09 Oktýabr 2023
113
Geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3
göterime deň boldy. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durnukly ösüşiň saklanylmagy
maksatnamalaýyn çemeleşmäniň netijeliligini ýene-de bir gezek tassyklamak
bilen, häzirki döwürde hereket edýän köp sanly maksatnamalarda we
konsepsiýalarda kesgitlenen anyk wezipeleriňdir ugurlaryň ösüşiň täze
menzillerini nazarlamagyň hereketlendiriji güýjüne öwrülendigine hem şaýatlyk
edýär.
Geçen şenbede ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň
ýanwar-sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanan
maslahatlar geçirildi. Toplumlarda guralan maslahatlara ykdysadyýetimiziň
degişli ulgamlarynyň edara-kärhanalarynda we beýleki düzümlerinde ýerine
ýetirilen işlere baha berildi, olaryň jemleri jemlendi hem-de öňde duran
wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň 5-nji oktýabrda sanly ulgam
arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyryklaryny
ýerine ýetirmegiň ugurlary barada pikir alşyldy.
Ykdysadyýet – içerki we daşarky şertleriň täsir etmegi
netijesinde hemişe özgerişlere sezewar bolýan ulgam. Şunuň bilen baglylykda, milli
ykdysadyýete garaşylmadyk we duýdansyz ýagdaýlaryň täsiri peseltmek maksady
bilen, maliýe-ykdysady gurallaryň birnäçesi ulanylýar. Döwlet býujeti şeýle
gurallaryň biri bolup, ol kesgitli döwür üçin işlenip taýýarlanylýar. Bu maliýe
resminamasynda býujetiň girdejileriniň we çykdajylarynyň maddalary öz beýanyny
tapýar. Şunda onuň girdeji böleginiň çeşmeleri, şeýle-de çykdajylarynyň
gönükdirilýän ugurlary häzirki döwürde ýurtda alnyp barylýan durmuş-ykdysady
syýasatyň mazmunyna has içgin göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Ykdysadyýetiň
ösüşini býujet arkaly kadalaşdyrmak döwlet kadalaşdyryş işiniň esasy
usullarynyň biri bolup, ol durnuklylygy saklamagyň, durmuş meselelerini
çözmegiň maliýe esaslaryny emele getirýär. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Döwlet
býujetiniň girdeji böleginiň 111,7 göterim ýerine ýetirilmegi býujet
gatnaşyklarynyň netijesinde merkezleşdirilen tertipde pul serişdelerini
toplamagyň çeşmeleri babatda oýlanyşykly çemeleşilendigine şaýatlyk edýär. Bu
baş maliýe resminamasynyň girdeji böleginiň, esasan-da, salgytlaryň we
tölegleriň dürli görnüşleriniň hasabyna emele getirilýändigini nazara alsak,
onda onuň bu düzüm böleginiň, köplenç, peýdadan alynýan salgydyň we goşulan
baha üçin alynýan salgydyň hasabyna artandygyny görmek bolýar. Şunda häzirki
döwürde salgytlaryň bu görnüşleriniň önüm öndürýän ykdysady subýektler
tarapyndan tölenilýändigini bellesek ýerlikli bolar. Döwlet býujetiniň girdeji
böleginiň ýerine ýetirilişiniň bar bolan önümçilik kärhanalarynyň önümleriniň
möçberiniň artmagy, şeýle-de täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi
netijesinde ýokarlanmagy diňe bir ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň mundan
beýläk-de pugtalandyrylýandygyny alamatlandyrman, eýsem, häzirki döwürde amala
aşyrylýan maliýe-býujet syýasatynyň döwletiň ykdysady strategiýasynda ileri
tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenen maksatlardyr wezipelerden ugur alýandygyna,
şeýle hem ykdysady ösüşi gazanmaga gönükdirilen maliýe syýasatynyň üstünlikli durmuşa
geçirilýändigine şaýatlyk edýär.
Mejlisde hasabat
döwründe Döwlet býujetiniň çykdajy böleginiň 97,8 göterim ýerine ýetirilendigi
bellenildi. Häzirki döwürde döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliligini üpjün
etmek wajyp wezipeleriň hatarynda durýar. Bu, esasan, netijeli maliýe guraly
hökmünde býujetiň ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine, ony höweslendirmäge, ilatyň
durmuş üpjünçilik derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermek maksatlaryndan
ugur alýandygy bilen baglanyşyklydyr. Şol sebäpli bu serişdelerden netijeli
peýdalanylmagy bilen bagly meseleler döwletiň esasy wezipeleriniň biri bolup,
ahyrky netijede, ol ýurdumyzda durmuş abadançylygynyň
üpjün edilmegine ýardam berýär. Çykdajylar böleginiň ortaça 70 göterimden gowragynyň
durmuş maksatlary üçin ulanylmagy bolsa, ýurdumyzda durmuş ugurly ykdysady ösüşiň
saklanylýandygyny tassyklamak bilen bir hatarda, raýatlarymyzyň abadan
durmuşyny üpjün etmek üçin döwlet tarapyndan uly tagallalaryň edilýändigini hem
görkezýär.
