WATANYMYZYŇ YKDYSADY KUWWATY PUGTALANDYRYLÝAR

Ministrler Kabinetiniň 4-nji maýda geçirilen mejlisinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji dört aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijelere baha berildi we geljekde öňde duran möhüm wezipeler kesgitlenildi. Ýurdumyzda jemi öndürilen önümiň, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim artandygy bellenildi. Bu görkeziji milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşinden habar berýär. Gazanylan oňyn netijeleriň köp babatda döwletiň oýlanyşykly we işjeň alyp barýan hereketleriniň, hususan-da, milli ykdysady ulgamyň ýagdaýyny yzygiderli derňemegiň esasynda ileri tutulýan pudaklaryň, milli öndürijileri höweslendirmegiň, goramagyň usullaryny dogry kesgitlemegiň esasynda mümkin bolandygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.

 

Mälim bolşy ýaly, ýurduň ykdysady ösüşine baha berlende, birnäçe makroykdysady görkezijilerden ugur alynýar. Jemi içerki önüm, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesi, maýa goýumlaryň möçberi, daşary söwda dolanyşygy şeýle häsiýetli görkezijilerdir. Aslynda, islendik syýasat kesgitlenen anyk maksatlaryň we ony üpjün etmek üçin ulanylýan dürli usullardyr gurallaryň jemidir. Dünýä giňişliginde hem-de ýurtda emele gelen durmuş-ykdysady ýagdaýlara dogry baha bermek, ýüze çykan meseleleri aradan aýyrmak üçin gurallary dogry saýlamak syýasaty üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm şerti hasaplanýar. Ýylyň ilkinji dört aýynda eziz Watanymyzda gazanylan oňyn durmuş-ykdysady netijeler munuň şeýledigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Degişli döwürde milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudaklarynyň ählisinde durnukly ösüş gazanyldy.

Makroykdysady görkezijileriň gowulanmagynda milli ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň ähmiýeti örän uludyr. Tejribeden belli bolşy ýaly, ykdysady ösüşde täze hil gazanmak üçin uly möçberde maýa goýum serişdeleri zerur. Munuň üçin jemi içerki önümde maýa goýumlaryň paýyny artdyrmak möhüm şertleriň biri bolup, ol maýa goýumlaryň dürli çeşmelerini oýlanyşykly ulanmagyň hasabyna gazanylýar. «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynda» ileri tutulýan ugurlaryň we maliýeleşdirmegiň çeşmeleriniň anyk kesgitlenmegi üstümizdäki ýylda öňde duran wezipeleriň oňyn çözülmegine itergi berýär. Şunda, bu Maksatnama laýyklykda, işe girizilmegi meýilleşdirilýän önümçilik kuwwatlyklarynyň sany köp boldugyça, importy çalyşýan, eksporta gönükdirilen, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişiniň şonça-da artjakdygy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Munuň özi «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy bilen daşarky bazarlarda mynasyp orun eýelejek milli önümleriň möçberleriniň hem köpeljekdigini alamatlandyrýar.

Maýa goýum serişdelerini ulanman, ykdysadyýetiň durnukly we depginli ösüşini üpjün etmek asla mümkin däldir. Çünki işjeň maýa goýum syýasaty ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply, dünýäniň iň ösen tehnikalary we tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan, innowasiýalary özünde jemleýän ýokary ykdysady netijeli ulgamy döretmäge we ösdürmäge mümkinçilik berýär. Her bir önümçilik desgasynyň ýa-da durmuş maksatly binanyň gurluşygyna gönükdirilýän bir manadyň ýene-de sanlyja ýyldan birnäçe esse möçberde yzyna dolanyp gelýändigini nazara alsak, onda, hakykatdan-da, maýa goýumlary geljekde girdeji almaga mümkinçilik berýän maliýe serişdesi bolup durýar. Şunda onuň geljekki bagtyýar durmuşy nazarlaýandygy, şeýle-de dünýä ösüşiniň ýönekeý bolmadyk häzirki şertlerinde ykdysady ösüşi üpjün etmegiň ygtybarly guraly hem bolup durýandygy äşgärdir. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberiniň, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13,1 göterim artmagy .ýurdumyzda işjeň maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginden habar berýär.

Häzirki döwürde dokma senagaty milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagyň möhüm binýatlarynyň birini emele getirýär. Ýurdumyzda çig mallaryň we zähmet gorlarynyň ýeterlik möçberi, dokma kärhanalarynyň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy dokma pudagynyň bäsdeşlige ukyply we düşewüntli pudaklaryň birine öwrülmegini şertlendirdi. Soňky döwürde bu pudagyň önümleriniň bahasynyň, hiliniň, daşky görnüşiniň we önümleriniň köpdürlüliginiň arasynda oňaýly sazlaşygyň gazanylmagy içerki we daşarky bazarlarda milli dokma önümlerimize islegleriň ýylsaýyn artmagyna itergi berdi, netijede bu şertler onuň daşarky bazarda tutýan ornunyň pugtalanmagyna getirdi.

Soňky ýyllarda dokma senagatynyň önümleriniň eksportynyň hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatynyň netijesinde artandygyny aýratryn bellemelidiris. Hasabat döwründe Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiliginiň 105,6 göterime, nah matalaryň 114,8 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiliginiň 102,1 göterime, gön önümleriniň önümçiliginiň 117 göterime deň bolmagy pudagyň önümçilik kuwwatynyň artandygyndan, çig mallary senagat taýdan gaýtadan işlemekde we taýýar dokma önümlerini öndürmekde mümkinçilikleriň uludygyndan habar berýär. Häzirki döwürde dokma kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň görnüşlerini, hususy ulgamda eksportyň möçberlerini, kärhanalaryň önümçilik-taslama kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça işleri dowam etdirmek barada döwlet Baştutanymyzyň görkezmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu senagat pudagynyň tutýan ornunyň mundan beýläk-de berkemegine getirer.

