15 Iyul 2023
125
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwrüniň öňünde duran beýik işleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň zähmetine we döredijilik
güýjüne aýratyn ynam bildirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly
Prezidentimiziň başlangyjy boýunça bu egsilmez güýji Watanymyzyň mundan
beýläkki gülläp ösüşine gönükdirmek ugrunda uly tagallalar edilip, häzirki döwürde
ýaşlary ylyma we döredijilige ugrukdyrmak işleri giň gerimde alnyp barylýar. Ylym
– bu ynsana tebigat tarapyndan peşgeş berlen döredijilik ukybynyň iň ýokary
basgançaklarynyň biri. Jemgyýetde ylymly adamlaryň sany köp boldugyça, Watanymyzyň
kuwwaty, at-abraýy, milletiň aň-paýhas derejesi şonça-da ýokary bolýar. Türkmen
milletiniň ylym, onuň adam durmuşynda tutýan orny, şeýle-de ylmyň ynsan kalby
bilen baglanyşygy babatynda öz garaýyşlary bar. Ýurdumyzyň röwşen geljeginiň ýaş
nesliň bilim we ylmy başarnyklaryna bagly bolup durýandygyny nazara alsak, onda
ynsan aňynyň we köňlüniň has çuň gatlaklary bilen bagly ylym baradaky oý-pikirler,
garaýyşlar bilen ýakyndan tanyşlyk belli bir derejede ýaşlaryň bu dünýäniň täsinliklerine
gyzyklanmalarynyň artmagyna ýardam berer.
Soňky döwürde ynsanyň döretmek ukybyny ykdysady
ösüşleriň çeşmesine öwürmek meselelerine ylmy jemgyýetçiliginiň
gyzyklanmalarynyň has-da artmagy onda ägirt uly özgerdiji güýjüň jemlenendigi
bilen baglanyşyklydyr. Sebäbi döredijilik islendik işiň netijeliligini
kesgitleýän ululyk bolup durýar.
Döredijilik – kämillige uzaýan ýol
Gadymy
döwürlerden häzirki güne çenli adam beýnisiniň döretmek ukyby alymlarda uly
gyzyklanma döredýär. Döredijilik ynsanyň ynsan bolmagynda aýgytlaýjy orny
eýelemek bilen, ol adamzat jemgyýetiniň öňegidişli ösüşini üpjün eden we
häzirki döwürde-de şol wezipäni ýerine ýetirmegi dowam etdirýän tebigy güýçleriň
biridir. Ylmy edebiýatlarda «ýokdan bar etmek, ýaratmak, emele getirmek,
esaslandyrmak» döredijilik ýagdaýyny häsiýetlendirýän ahwallar hökmünde
häsiýetlendirilýär. Umumy manyda ol täze bir zadyň emele getirilmegini ýa-da
bar bolanynyň kämilleşdirilmegini aňladýar. Häzirki döwürde adamyň beýnisiniň
gurluşyny we işleýşini öwrenmegiň esasynda döredilen kompýuterler ýa-da
tehnologik taýdan çylşyrymly önümçiliklere giňden ornaşdyrylýan robotlar hem ynsanyň
döredijilik kuwwatynyň nobatdaky dabaralanmasy bolup, onuň çägi bolmadyk dünýädigini
äşgär edýär.
Edebiýat
we sungat döredijiligiň has aýdyň ýüze çykmasy bolsa-da, tebigatyň sahylyk
bilen eçilen bu barlygy adam durmuşynyň beýleki ugurlarynda-da öz beýanyny tapmagy
onuň köpöwüşginliliginden habar berýär. Mazmunyna has çuň düşünmek üçin onuň gündelik
durmuşymyzda gabat gelýän taraplaryna ser salsak, maksada laýyk bolar. Mysal
üçin, öý hojalygyny dolandyrmakda, çaga terbiýesinde, galyberse-de, tagam
taýýarlanylanda döredijilik ukyplarymyzyň paýy aýratyndyr. Çaga kimdir birine öýkünmek, köplenç halatda gyzyň ejesine, ogluň atasyna
öýkünmegi arkaly döredijilik
älemine ilkinji gadamlaryny basýar. Şu ýerde, uly ýoluň ilkinji ädimlerden
başlanyşy ýaly, bu barlygyň baş sakasynyň maşgaladan başlanýandygyny we bu
ugurda özleşdirilen ýönekeýje başarnyklaryň tutuş ömre uzap gidýändigini bellesek
ýerlikli bolar. Bu aýratynlyklar bir hakykaty aýan edýär: döredijiligiň bar ýerinde hemişe kämillik
bar. Hemişe özüňi taraşlap, ýonup ýörmelidigi barada
Gurbannazar şahyryň döreden setirleri kämillik ýoluny saýlanlar üçin şygar
bolup ýaňlanýar.