Depginli ösüşi üpjün etmek üçin berk maddy binýadyň
zerurdygy, hususan-da, onuň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hasabyna
gazanylýandygy, şeýle-de önümçilik binýadynyň pugtalandyrylmalydygy tejribeden
bellidir. Täze önümçilikleri özleşdirmek üçin milli ykdysadyýete dürli
çeşmelerden maýa goýum serişdeleriniň çekilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Dokuz aýyň
dowamynda düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň 13,3 göterim artmagy
maksatnamalaýyn ösüşiň onyň netijeleriniň ýene-de biri bolup, ol 2023-nji ýyl
üçin maýa goýum Maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginden habar
berýär. Şu ýyl üçin niýetlenen maýa goýumlaryň umumy möçberinden 66,5
göteriminiň önümçilik ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna gönükdirilmegi ýurdumyzyň
önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmagyň baş şerti bolup, ol importyň ornuny tutýan
we eksporta niýetlenen önümleriň önümçiliginiň geriminiň giňemeginde aýdyň
beýanyny tapýar. Mejlisde hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum
Maksatnamasyny taýýarlamak barada beren görkezmeleri täze gymmaty döretmegiň
hasabyna ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmagyň logiki dowamy bolup, ol
Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetinde tutýan ornunyň mundan beýläk-de pugtalanjakdygyna
ynamy artdyrýar.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan
ykdysady strategiýasynda ýurdumyzyň önümçilik we söwda kuwwatyny artdyrmakda
türkmen işewürleriniň mümkinçiliklerini ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň häzirki şertlerinde kiçi we orta
telekeçilige ýardam bermek we olary ösdürmek çäreleriniň döwlet syýasatynyň iň
möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Geçen dokuz
aýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgininiň 108,8
göterime deň bolmagy ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl böleginiň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde, azyk
howpsuzlygyny üpjün etmekde uly güýç bolup durýandygyny görkezýär.
Häzirki döwürde
oba hojalyk pudagynda täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan önümçilikleri ösdürmek
döwletiň innowasion syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen
baglylykda, innowasiýalara esaslanýan oba hojalyk önümlerini öndürmekde kiçi we
orta telekeçilik kärhanalarynyň ähmiýeti barha artýar. Hususy ulgamyň
mümkinçilikleri diňe bir milli oba hojalyk ulgamyny ösdürmekde aýdyň beýanyny
tapman, eýsem, azygyň eksport binýadynyň ösdürilmeginde-de möhüm orun eýeleýär.
Ilki öz ilatyňy azyk önümleri bilen üpjün etmek, soňra galan bölegini daşary
ýurtlara eksport etmek ykdysady kanunlaryň biridir. Häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan agrar syýasat oba hojalyk
pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, bazar şertlerinde onuň
netijeli hereket etmegi üçin şertleri döretmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri
amala aşyrmak bilen baglanyşykly bolup, oba hojalyk önümçiliginiň öz-özüni
üpjün etmek, şeýle-de eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki guramalaryň hereket
etmegi üçin deň şertleri üpjün edýän onümçiligiň möçberini höweslendirýän
kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň döredilmegine gönükdirilendir.
Şu ýylyň 3
çärýeginiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesi tarapyndan, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
öndürilen senagat önümleriniň ösüş depgininiň 107,3 göterime deň bolmagy
ykdysadyýetiň bu böleginde senagatlaşdyrmak syýasatynyň üstünlikli durmuşa
geçirilýändiginden nyşandyr. Importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen
önümleri öndürmekde mümkinçilikleri uly bolan hususyýetçileriň «Türkmenistanda
öndürildi» diýen ýazgy bilen ekologik taýdan arassa önümleri daşarky bazarlara
ýerlemekleri üçin döwlet tarapyndan giň mümkinçilikleriň döredilmegi zähmet
bölünişiginde tutýan ornumyzyň has-da pugtalanmagyna ýardam berýän giň gerimli
işleriň durmuşa geçirilýändigini aňladýar. Mahlasy, ýurdumyzda hususyýetçilik
işiniň işjeňleşmegi ýerli çig mal serişdelerinden öndürilýän önümleriň
görnüşleriniň we möçberiniň artmagyna getirdi. Bu önümleri daşarky bazarlara
çykarmagyň mehanizmleriniň döwrebap derejede kämilleşdirilmegi döwrüň bildirýän
talaplarynyň biri bolup, ol bazar gatnaşyklaryny giňden ösdürmäge, şonuň
netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga
mümkinçilik berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri milli ykdysadyýetiň senagat pudagyny ösdürmekde täzeçe çemeleşmelere uly orun berilýän döwürdir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan senagat-innowasion syýasaty dokma senagatynyň uly depginde ösdürilmegine itergi berdi. Bu, ilkinji nobatda, çig mallaryň senagat taýdan täzeden işlenilmegi netijesinde goşulan gymmatyň döredilýändigi bilen baglanyşyklydyr. Harytlaryň eksportyny giňeltmek üçin zerur işleri geçirmek, şol sanda taýýar dokma önümleriniň eksportyny artdyrmak hem-de daşary ýurt bazarlarynda bu harytlary giňden ýaýratmak boýunça işleri işjeňleşdirmek döwrüň talaby bolup durýar. Daşary ykdysady işiň işjeňleşmegi bolsa, öz gezeginde, ýurduň ösüşe ukyplylygynyň, milletiň intellektual derejesiniň aýdyň görkezijisidir.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan
goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik
müdirliginiň
baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
«Türkmenistan» gazeti, №259 (30864) 09.10.2023ý.