29 Awgust 2023
45
25-nji awgustda sanly ulgam
arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň 7 aýynda ýurdumyzyň
durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijelere seljerme berildi we öňde duran
wezipeler kesgitlenildi. Ykdysady ösüşi häsiýetlendirýän makroykdysady
görkezijileriň biri bolan jemi içerki önümiň şu döwürde 6,2 göterime deň
bolmagy durnukly ösüşiň saklanylýandygyna şaýatlyk etmek bilen, milli
ykdysadyýetiň mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine ýardam
berjek täze resminamalaryň kabul edilmegi ösüşiň täze ugurlarynyň
kesgitlenendigini görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde gazanylýan netijeler Türkmenstanyň dünýäniň
durnukly ösýän ýurdy hökmünde tutýan ornuny has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik
berýär. Durnuklylyk, ilkinji nobatda, tassyklanan döwlet maksatnamalarynyň
esasynda üpjün edilip, hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan
diwersifikasiýa syýasaty milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplylygyny has-da artdyrmagyň
netijeli ugurlarynyň biri bolup durýar.
Döwlet
berkararlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak wezipesinden ugur alyp, hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly
bilen ösdürilmegi, adama gönükdirilen durmuş syýasatynyň alnyp barylmagy,
ylym-bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň anala aşyrylmagy Türkmenistanyň
makroykdysady görkezijileriniň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine ýardam beren
şertlerdir.
Durmuş ulgamyny nazarlaýan ykdysady ösüş, ilkinji
nobatda, ilatyň ýaşaýyş hiliniň üpjün edilmegine ýardam berýär. Ýurduň durmuş
taýdan ösen derejesini kesgitlemekde ulanylýan bu toplumlaýyn görkeziji durmuş
ulgamynyň köpugurly ösdürilmeginiň netijesinde üpjün edilýär. Gurýan döwletiň gurply
döwletdigini bu gün Türkmenistan bütin dünýä äşgär edýär. Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe adam maýasynyň ösmegini şertlendirýän durmuş
pudaklarynyň, ýagny ylym-bilim, saglyk, medeni we sport maksatly desgalaryň
gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilmegi ýurdumyzyň beýleki pudaklarynda amala
aşyrylýan iri özgertmeleriň tiz we ýokary hilli durmuşa geçirilmegine ýardam
berýär.
Ylym-bilim durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri
bolmagynda galýar. Onuň esasy aýratynlygy adam maýasynyň ösmegini we hemişe
kämilleşmegini üpjün edýän gymmatlyk bolup durýandygy bilen baglanyşyklydyr. Şu
ýylyň 1-nji senrýabrynda - Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar
toplumynyň, hemmeleriň guwanjyna we buýsanjyna öwrülen Arkadag şäherinde Aba
Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky
mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk
orta hünär okuw mekdebiniň dabaraly açylyp ulanylmaga berilmegi bilen bagly
taýýarlyk işleriniň geçirilmegi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň adyna
kybapdaş işleriň giň gerimde durmuşa geçirilýändigini, ýaşlar baradaky aladanyň
hemişe üns merkezinde saklanylýandygyny görkezýär. Mundan başga-da, Hökümet
mejlisinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar
toplumyny, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanynda goşmaça okuw
binasyny, umumy ýaşaýyş jaýyny, şeýle hem sport desgasyny gurmak barada
hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararlary ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak, okatmagyň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak
ugrunda uly tagallalaryň edilýändiginden nyşandyr.
Ýurduň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak
wezipesi hemişe ösüşiň täze ýollarynyň gözlenilmegini, däp bolan önümçilikleriň
netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny talap edýär. Ykdysadyýetiň dürli pudaklary
boýunça işlenip taýýarlanylýan konsepsiýalardyr maksatnamalar kesgitlenen
ugurlarda tizleşdirilen ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Mejlisde “Türkmensitanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin
Konsepsiýasynyň”, “Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny
ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” tasyklanylmagy milli ykdysadyýeti
köpugurly ösdürmek ugrunda ädilen ynamly ädimleriň ýene-de biridir.
