyklyk ýurdumyzyň mysalynda aýdyň görünýär.

Ýurdumyzda durmuş-zähmet gatnaşyklaryna ünsüň has-da güýçlenmegi Halkara zähmet guramasy tarapyndan ykrar edilýän «Hemmeler we her kim üçin mynasyp zähmet we durmuş adalatlylygy» ýörelgelerini üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr. Ykdysady ulgama bazar gatnaşyklarynyň giňden ornaşdyrylmagy durmuş-zähmet gatnaşyklarynyň özboluşly görnüşiniň ösdürilmegine şert döretdi. Bu gatnaşyklaryň, esasan iş berijileriň we işgärleriň arasynda ýüze çykýandygyny göz öňünde tutup, olaryň esasy bähbitleriniň deň hukukly hyzmatdaşlyk esasynda üpjün edilmegini gazanmak häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň hatarynda kesgitlendi. Durmuş-zähmet gatnaşyklarynyň esasy maksady zähmet bazarynda, zähmet haklary çygrynda ýagdaýy gowulandyrmakdan, işgärleri durmuş taýdan goramakdan we durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr.

 

2018-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda kabul edilen «Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny raýat jemgyýetiniň möhüm instituty hökmünde durmuş hyzmatdaşlygy barada zähmet kanunçylygynyň maddalarynyň halkara hukuk kadalaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna ýardam bermek bilen, şeýle topary döretmegiň we onuň işiniň hukuk esaslaryny emele getirýär. Ahyrky netijede, ol ýurdumyzda durmuş-zähmet gatnaşyklarynyň dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilmegine itergi berýär.

Dünýäde ýiti ýokanç keseliň ýaýramagy zähmet bazaryndaky ýagdaýa, şol sanda durmuş-zähmet gatnaşyklaryna hem özüniň ýaramaz täsirini ýetirdi. Ählumumy pandemiýanyň bu gatnaşyklara ýetirýän täsirini peseltmek we aradan aýyrmak maksady bilen her döwlet öz içerki durmuş-ykdysady şertlerinden ugur alyp, düzgünleşdirmegiň dürli usullaryndan we gurallaryndan peýdalandylar. Bu ugurda Türkmenistanda hem saldamly işler durmuşa geçirildi. 2020-nji ýylyň 3-nji aprelinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti ýiti ýokanç keseliň ýaýramagynyň dünýä ykdysadyýetine zyýanly täsirini ýetirýändigini, dünýäde emele gelen häzirki ýagdaýlardan ugur alyp, ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş hal-ýagdaýynyň pese gaçmazlygyny gazanmak boýunça ulgamlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň dünýäde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlaryň milli ykdysadyýetimize edýän amatsyz täsirini peseltmek boýunça goşmaça çäreleri görmek hem-de işläp gelýän önümçilikleri we iş orunlaryny saklamak barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işläp gelýän önümçilikleri we iş orunlaryny saklamak meseleleri berk gözegçilige alyndy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 3-nji iýulynda çykaran 1810-njy Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy we onda dürli döwlet edaralary tarapyndan ýerine ýetirilmeli çäreleriň birnäçesi göz öňünde tutuldy. Meýilnama «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda», «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ileri tutulýan ugurlara esaslanýar. Meýilnama boýunça kesgitlenen işleriň 5 ugurlarynyň ikisiniň, ýagny «Durmuş goraglylygyny we binýatlaýyn durmuş hyzmatlaryny üpjün etmek», şeýle-de «Iş orunlaryny goramak, kiçi we orta işewürlige hem-de resmi däl bölegiň işçilerine ýardam bermek» ýaly ugurlar zähmet bazarynyň meseleleri bilen gönüden-göni bagly bolup, ol dünýäde ýüze çykan ýiti ýokanjynyň ýaýran şertlerinde ýurdumyzda döwlet tarapyndan işgärleriň zähmete bolan hukuklaryny goramak boýunça dessin çäreleriň göz öňünde tutulandygyny we birnäçesiniň durmuşa geçirilendigini görkezýär.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi ýurdumyzda zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak çygrynda alnyp barylýan syýasaty durmuşa geçirmäge ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, raýatlaryň zähmete bolan hukuklaryny we durmuş goraglylygyny kepillendirmek maksady bilen, ählumumy pandemiýa bilen bagly ýüze çykan oňaýsyz şertlerde Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, olar, hususan-da, dürli sebäpler bilen wagtlaýyn ýurtdan çykyp giden adamlar üçin pandemiýa döwründe we karantinde bolýan wagtynda zähmet rugsadyny uzaltmak, çökgünlik ýagdaýlarynda tölegli zähmet rugsatlaryny bermäge ygtyýar bermek, iş ýerlerini we zähmet hakyny saklap galmak boýunça döwlet kepillendirmelerini öz içine alýar. Türkmenistanyň Zähmet kodeksine girizilen goşmaça kadalar dünýäde emele gelen ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasy bilen bagly çäreleriň täsirine düşen raýatlaryň zähmet gatnaşyklarynda ýüze çykan meseleleriniň düzgünleşdirilmegi we olaryň durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 6-njy maddasyna girizilen goşmaçalar diňe bir häzirki wagtda emele gelen ýagdaýy düzgünleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem zähmet gatnaşyklarynda bolup biläýjek, taraplaryň erkine bagly bolmadyk (ýeňip aradan aýryp bolmaýan güýjüň bolmagy) sebäpler (fors-mažor) bilen baglanyşykly başga ýagdaýlary hem düzgünleşdirmegiň hukuk esasy bolup hyzmat edýär.

Häzirki döwürde ählumumy pandemiýa bilen baglylykda ýurdumyzyň pensiýa üpjünçiligi ulgamynda hem degişli özgertmeler amala aşyryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 13-nji noýabrynda gol çeken «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, öz erkine bagly bolmadyk sebäplere görä ýurdumyza gaýdyp gelmek mümkinçiligi bolmadyk Türkmenistanyň raýatlaryna ýaşy boýunça pensiýanyň, gulluk ýyllary boýunça pensiýanyň, hünär pensiýasynyň, toplaýyş pensiýasynyň bellenilmegi barada ýazmaça arza bilen, oňa hukugy ýüze çykandan soň gijikdirip ýüz tutan halatynda, olara degişli pensiýa ýüz tutulan wagtyna garamazdan, oňa hukugy ýüze çykan gününden bellenilýär.

Ýurdumyzda ählumumy pandemiýa bilen bagly döwlet tarapyndan amala aşyrylan çäreler durmuş-zähmet gatnaşyklarynyň kemala gelmegine täsir edýän şertleriň köpdügine, hususan-da, durmuş syýasatynyň aýratynlyklarynyň, ykdysadyýetiň ählumumylaşmagynyň, şeýle-de önümçiligiň ösen derejesiniň bu gatnaşyklaryň ösmegine özüniň düýpli täsirini ýetirýändigine şaýatlyk edýär.

 

 

EDEBIÝATLAR:

 

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn toparyň işini amala aşyrmakda döwlet edarasyna wekilçilik edýän tarapyň utgaşdyryjysyny bellemek hakynda» 1242 belgili Karary. 26.05.2019. // Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy – 2019. - № 5, 1146-njy madda.

2. «Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2018.

3. «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy». – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2018.

4. «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy». – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020.

5. «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny // «Türkmenistan». - 2021-nji ýylyň 22-nji noýabry (№ 303).

 

 

Maýagözel Babaýewa, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty     

 

Batyr Gurbannazarow, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň  w.ý.ý.

 

«Maliýe we ykdysadyýet» žurnaly 2023-nji №1


Yza

Şeýle hem okaň