Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda geçirilen giňişleýin
mejlisinde şu ýylyň 6 aýynda ýerine ýetirilen işlere seljerme berildi, geljekki
ösüşlere badalga berjek wajyp wezipeler kesgitlendi. Şu döwürde ýetilen
sepgitler durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilýändigini ýene-de bir gezek
tassyklaýar. Mejlisde 2024-nji
ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň
ýokarlanmagyna göni täsir edýän we maddy üpjünçilik derejesini kesgitleýän
şertleriň biri bolan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek
pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim artdyrmak
barada hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen çözgüt raýatlaryň
abadan durmuşyny üpjün etmekde berk maddy binýadyň döredilendigini aňladýar.
Mälim bolşy ýaly, jemi içerki önüm, eksport we
import dolanyşygy, maýa goýumlar bilen baglanyşykly görkezijiler milli
ykdysadyýetiň häzirki zaman ösüşini alamatlandyrýar. Hökümetiň giňişleýin mejlisinde
şu ýylyň iki çärýeginde jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterime deň
bolandygy bellenildi. Munuň özi dünýäde emele gelen häzirki amatsyz ýagdaýlarda-da
ýurdumyzyň ykdysady pudaklarynyň durnukly ösýändigini görkezýär. Gazanylýan
oňyn netijeler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň maddy binýady
bolup, durmuş özgertmelerini işjeň amala aşyrmak üçin oňyn şertleri döredýär.
Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynyň netijeleri boýunça
daşary söwda dolanyşygynyň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8
göterim artmagy ýurdumyzda daşary ykdysady strategiýanyň oýlanyşykly durmuşa
geçirilýändiginiň, abadançylygy üpjün etmekde daşary söwdanyň tutýan möhüm
ornunyň aýdyň beýanydyr. Bilşimiz ýaly, daşary söwdany düzgünleşdirmek ykdysady
ösüşiň döwlet strategiýasynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Şu ýerde milli
ykdysadyýetiň önümçilik we eksport mümkinçiliklerini mundan beýläk-de
ýokarlandyrmakda «Türkmenistanyň 2021-2030-njy ýyllar üçin daşary söwda
Strategiýasynyň» ähmiýetiniň uludygyny aýratyn bellemeli.
Milli ykdysadyýetiň häzirki ösüşi seljerilende,
ýurdumyzyň baş maliýe resminamasy bolan Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine
baha bermek zerur bolup durýar. Çünki ol durmuş-ykdysady ösüşimiziň hakyky
maliýe ýagdaýyny görkezýär. 2023-nji ýylyň iki çärýeginde esasy maliýe
meýilnamanyň girdeji böleginiň 113,1 göterim, çykdajylaryň bolsa 97,6 göterim
ýerine ýetirilendigi bellenildi. Ýerli býujetleriň girdeji bölegi 100,6
göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,2 göterim berjaý edildi. Bu maglumatlar
hasabat döwründe ýurdumyz boýunça maliýe-hojalyk işleriniň netijeli alnyp
barlandygynyň, girdeji çeşmeleriniň ählisi boýunça göz öňünde tutulan
sepgitlere ýetilendiginiň ýene-de bir güwäsine öwrüldi. Merkezleşdirilen
tertipde jemlenen maliýe serişdeleriniň ep-esli böleginiň ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň
hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilmegi eziz Watanymyzyň ykdysady taýdan durnukly ösýän ýurt hökmündäki
ornuny has-da pugtalanýandygyna şaýatlyk edýär. 2023-nji ýyl üçin tassyklanan
Döwlet býujetinde, geçen ýyllarda bolşy ýaly, çykdajylaryň umumy möçberiniň 75
göterimine golaýynyň durmuş maksatlaryna gönükdirilmegi bolsa bu maliýe
resminamasynyň durmuş ugurlylygyny saklaýandygyny görkezýär.