Aslynda, islendik
konsepsiýa degişli ulgamyň ösüşiniň baş ugurlaryny kesgitleýär. Türkmenistanyň
ykdysadyýetde, medeniýetde we durmuş ulgamlarynda gazananlaryny dünýä ýaýmak,
hususan-da, telekeçileriň we ýerli haryt öndürijileriň önümleri bilen köpçüligi
tanyşdyrmak guralýan halkara sergileriň esasy maksady bolup durýar. Daşary
ykdysady işi üstünlikli amala aşyrmak üçin diňe bir eksporta niýetlenen ýa-da
importy çalyşýan harytlaryň öndürilmegi ýeterlik bolman, eýsem, olary daşarky
bazarlarda öňe sürmegiň usullarynyň dogry saýlanmagy hem möhüm şertleriň
biridir. Munuň üçin daşary ýurtlarda özüniň oňyn netijelerini görkezen
usullardan peýdalanmak, ýagny söwda sergilerini we hödürleniş çärelerini
geçirmek, ýöriteleşdirilen simpoziumlary we amaly maslahatlary guramak, şeýle-de
türkmen harytlaryny, hyzmatlaryny, intellektual eýeçiligi dünýä bazarlarynda
öňe sürmek boýunça çäreleri geçirmek netijeliligi ýokary usullar hasaplanylýar.
Häzirki sanly eýýamda maglumat üpjünçiligi ykdysadyýetde netijeliligi
gazanmagyň gymmatly we ähmiýetli serişdeleriniň biridir. Bu jähetden, daşary
ykdysady işi ösdürmek we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin daşary söwda
maglumatlar ulgamynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Mejlisde hormatly
Prezidentimiziň söwda ulgamynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny mundan
beýläk-de giňeltmek baradaky tabşyryklary halkara sergilerini guramakda, sergi
işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda sanly çözgütlere aýratyn ornuň
degişlidiginiň, onuň söwda ulgamynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygynyň aýdyň
subutnamasydyr.
Häzirki
döwürde depginli ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi, ilatyň maddy we medeni
derejesiniň yokarlanmagy, ulag infrastrukturasynyň döwrebap derejede
kämilleşdirilmegi, şeýle-de ýokary durmuş hiliniň gazanylmagy netijesinde
ilatyň boş wagtynyň artmagy syýahatçylyk pudagynyň güýçli depginde
ösdürilmegini şertlendirdi. Şunuň bilen birlikde, halkara
gatnaşyklaryň geriminiň giňemegi Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň döwrebap
görnüşler bilen baýlaşdyrylmagy üçin täze mümkinçilikleri açýar. Tejribeden belli bolşy
ýaly, ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň köpüsi öz ykdysady kuwwatyny syýahatçylyk işinden alynýan girdejileriň hasabyna gowulandyrýar. Ýurdumyzda köpugurly
ösüş strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bu pudagyň ösdürilmegi üçin
birnäçe amatly şertleri döretdi. Mejlisde “Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň
halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň”
kabul edilmegi ýakyn geljekde syýahatçylyk pudagynyň milli
ykdysadyýetimiziň girdejili çeşmesine öwrülmegine itergi berjekdigine şaýatlyk
edýär.
Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly gadymy şäherler ýa-da
Köytendag, Köwata ýaly tebigatyň täsinlikleri diňe ýurdumyzyň ýaşaýjylaryny
özüne çekmän, eýsem, daşary ýurtly jahankeşdelerde hem uly gyzyklanma döredýär.
Täze maksatnamanyň daşary ýurtly
myhmanlar üçin ýurdumyzyň özüne çekijiligini artdyrmaga, ýaşaýjylar üçin
syýahat ugurlarynyň köpugurlylygyny üpjün etmäge, ýurda gelýän daşary ýurtly
raýatlar üçin wiza düzgünini ýeňilleşdirmäge we syýahatçylyk pudagynyň
kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik bermegi ýurduň girdeji çeşmeleriniň
artmagyna ýardam eder.
Şu ýylyň
ýanwar-iýul aýlarynda oba hojalyk toplumynda 105,5 göterim ösüşiň gazanylmagy,
şeýle-de özleşdirilen maýa goýumlaryň 140,6 göterime deň bolmagy bu pudagyň
depginli ösüşinden habar berýär. Mejlisde bu pudagyň netijeliligini mundan
beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, “Türkmenistanda 2024-nji ýylda bugdaýyň
bol hasylyny öndürmek hakynda” Karara gol çekilmegi ykdysadyýetiň bu pudagynyň
ösüşine döwlet tarapyndan goldaw bermekde täze tapgyra gadam basylandygyna
şaýatlyk edýär. Ýurtda ösdürilip ýetişdirilýän bugdaýyň möçberi azyk
howpsuzlygynyň esasy görkezijileriniň biridir. Onuň hasylynyň artdyrylmagy
ykdysady özbaşdaklygymyzy pugtalandyrmagyň netijeli ýoly bolup, ýurdumyzda
makroykdysady görkezijileriň gowulanmagynda öz beýanyny tapar.