Kämillik –
bu beýikleriň ýoly. Beýiklik başgalara getirýän haýryň, peýdaň derejesi bilen
ölçelýär. Beýikligiň syry şunda. Başgalara gerekli bolmak ynsan tebigatynyň
aýrylmaz bölegi, onuň ýetmezçiligi ömrüň manysyz ötmegine getirýär. Şu sebäpden
häzirki güne çenli müňlerçe, milliardlarça ynsanlar ötüp-geçen-de bolsa, olaryň
arasynda diňe il-güni, Watany üçin haýyrly işleri bitiren şahsyýetleriň taryhda
yz galdyrmaklary kanunalaýyk ýagdaýdyr.
Bakylyga
ymtylmak hem ynsan ähline mahsus häsiýetleriň biri. Şahsy bähbitler unudylyp,
köpçüligiň bähbitlerinden ugur almak bilen bitirilen işler çäkli ynsan ömri ahyrlandan
soň hem ýaşamagyny dowam edýär, bitirilen işler hemişe ýatlanylýar. Beýik
akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ahlaklylyga, dostluga, watansöýüjilige çagyrýan
gymmatly eserleriniň indi üç asyr bari öz ähmiýetini ýitirmän, gaýta, biziň
günlerimizde täze öwüşgine eýe bolmagy munuň şeýledigini aňryýany tassyklaýar.
Ynha, kämilligiň ynsan ömrüni ebedileşdirmekdäki orny, haýyra gulluk etmegiň beýik
nusgasy!
Döredijilik
ukybynyň esasynda bir zadyň özgerdilmegi, kämilleşdirilmegi ony amala aşyrýan
ynsanyň hem kämilleşmegine getirýär. Onuň netijesinde bolup geçýän
özgerişlikler döredijiniň diňe bir aň-paýhas derejesiniň artmagyna täsir etmän,
eýsem, gözýetiminiň giňemeginde, durmuşa täze göz bilen garamagynda hem özüniň
beýanyny tapýar. Gadymy pelsepeçi alymyň: «Bildigimçe köp zady bilmeýändigime
gözüm ýetýär» diýen jümleleri dünýäniň entek gatlary açylmadyk syrlarynyň kändiginden
habar berýär. Bu hakykat ynsan tebigaty babatda hem dogrudyr.
Hormat-sylaga
mynasyp bolmak ynsan islegleriniň naýbaşylarynyň biri. Bu dogabitdi islegi
kanagatlandyrmagyň ýoluny her kim özüçe saýlaýar. Biri ilhalar, mert
ogul-gyzlary ýetişdirmek bilen il arasynda tanalýan bolsa, başga biri haýsy-da
bolsa bir hünärde ussatlyga ýetmek arkaly, ýene-de biri ylymda eden açyşy bilen
at alýar. Mahlasy, ynsan durmuşynyň köptaraply bolşy ýaly, kämilleşmegiň
ýollary-da dürli-dürli.
Ylym – döredijiligiň iň ýokary basgançagy
«Türkmen
diliniň düşündirişli sözlüginde» ylym iki manyda häsiýetlendirilýär.
Birinjisi, ylym tebigatyň, jemgyýetiň we pikirlenmäniň ösüşindäki
kanunalaýyklyklar hakyndaky bilimler ulgamy we daşky dünýä täsir ediş ýollary,
şeýle hem bilimleriň aýry-aýry pudaklary hökmünde aňladylyp, onda ylmyň
nämedigine we ugurlaryna umumy häsiýetnama berilýär. Adamyň okamak ýa-da durmuş
tejribesi arkaly alan bilimi, sowady, düşünjesi hökmündäki beýleki kesgitlemesinde ylma nädip ýetilýändigi,
ýagny haýsy ýol, haýsy serişdeler arkaly amala aşyrylýandygy äşgär bolýar.
Ikinji aňlatmada bir kanunalaýyklyga göz ýetirmek bolýar: ylym – uzak menzilleri
nazarlaýan ýol bolup, ony her kimiň özi gözlemeli, özi tapmaly, özi geçmeli.
Sözüň öz eýesine
meňzeýşi ýaly, gözlenilýän zat hem seniň kimdigiňi häsiýetlendirýär, şol arkaly
seniň kimdigiňe baha berilýär. Türkmençilikde «Nan gözlän nan tapar, ylym
gözlän ylym tapar» diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. Halk içinde Mäne baba ady bilen
meşhur bolan Abusagyt Abulhaýyryň tekrarlaýşy ýaly, ylym «tapylýança gözlenýän,
ýetilýänçä ýörelýän» ýol. Ýetilenden soň, tapylandan soňra ony beýlekiler bilen
paýlaşmak bu ýoluň hökmany şertleriniň biri. Şonda
ol hakyky ylym bolýar. Bu ýerde gürrüň, esasan, ylmy gözlegleriň netijesi,
şeýle hem halypa-şägirt gatnaşyklary barada barýar. Ylmyň haýsy pudagyna
degişlidigine garamazdan, bu netijeler barlag geçirilýän ugurda täzelik bolanda,
döwletiň, jemgyýetiň mundan beýläkki ösüşi üçin bähbitli bolanda, köpçülik üçin
haýyrly bolanda asyl manysyna eýe bolýar.