Häzirki döwürde ilatyň girdejileri ykdysadyýet
bilen durmuş ulgamynyň arasyndaky aragatnaşygy üpjün edýän görkeziji bolup
durýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylyň ilkinji
alty aýynda ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet
haklarynyň 9,9 göterim ýokarlanmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň
artýandygyndan nyşan. Ilatyň girdejileriniň ösüş meýline eýe bolmagy durnukly
we sagdyn ykdysady ösüşiň üpjün edilýändigini, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň
ýokarlanmagy, durmuş taýdan goraglylyk derejesiniň kepillendirilmegi üçin
amatly şertleriň döredilendigini alamatlandyrýar.
Amala aşyrylýan maksatnamalaryň ählisinde
ykdysadyýetde bolup geçýän özgertmeler nazara alnyp, ilatyň girdejilerini
yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ilatyň girdejileri
ykdysadyýet bilen durmuş ulgamynyň arasyndaky gatnaşygy üpjün edýär. Şunda
zähmet haky ilatyň pul girdejileriniň esasy çeşmesi bolmak bilen, ol işgärleriň
zähmete bolan höwesini artdyrmakda esasy orny eýeleýär. Netijede, zähmet haky
ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda önümçiligiň netijeliligini artdyrmak üçin
maddy taýdan höweslendiriji şert hökmünde hem çykyş edýär. Şol bir wagtda bu
girdeji çeşmeleriniň Döwlet býujetiniň I derejesindäki goralýan maddalar diýlip
kesgitlenmegi hem ilatyň girdejilerini döwlet tarapyndan kepillendirmek
meselesiniň näderejede wajypdygyny we bu ugurda anyk işleriň amala
aşyrylýandygyny görkezýär.
Türkmen döwletiniň saýlap alan ykdysady nusgasynda
durmuş ulgamynyň ösdürilmegine, hususan-da, ilatyň ýaşaýyş jaýlary bilen
üpjünçiliginiň ýokarlanmagyna aýratyn ornuň berilmegi durnukly ösüşi saklamakda
bu pudagyň ähmiýetiniň ýokarydygyny görkezýär. Dünýä hojalygynda kemala gelen
häzirki daşarky amatsyz şertlerde-de býujet çykdajylar böleginden durmuş ugurly
iri taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilýän maliýe serişdeleriniň möçberiniň
ýylsaýyn artmagy milli ykdysady ulgamyň ösüşe ukyplydygyndan habar berýär. Amala aşyrylýan
giň möçberli durmuş özgertmeleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýurdumyzyň
durmuş derejeli döwlet hökmünde ykrar edilmegini şertlendirdi.
Türkmenistan
bu gün diňe bir durmuş ähmiýetli iri desgalardyr binalary gurýan döwlet däl,
eýsem, döwrebap infrastrukturaly şähergurluşyk taslamalaryny üstünlikli amala
aşyrýan ýurt hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. 29-njy iýunda dabaraly
ýagdaýda ulanyşa berlen Arkadag şäheri munuň aýdyň güwäsidir.
Türkmenistanlylaryň buýsanjyna öwrülen bu şäher özüniň binagärlik
aýratynlyklary, tebigy gözelligiň we döwrebaplygyň sazlaşygy bilen özüneçekiji
taslamalaryň biri bolup, oňa şähergurluşyk maksatnamasy boýunça şu döwre
çenli ýerine ýetirilen işleriň we häzirki döwürde gazanylýan üstünlikleriň
naýbaşysy hökmünde baha bermek mümkin. Sebitde deňi-taýy bolmadyk bu iri taslama «akylly»
şäher konsepsiýasynyň, elektron resminama dolanyşygynyň netijeli işiniň ýola
goýulmagyna möhüm ähmiýet berlendigi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa şäheriň durmuş-ykdysady taýdan okgunly
ösmegine hem-de onda häzirki zaman işewürlik we durmuş düzüminiň kemala
gelmegine oňyn şertleri döredýär. Döwrüň talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan «akylly»
şäherde dolandyryş, işewürlik, durmuş, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň we beýleki
pudaklaryň döredilmegi, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň has-da gowulanmagyna
mümkinçilik bermek bilen, şähergurluşyk taslamasynyň ýokary ykdysady we durmuş
netijeliliginden habar berýär.