Häzirki döwürde
ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň giňden ornaşdyrylmagy goşulan gymmatyň ýokary
derejesi bilen tapawutlanýan bu pudakda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagyny
şertlendirdi. Bu özgertmeler oba hojalyk önümine, önümçilik serişdelerine we ýere bolan eýeçiligiň dürli
görnüşlerine geçmek, telekeçiligi ösdürmek we oňa dürli maýadarlaryň
serişdeleriniň çekilmegini üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr. Tejribede bu
özgertmeleriň aýratyn taraplaryna, ýagny eýeçiligi özgertmek, paýnamalaşdyrmak,
bahany emele getirmek, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine ünsüň
has-da güýçlenmegine getirdi. Şunda önümçilik kuwwatynyň rejeli ulanylmagyny
berjaý etmek bilen baglanyşykly meseleler azyk üpjünçiligini mundan beýläk-de
ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolup çykyş edýär. Hususan-da, häzirki döwürde oba hojalyk maksatly
ýörite ýer gaznasynyň döredilmegi we önüm öndürijilere ýer bölekleriniň 99 ýyla
çenli möhlet bilen peýdalanmaga berilmegi, bir tarapdan, oba hojalyk önümçiligi
üçin zerur bolan ýer serişdeleriniň netijeli we aýawly ulanylmagyna, beýleki
tarapdan, önüm öndürijiniň ýere eýeçilik gözi bilen garamagyna, netijede, onuň
yhlasly zähmet çekmegine mümkinçilik berýär. Ýere eýeçilik gözi bilen garamak daýhançylykda
möhüm hasaplanýar.
Köp derejede oba hojalyk önümçiliginiň howa
şertlerine baglylygy, ýagny önümleriň we girdejileriň möwsümleýin häsiýeti oba
hojalygyna hyzmat etmek üçin ýeňillikli maliýe-karz ulgamynyň döredilmegini
talap edýär. Häzirki döwürde onüm öndürijilere oba hojalyk tehnikalaryny,
gurallaryny we abzallaryny hem-de suw tygşytlaýjy tehnikalarydyr enjamlary
satyn almak üçin, satyn alynýan serişdeleriň doly bahasynyň 70 göterimine çenli
möçberde hem-de galan bölegi üçin bolsa aljak girdejilerini girew goýmak arkaly
bank karzlarynyň berilmegi, şeýle-de önüm öndürijilere, daýhan birleşiklerine, oba
hojalyk ylmy-barlag institutlaryna oba we suw hojalygynda ulanylýan
ekskawatorlary hem-de buldozerleri satyn almak üçin ýyllyk 1 (bir) göterim
bilen, olaryň ulanyş möhletinden ugur alyp, 10 ýyla çenli möhlete her ýyl deň
paýlarda gaýtarmak şertinde ýeňillikli bank karzlarynyň berilmegi bu ugurda amatly
şertleri döredýär.
Beýleki döwletleriň tejribesinden görnüşi ýaly, strategik
ähmiýetli önümleri döwletiň satyn almagy ol ýa-da beýleki bazara gatnaşyjylara
goldaw bermegiň has netijeli çäreleriniň biridir. Şunda döwlet esasy
düzgünleşdiriji we satyn alyjy bolup durýar. Bu, öz gezeginde, bazara täsir
etmegiň netijeli guraly bolup, ol importy çalyşýan strategiýany goldamaga
mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, döwletiň önümleri satyn almagy höweslendiriji
häsiýetli gural bolup çykyş edýär.
Maksatnamada göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa
geçirilmegi geljekde oba hojalyk ulgamynyň diňe bir durmuşa gönükdirilen,
döwletiň azyk howpsuzlygyny üpjün edýän we sarp ediş isleglerini
kanagatlandyrýan pudak bolman, eýsem, halkara zähmet bölünişigine goşulyşmaga,
önümçilik kuwwatynyň mundan beýläk-de artdyrylmagy üçin zerur altyn pul
serişdelerini we maýa goýumlary çekmäge ukyply düzüm bolmagyny üpjün
etjekdigini uly ynam bilen aýdyp bolar.
Ýokarda durlup geçilen ugurlarda gazanylan ykdysady we durmuş ähmiýetli ösüşler Galkynyşa hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan köpugurly döwlet syýasatynyň öz oňyn netijelerini berýändigini, şonuň bilen birlikde, halkymyzyň bagtyýar hem-de bolelin ýaşaýşynyň üpjün edilýändigini nobatdaky gezek subut edýär.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
«Türkmenistan» gazeti, №217 (30822). 28.08.2023ý.