Türkmen
alymlarynyň ýaş neslini kemala getirmek ugrunda köp işleriň amala aşyrylýan eýýamynda
ylmyň ykdysady, durmuş we ahlak taraplaryna seredip geçmek onuň amaly
ähmiýetine, şeýle-de onuň ylym bilen meşgullanýanyň – alymyň dünýägaraýşyna we
gymmatlyklar ulgamyna edýän täsirine has çuň düşünmäge mümkinçilik berýär.
Ylmyň ykdysady jäheti. Ykdysady ösüşde öňdäki orunlary eýelemegi
ylym-bilimi ösüşleriň çeşmesine öwren ýurtlara başardýandygyny dünýä
statistikasynyň maglumatlary, şeýle-de geçirilen ylmy barlaglaryň netijeleri
aňryýany bilen subut edýär. Mysal üçin, ýaşlaryň hünär bilim derejesiniň 1 göterim ýokarlanmagynyň
jan başyna düşýän jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 3-5 göterim artmagyna
getirýändigi halkara bilermenler tarapyndan bellenilýär. Şeýle-de ykdysady
taýdan ösen döwletlerde ykdysadyýetiň ösüş depgininiň 70-80 göteriminiň
işgärleriň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmegiň hasabyna gazanylýandygy
baradaky maglumatlar ylym-bilimiň täze gymmatlygy döredýän serişde bolup
durýandygyny görkezýär.
Ylmyň
durmuş jäheti. Asyl
manysynda ylym jemgyýetçilik ösüşinde täze menzilleri nazarlamakda ygtybarly
serişde bolup durýar. Ýüze çykan döwründe bolşy ýaly, biziň günlerimizde-de ylym
- hakykat syryna ýetmegiň serişdesi, hakykaty gözleýjiler, ýagny alymlar bolsa kämil
ynsan hasaplanýar. Halk arasynda «Ylym almak – iňňe bilen guýy gazan ýalydyr»
diýen pähim ýöne ýerden döremän, ol bagry ylym bilen badaşan ynsanyň köp
ýyllaryň dowamynda çekýän irginsiz zähmetinden habar berýär. Hakykat, onuň ýüze
çykmasy hökmünde ylym bilen bagly gözlegleriň diňe maksat hökmünde
kesgitlenmeginiň özi hem «ýol gözleýäniň» eýýäm uly ýola düşmegine,
sylag-hormatly, abraýly menzilleri nazarlamagyna getirýär. Saýlap alnan ýola
wepalylyk bolsa halypa-şägirt gatnaşyklarynyň dowamatyň dowam bolmagyna,
ýetişen şägirtleriň halypanyň ýoluny dowam etdirmeklerine itergi berýär.
Hakyky ylym ruhy
päklikden, köňül tämizliginden başlanýar
Ylmyň
ahlak jäheti. Aslynda, ahlaklylyk ynsanyň ynsan bolmagynda kesgitleýji orny eýelemek
bilen, ol ynsanda näçe köp jemlense, onuň ruhy güýji şonça-da ýokary bolýar. Tutuş adamzat taryhynyň
dowamynda alymlar hakykaty gözleýjiler, hakykat ýoluna gönükdiriji täsirli adamlar
hasaplanypdyr. Olar beýlekilere hakykatyň syrlaryny aňlatmagy özlerine baş
wezipe hökmünde kesgitläpdirler. Bu ýagdaý ylmyň ahlak kämilligine we päkligine ündeýän güýç
bolup durýandygyny görkezýär.
Orta asyr
alymlarynyň ylyma «kalby janlandyrýan zat» hökmündäki garaýyşlary hakyky ylmyň
kalpda döreýändigini tassyklaýar. Görnükli hytaý akyldary Konfusiniň: «Ýüregiň
isleýän işi bilen meşgullansaň, hiç wagt işlemeli bolmarsyň» diýen sözleri göwnäp,
aňa, kalba geňeşilip edilen işiň onuň eýesi üçin ýeňil bolýandygyny aňladýar.
Türkmençilikde «Özüni tanan weli» diýlişi ýaly, kalbyň isleýän zadyna göz
ýetirmek, düşünmek özüňi tanamaga tarap ädilen ädimleriň biridir.