Şu
ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda
meýdany 1 million 400 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň
ulanylmaga berilmegi döwlet syýasatynda adam bähbitleriniň ileri tutulýan
ugurlaryň biri bolup durýandygyny aýdyňlyk bilen görkezýär. Türkmenistan bu gün
gurujylyk kuwwaty bilen tapawutlanýan ýurtlaryň biridir. Hasabat döwründe Oba
milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde inženerçilik ulgamlarynyň we
desgalarynyň 82,3 kilometriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 244,4 müň inedördül
metriniň, aragatnaşyk ulgamynyň 360,3 kilometriniň gurluşygynyň tamamlanmagy,
şeýle-de häzirki wagtda medeni-durmuş, önümçilik we düzümleýin maksatly
desgalarda işleriň dowam etdirilmegi oba ýerlerini döwrebaplaşdyrmak, oba
ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak babatynda giň möçberli işleriň
amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Maksatnama laýyklykda, şu döwürde
ýurdumyzda 1 milliard 400 million manatdan gowrak möçberde düýpli maýa
goýumlaryň özleşdirilmegi munuň şeýledigini aňryýany bilen tassyklaýar.
Geçen
döwürde maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi
ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberiniň 24,6 göterim artmagy we jemi
içerki önümiň 16 göterimine deň bolmagy işjeň maýa goýum syýasatynyň durmuşa
geçirilýändigini görkezýär. Şu döwürde özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,4
göteriminiň önümçilige, 50,6 göteriminiň bolsa durmuş we medeni maksatly
binalaryň gurluşygyna gönükdirilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini
ýokarlandyrmak, iri önümçilikleri ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan amal
edilýän işleriň yzygiderli häsiýete eýedigini tassyklaýar.
Bu
gün köpugurly ösüş, öndürilýän harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny
ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze senagat
kärhanalaryny gurmak we bar bolanlarynyň durkuny täzelemek milli ykdysadyýetiň
senagat-innowasion ösüş ýolundaky ynamly gadamlaryndan habar berýär.
Senagat-innowasion ösüş strategiýasynyň esasy maksady innowasiýalara esaslanýan
we durnukly ösüşi nazarlaýan häzirki zaman senagat düzümini kemala getirmekden
ybarat bolup durýar. Soňky ýyllarda goşulan gymmaty ýokary bolan önümleri
öndürýän gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmäge ünsi güýçlendirmek milli
ykdysadyýetimizi ösdürmegiň strategik maksady hökmünde kesgitlendi. Bu, öz
gezeginde, gaýtadan işleýän senagat ulgamynyň, önümleriň köpdürlüligini üpjün
etmegiň hasabyna Türkmenistanyň ýangyç-energetika serişdeleriniň ählumumy
bazarynda islegleriň üýtgäp durmalaryna baglylygyny peseltmegiň netijeli ýoly
bolup durýar. Senagat pudagynyň depginli ösüşi ýurdumyzda eksporta gönükdirilen
we importyň ornuny tutýan önümçiligini çalt depginde ösdürmäge itergi berdi.
2023-nji ýylda senagat önümçiliginiň ep-esli artmagy, içerki bazaryň ýerli
önümler bilen üpjünçiliginiň gowulanmagy we täze kärhanalaryň ençemesiniň
gurulmagy bu ugurda oňyn netijeleri berdi.
Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Arkadagly Serdarymyzyň häzirki wagtda ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini artdyrmak, pudaklara sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak meseleleri öňde duran möhüm wezipeler hökmünde kesgitlemegi durnukly ösüşi gazanmakda bu ugurlaryň näderejede wajyp bolup durýandygyny görkezýär.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
«Türkmenistan» gazeti, № 182 (30787). 18.07.2023ý.