31 Awgust 2023

46

MEGAPOLIS – GIŇ MÜMKINÇILIKLERIŇ MEÝDANY

    «Akylly» şäherde döwrüň talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan dolandyryş, işewürlik, durmuş, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň we beýleki pudaklaryň döredilmegi ykdysadyýetiň täze «ösüş nokadynyň» kemala gelendiginden habar berýär.

     

    Dünýäde döwletleriň «akylly» şäher başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi ählumumy meseleleri çözmäge, wagty we dürli tebigy serişdeleri ykdysady taýdan tygşytlamaga hem rejeli ulanmaga ýardam berýär. Şäher infrastrukturasy onuň sanlylaşdyrylmagynyň derejesini kesgitlemekde esasy görkeziji bolup durýar.     Häzirki döwürde şäher infrastrukturasyny mundan beýläk-de sanlylaşdyrmak ugrunda dünýä ýurtlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Jaýlary awtomatlaşdyrylan tertipde dolandyrmagyň üstüniň täze gurallar we wirtual kömekçiler bilen doldurylmagy soňky döwürde köpsanly sanly çözgütleriň has köp durmuşa geçirilmegini şertlendirdi. Şunda ilat nokatlarynyň döredýän mümkinçilikleri, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň derejesi we elýeterliligi, howpsuzlygy, mobillik we ösüşiň geljekki ugurlary ýaly ykdysady we tehnologik görkezijilere aýratyn üns berilýär.

    Şäherleriň intellektuallaşmagynyň şeýle ösüş meýilleri Arkadag şäherine hem häsiýetlidir. Türkmenistanyň gurujylyk kuwwatyny dabaralandyrýan täze nusgadaky şäheriň bu meseleleri çözmekde ýeten derejesini tassyklaýan 20-den gowrak halkara güwänamalaryň we hormat hatlarynyň  gowşurylmagy ýurdumyzyň şäher döretmek işiniň dünýä üçin nusgalykdygyny aýdyň görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli Ählumumy Gün tertibinde kesgitlenen durnukly ösüşiň “Şäherleriň we ilatly ýerleriň durnuklylygy” atly 11-nji maksadynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny subut edýär.

    Arkadag şäheri döwlet ähmiýetli şäher diýen hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, ol ýurdumyzyň iri ylym-bilim, medeni we halkara merkezidir. Şäheriň birinji tapgyrynda 11 sany jemgyýetçilik binasynyň, 25 sany edara binasynyň, 19 sany bilim edarasynyň, 258 sany ýaşaýyş jaýynyň, 9 sany saglyk we sport binasynyň, şeýle-de inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň 14-siniň gurulmagy onuň Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk iri taslamadygyna şaýatlyk edýär. Onuň gurluşygynda binagärligiň we şäher gurluşygynyň öňdebaryjy usullarynyň işjeň ulanylmagy şäheriň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine hem-de onda häzirki zaman işewürlik we durmuş düzüminiň kemala gelmegine oňyn şertleri döredýär. Intellektual merkeziň täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň has-da gowulanmagyna mümkinçilik bermegi bu şähergurluşyk taslamasynyň ýokary ykdysady we durmuş netijeliliginden habar berýär.

    Tehnologik täzeleniş zähmet bazaryndaky ýagdaýyň düýpli özgermegine, ýagny täze pudaklarda we «ösüş nokatlarynda» zähmet gorlaryna islegiň artmagyna getirýär. Mundan başga-da, «akylly» tehnologiýalaryň şäher infrastrukturasyna giňden ornaşdyrylmagy işçi güýçleriniň başarnyklaryna we ukyplaryna bildirilýän talaplaryň güýçlenmegine getirýär. Ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde hünär bilimini alýan 240 sany talybyň bu döwrebap şäheriň ýaşaýyş jaýlarynyň jemi 12-sine «akylly öý» ulgamyny ornaşdyrmak işine çekilmegi sanly başarnyklary ele alan ýaş nesliň kemala gelendiginiden habar berýär.

    Ýurdumyzyň kartasynda peýda bolan «akylly» şäherde döredilen täze iş orunlarynyň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri hem, olarda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylandygyndan ybaratdyr. Iş orunlarynyň sanlylaşdyrylmagy islendik täzeçilligi çalt özleşdirmek başarnygy bilen tapawutlanýan ýaşlaryň zähmetine bolan islegi artdyrýar. Häzirki döwürde Arkadag şäherinde hereket edýän edaralaryň düzüminde ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we medeniýet ulgamyna degişli edaralaryň agdyklyk etmegi, bir tarapdan, adam maýasyny ösdürmäge ýardam berýän ykdysadyýetiň pudaklarynyň maddy binýadynyň pugtalandyrylýandygyna şaýatlyk edýän bolsa, beýleki tarapdan, ýaş nesliň intellektual derejesini ýokarlandyrmak, beden saglygyny gowulandyrmak meseleleriniň döwlet syýasatynyň baş ugry bolup durýandygyny görkezýär. Şeýle-de ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna degişli edaralarda zähmet çekýän işgärleriň düzüminde ýaşlara uly orun berilmegi bu döwlet ähmiýetli şäheriň ýaşlygyň we ýaşlaryň şäheridigini doly tassyklaýar.                                                                                                                                                                                                                                                                                             

    Maýagözel BABAÝEWA,
    Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
    ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
     
    başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.

    «Arkadag» gazeti, (10) 31.08.2023ý. 


    Yza

    Şeýle hem okaň