         Köp ýurtlarda bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem azyk bolçulygyny döretmekde ileri tutulýan ugurlar oba hojalyk pudagyny ösdürmekden ybaratdyr. Ilaty azyk önümleri, senagaty bolsa oba hojalyk çig maly bilen üpjün etmek maksadyndan ugur alnyp, netijeli agrosenagat önümçiligini döretmek döwletiň agrar syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir.

         Hormatly Prezidentimiz tarapyndan azyk bolçulygyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler geljekde oba hojalyk pudagynyň döwletiň azyk garaşsyzlygyny üpjün edýän we sarp ediş isleglerini kanagatlandyrýan pudak bolman, eýsem, halkara zähmet bölünişigine mynasyp goşulyşmaga, önümçilik kuwwatynyň mundan beýläk-de artdyrylmagy üçin zerur maýa goýumlary çekmäge ukyply düzüm boljakdygyny hem alamatlandyrýar.

Dünýä tejribesinde telekeçilik, hususan-da, onuň kiçi we orta görnüşleri bazaryň isleglerini tiz kanagatlandyrmakda özüniň çeýeligi we bolup geçýän özgertmelere tiz uýgunlaşmaga ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Telekeçiligiň geriminiň giňemeginiň diňe bir girdejileriň artmagyny şertlendirmän, eýsem, täze iş orunlaryny döretmekde möhüm çeşme bolup durýandygyny bellemek zerurdyr.

Türkmenistanyň makroykdysady görkezijileriniň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginde döwlete dahylly däl düzümiň paýy uludyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eksport we import strategiýalaryny amala aşyrmakda, azyk bolçulygyny döretmekde telekeçilige möhüm ähmiýet berilýär.  Birinjiden, häzirki döwürde döwlete dahylsyz ulgamda zähmet çekýänleriň paýy ýurdumyzda jemi iş bilen meşgullanýanlaryň dörtden üç bölegini düzýär. Bu statistiki maglumatlar hususy ulgamyň täze iş orunlaryny döretmäge ukyply, ykdysady garaşsyzlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda kuwwatly güýç bolup durýandygyny görkezýär. Hut şu aýratynlyklar eksporta gönükdirilen we importyň ornuny çalyşýan önümçilikleri gysga wagtda döretmäge mümkinçilik bermek bilen, ol ýurdumyzyň içinde öndürilýän önümleriň möçberiniň artmagyny şertlendirýär. Şeýle çäreleriň durmuşa geçirilmegi goşulan gymmaty ýokary bolan önümleriň täze görnüşlerini özleşdirmegiň hasabyna milli önümleriň bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyna getirýär. Şu ýylyň dört aýynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgininiň 129,2 göterime, senagat önümleriniň öndürilişiniň 109,1 göterime deň bolmagy milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmekde hususy öndürijileriň ägirt uly ornunyň bardygyny aýdyň görkezdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň bazarlaryny we söwda nokatlaryny azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek, olaryň bahalaryny durnukly saklamak babatda beren tabşyryklary ilatyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmekde söwda ulgamynyň möhüm orun eýeleýändigine, bu ulgamyň netijeli işini üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridigine şaýatlyk edýär. Her gün emele gelen ýagdaýa baha berlip durulmagy we azyk harytlarynyň satuw bahalarynyň hemişe gözegçilikde saklanmagy – munuň özi azyk howpsuzlygy, raýatlar, şonuň ýaly-da tutuş ykdysadyýet, ýurduň durnukly ösüşi, howpsuzlygy we garaşsyzlygy üçin örän möhümdir. Howpsuzlygyň möhüm şerti hökmünde ilatyň iýmit önümleri bilen üpjünçiligini pugtalandyrmak wezipesini öňde goýýan islendik döwletiň bu işleri «şahsyýet – jemgyýet - döwlet» derejesinde alyp barmagy döwrüň talaby bolup durýar.

Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ulgamlar boýunça, hususan-da, önümçilik ulgamy boýunça görkezijileri seljermegi, pudaklaryň bellenen meýilnamalary ýerine ýetirmegi üçin anyk wezipeleri kesgitlemegi ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda önümçilik kärhanalarynyň tutýan möhüm orny bilen düşündirilýär.

Islendik ykdysady ösüşiň, ilkinji nobatda, önümçiligi ösdürmegiň, ýagny zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hasabyna gazanylýandygy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Ol ulanylmadyk mümkinçilikleri ösüşiň goşmaça çeşmesine öwürmegiň ygtybarly ugry bolup durýar. Häzirki döwürde önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakda sanly tehnologiýalar özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň önümçilige giňden ornaşdyrylýan döwrüdir. Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak işiniň maksatnamalaýyn esasda alnyp barylmagy bu ugurda oňyn netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirkii döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ortaça 6 göterim derejede saklanmagynda sanly özgertmeleriň paýynyň uludygyna göz ýetirmek bolýar.

Umuman, gazanylan ykdysady we durmuş ähmiýetli ösüşler, sözüň doly manysynda, Diýarymyzda ýylyň ilkinji dört aýynyň oňyn netijelere eýe bolandygyny alamatlandyrýar. 

 

 

Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
 
başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.

 

«Türkmenistan» gazeti, № 120 (30725). 12.05.2023ý.


Yza

Şeýle hem okaň