Köňül diýlen barlygyň çylşyrymly häsiýeti onuň
mazmunyny aýdyňlaşdyrmakda kynçylyk döredýär. Ylym ýoluna köňül beren alymlaryň
hiç biriniň kesgitlemesi ony doly häsiýetlendirip bilmeýär. Sebäbi köňlüň
tebigatynyň, gelip çykyşynyň we döreýşiniň özi täsinlik. Bu - syrly dünýä. Biz,
köplenç halatda, köňlümizi kalp, ýürek,
käbir halatlarda göwün hökmünde kabul edýäris. Irki taryhy döwrüň alymlary
köňli ýagtylyk saçýan çyra hökmünde suratlandyrypdyrlar, ruhy barlygy bolsa şol
ýagtylygyň, nuruň çeşmesi diýip häsiýetlendiripdirler.
Meşhur rus alymy I.W.Kurçatowa halypasynyň: «Ylym
şeýle bir ruhy güýç-kuwwat berer, ol güýji durmuşyň beýleki ugurlarynyň hiç
birinden tapyp bilmersiň» diýen ündewleri ylmyň, hakykatdan-da, uly güýçdügini
görkezýär. Kynçylyklary ýeňmek, ýagny olara döz gelmek ylym ýoluny saýlanlaryň
derejesi bolup, şahyryň: «Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde» diýen sözleriniň
hakykatdygyna güwä geçýär. Özüň üçin ýönekeýje açyş ýa-da täzelik, goý, ol
bilime ýa-da adam gatnaşyklaryna degişli bolsun, ruhy güýç berýär. Ylym hiç bir
zada boýun egmeýän wagt diýen barlygy ýeňmegiň hem serişdesi bolsa gerek. Biziň
günlerimizde-de birnäçe türkmen alymlarynyň atlarynyň halkyň aňynda we kalbynda
ýaşap ýörmegi olaryň ylym arkaly açan we köplere ýetiren hakykatynyň netijesi
bolmaly.
Ýaşlaryň döredijilik ukyby – ösüşleriň egsilmez
çeşmesi
Ýaşlyk döwri - hyjuwyň joşýan, ylhamyň daşýan
döwri. Ynsan ömrüniň
iň gözel bu döwründe dünýäniň gurluşyna akyl ýetirmek, durmuşda mynasyp ornuňy
tapmak islegi güýçli bolýar. Aň-düşünjeli ömür menziliniň ilkinji duralgasy hem ýaşlykdan başlanýar. Ömrüňi
manyly ýaşamaga çalyşmak islegi her birimizi gyzyklandyrýan meseleleriň biri
bolup, ýaşlyk döwründe onuň ähmiýeti has-da ýokary bolýar. Ilki bilen bu
soragyň aňasty barlyga degişli sorag bolup durýandygyny bellemek bilen, onuň
jogabynyň, ilkinji nobatda, kämillige ymtylmak isleginde jemlenendigini ylmyň
dürli ugurlarynda geçirilen barlaglaryň netijeleri şaýatlyk edýär.
Häzirki
döwürde ýaşlaryň döredijilik ukybyny ýüze çykarmak, ösdürmek bilen bagly
meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Köplenç
halatda bu maksada bilim, ýagny okatmak we öwretmek arkaly ýetilýär. Ykdysady
ösüşi üznüksiz üpjün etmek isleýän ýurtlaryň ilkinji nobatda ylym-bilimi
ösdürmeklige ünslerini güýçlendirmäge çalyşmaklaryny hut şu deliller bilen
düşündirip bolar. Ykdysady ylmyň nukdaýnazaryndan, adam işçi güýjüniň eýesi,
ýagny öndüriji güýç hökmünde goşulan gymmaty dörediji bolup çykyş edýär.
Sosiologiýa ylmynda ol ýaşaýan jemgyýetiniň agzasy, jemgyýetçilik
gatnaşyklaryny döredýän we oňa gatnaşýan subýekt bolup durýar. Oýlanmak,
pikirlenmek, netije çykarmak ýaly häsiýetler aň, aňasty barlyk düşünjeleri
bilen baglanyşykly bolup, olar psihologiýa ylmy tarapyndan has çuňňur
öwrenilýär. Bu ylymlaryň ählisine bir umumylyk mahsus: adam – bu dörediji güýç.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde ýaş nesliň ylmy başlangyçlaryna goldaw bermäge gönükdirilen çäreleriň birnäçesiniň göz öňünde tutulmagy Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda döwlet tarapyndan uly tagallalaryň edilýändigini görkezýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda ýaşlar bilen bagly hereket edýän maksatnamalaryň esasy wezipesi ýokary taýýarlykly ýaş alymlary ýetişdirmekden, ylmy iş ýüzünde ýokary netije berýän döredijilikli önümçilik güýjüne öwürmekden ybaratdyr.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
«Türkmenistan» gazeti, № 176 (30781). 14.07.2023ý.