16 Awgust 2023
47
Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 14-nji iýulynda geçirilen mejlisinde Türkmenistanda
zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji
haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken
Permanyna laýyklykda, geljekki ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ilatyň aýlyk pul
girdejilerini 10 göterim ýokarlandyrmak, şunuň bilen birlikde, ony edaralaryň,
kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik
kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini
ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň
hasabyna üpjün etmek bellenildi. Şunda işgärleriň zähmet öndürijiliginiň bu
girdeji çeşmesini ýokarlandyrmagyň bir ugry hökmünde kesgitlenmegi ýurtda alnyp
barylýan durmuş syýasatynyň işjeň häsiýetinden habar berýär. Önümçiligi
höweslendirmek we ilatyň girdejilerini artdyrmak arkaly maşgalalaryň
maddy-hal-ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de jemgyýetiň işleýän agzalarynyň maddy
garaşsyzlygyny gazanmak Galkynyşly zamanamyzyň ykdysady strategiýasynda ileri
tutulýan ugurlaryň biri bolup, ol özara baglanyşykly ykdysady we durmuş
ulgamlarynyň sazlaşykly ösdürilýändigini görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri uly
rowaçlyklara beslenýär. «Galkynyş» düşünjesi mazmuny boýunça ösmek arkaly
güýçli derejede ýokary galyşy aňladýar. Galkynmak
üçin, ösmek üçin, ösüşde täze menzilleri nazarlamak üçin ilatyň zähmete ukyply
böleginiň döredijilik güýjüni ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna
gönükdirmek zerur şertleriň biridir.
Häzirki wagtda ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň orta we uzak möhletli maksatnamalary işlenip taýýarlanylanda,
syýasy, ykdysady, durmuş we medeni-ynsanperwer çygyrlarda ýokary
göterilişi üpjün edýän görkezijilerden ugur alynmagy hem kanunalaýyk ýagdaý. Bu maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa
geçirilmegi bolsa milletiň aň-paýhas mümkinçiliklerini ulanmaga we ýokary
tehnologiýaly önümçilikleriň giňden ýaýramagyna esaslanýan innowasion ösüşiň
üpjün edilmegini şertlendirýär.
Bäsdeşlige ukyplylygy
ýokarlandyrmak bilen bagly ugurda üstünlik gazanan ýurtlaryň durmuş-ykdysady
ösüşiniň nusgalary seljerilende, onuň ykdysadyýeti innowasion tehnologiýalary
döretmäge, täze önümleri çalt we netijeli özleşdirmäge, şeýle-de täze önümleridir
hyzmatlary barha artýan isleglere uýgunlaşdyrmaga ukyply bolan döwletlere
başardýandygy äşgär bolýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:
Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli
maksatnamasynda» 7bilimlere, innowasiýalara
we ösen jemgyýete daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly
tehnologiýalary özünde jemleýän ykdysadyýetiň pudaklaýyn ösüşini dowam etdirmegiň
esasy maksatlaryň hatarynda kesgitlenmegi ýurdumyzyň şu günki we geljekki ösüşleriniň
geriminiň giňliginden habar berýär.
Milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün
etmekde maýa goýumlara wajyp ornuň degişlidigini nazara alsak, soňky birnäçe
ýylyň dowamynda her ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynyň kabul edilmegi onuň
ýokary ykdysady we durmuş netijeliligini görkezýär. Şeýle çemeleşme döwrüň
talaby bolup, ol işjeň maýa goýum
syýasatyny alyp barmak arkaly bäsdeşlige ukyply, dünýäniň iň ösen tehnikalary
we tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan, innowasiýalary özünde jemleýän ýokary
ykdysady netijeli ulgamy döretmäge we ösdürmäge mümkinçilik berýändigi bilen
ähmiýetlidir. «Türkmenistanyň
2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy» hem, beýleki ýyllarda bolşy ýaly, pudaklaýyn
we düzümleýin özgertmeleri amala aşyrmaga ýardam berýär. Şu ýyl ykdysadyýete
maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 37 milliard 400 million manat
möçberde düýpli maýa goýumlaryň goýulmagyna garaşylýar. Şunda ýurdumyz boýunça
maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 55,6 göterimini önümçilik desgalarynyň gurluşygyna
gönükdirmek meýilleşdirilýär. Maýa goýum maksatnamasynda goşulan gymmaty ýokary pudaklaryň ösdürilmegine uly
ähmiýet berilýär. Alynýan girdeji diňe bir pul görnüşinde bolman, bilimi, ylmy,
medeniýeti, saglyk ulgamyny ösdürmek arkaly adam maýasynyň hiliniň ýokarlanmagyna-da
getirer. Munuň özi ýurdumyzyň
önümçilik kuwwatynyň mundan beýläk-de artjakdygyny, netijede, birnäçe müň täze
iş orunlarynyň dörediljekdigini aňladýar. Eger-de ilatyň
ýaşaýyş derejesiniň hut şu görkezijä baglydygyny nazara alsak, onda iş bilen
üpjünçiligiň her bir jemgyýet üçin örän wajyp durmuş we ykdysady meseleleriň
biri bolup durýandygyny görmek bolýar.
Täze önümçilik kärhanalary barada söz açylanda,
gürrüň hökmany suratda iş üpjünçiligi bilen bagly meselelere syrygýar. Işleýäniň
sany näçe köp bolsa, öndürilýän jemi içerki önümiň möçberi, şeýle-de öz-özüni
girdeji bilen üpjün edýän maşgalalaryň sany şonça-da ýokarydyr. Bu, öz gezeginde, ýurtda amala aşyrylýan maýa goýum syýasatynyň oňyn netijelerinden
habar berýär.
Aslynda, iş bilen üpjünçilik zähmet-durmuş
gatnaşyklarynda esasy orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, ol diňe bir
ykdysady ösüşi üpjün etmegiň hem-de onuň durnuklylygyny saklamagyň baş şerti
bolmak bilen çäklenmän, adam maýasyny kemala getirmegiň we ösdürmegiň, ilatyň
ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyň hem esaslaryny düzýär. Has takygy, ösüşiň
innowasion nusgasynda adam maýasy, onuň düzümi, hili, işjeňligi, şeýle-de bilim
we işgärleri taýýarlamak, saglygy goraýyş ulgamlary ösüşiň binýatlaýyn we ulgam
emele getiriji serişdesi bolup durýar.
Innowasion ösüşiň nusgasy milli ykdysadyýetiň çig
mal ugurly ösüşinden düýpli tapawutlanmak bilen, ýurduň ykdysady kuwwatyny
artdyrmakda uly mümkinçilikleri özünde jemleýär. Bu ugur, ilkinji nobatda,
ykdysady, durmuş we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ähli çygyrlarynda innowasion öňegidişligi
amala aşyrmak üçin zerur bolan köptaraply adam bilimleriniň we başarnyklarynyň
netijeli ulanylmagyna daýanýar. Şunda inkär edip bolmaýan bir kanunalaýyklyk ýüze
çykýar: işgärleriň zähmet öndürijiliginiň derejesi olaryň hünär başarnygyna baglydyr.
Şol sebäpli zähmet haklaryny iş öndürijiliginiň hasabyna ýokarlandyrmak
diýlende, gürrüň biri-birini şertlendirýän hem-de özara baglanyşykly şu möhüm ugurlaryň
sazlaşykly ösüşini gazanmak barada gidýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda hereket edýän
maksatnamalaryň ählisinde adam maýasyny
ösdürmäge niýetlenen maliýe serişdeleriniň göz öňünde tutulmagyny, ilkinji
nobatda, onuň zähmet bazarynda işçi güýjüniň hiliniň, bäsleşige ukyplylygynyň
ýokarlanmagyny üpjün edýän şert bolup durýandygy bilen düşündirip bolar. Bu
ýagdaý maliýe serişdelerini ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlaryna gönükdirmek
işiniň jemgyýetçilik ösüşi nukdaýnazaryndan ykdysady we durmuş taýdan bähbitlidiginiň
ýene-de bir subutnamasydyr.
Milli ykdysadyýetiň
depginli ösüşi onuň durnuklylygyndan habar bermek bilen, geljekde oňyn häsiýete
eýe boljakdygynyň hem görkezijisidir. Bu möhüm görkeziji, öz gezeginde, zähmet
potensialynyň ulanylyşynyň netijeliliginiň we hiliniň artmagyna, şeýle hem
ilatyň ähli toparlarynyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna öz göni täsirini
ýetirýändigi bilen ähmiýetlidir. Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna täze iş orunlarynyň
döredilmegi, ilatyň pul girdejileriniň yzygiderli artmagy munuň şeýledigini aňryýany
bilen subut edýär.
Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary,
talyp we diňleýji haklary ilatyň girdejileriniň esasy çeşmelerini emele
getirýär. Her birimiziň maddy hal-ýagdaýymyzyň gowulanmagyna göni täsirini
ýetirýän bu görkezijiniň möçberiniň her ýylda 10 göterim artdyrylmagy berk
ykdysady binýadyň döredilendigini aňladýar. Häzirki döwürde ilatyň
girdejilerini ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän özgertmeler geljekde bu
ugurda amala aşyryljak işlerde, ilkinji nobatda, adam bähbitlerinden ugur
alynjakdygyna ynamy pugtalandyrýar.
Zähmet – bu milli baýlygy döretmegiň esasy çeşmesi, işçi güýjüni döretmek ukyby. Çekilen zähmetiň hiline we mukdaryna görä hak tölenende, yzygiderli ýokarlandyrylanda, ol höweslendiriji wezipäni ýerine ýetirýär. Yhlasly, höwesli çemeleşilen işiň bolsa mydama bereket getirýändigi hemmä mälimdir.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
«Türkmenistan» gazeti, №207 (30812). 16.08.2023ý.