10-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler
Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işlere seljerme
berildi. Onuň barşynda hasabat
döwründe jemi içerki önümiň 6,3 göterim artandygy bellenildi. Bu görkeziji ýurdumyzda
durnukly ykdysady ösüşiň saklanýandygyny aňlatmak bilen, gazanyýlan oňyn
netijeleriň ykdysadyýetiň pudaklarynyň
maksatnamalaýyn ösdürilmeginiň esasynda mümkin bolandygyndan habar berýär.
Ýurduň içinde bar bolan mümkinçilikleri ösüşiň hatyrasyna
ulanmak ykdysady nukdaýnazardan netijeli hasaplanýar. Häzirki döwürde kabul
edilen konsepsiýalardyr maksatnamalarda kesgitlenen wezipeler bu
mümkinçilikleri ösüşiň çeşmesine öwürmegiň çelgisi bolup durýar. Munuň
şeýledigine hasabat döwründe durmuş-ykdysady ösüşimizde gazanylan anyk
netijeler şaýatlyk edýär.
Döwlet býujeti
häzirki ykdysady ösüşimiziň maliýe ýagdaýyna baha bermegiň maliýe guraly bolup,
ol döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlary häsiýetlendirmäge mümkinçilik
berýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Döwlet býujetiniň
girdejiler böleginiň 110,7 göterim ýerine ýetirilmegi ykdysady ulgamyň
önümçilik kuwwatynyň yzygiderli artýandygyndan habar berýän bolsa, çykdajy
böleginiň 97,8 göterim ýerine ýetirilmegi häzirki döwürde döwlet çykdajylarynyň
ýokary netijeliligini üpjün etmegiň wajyp mesele bolup durýandygyny görkezýär. Býujetiň
serişdeleriniň rejeli ulanylmagy milli ykdysadyýetimiziň maliýe-ykdysady
durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Maliýe serişdeleriniň
maksatlaýyn ulanylmagy, oňa döwrebap gözegçiligiň amala aşyrylmagy bolsa
ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depginlerini gazanmagyň
maliýe-ykdysady esaslaryny düzýär. Bu, esasan, býujetiň ykdysady ösüşi üpjün
etmek we ony höweslendirmek, şeýle-de ilatyň durmuş üpjünçilik derejesiniň
ýokarlandyrylmagyna ýardam bermek maksatlaryndan ugur alýandygy bilen
baglanyşyklydyr. Şol sebäpli bu serişdelerden netijeli peýdalanylmagy bilen
bagly meseleler döwletiň esasy wezipeleriniň biri bolup, ahyrky netijede, ol
ýurdumyzda durmuş abadançylygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär.
Geljek 2024-nji ýyl üçin Döwlet
býujetiniň taslamasynda durmuş ulgamyny ösdürmäge zerur bolan möçberdäki serişdeleri
gönükdirmek göz öňünde tutulan. Şunda düýpli maýa goýumlaryň bir bölegini
önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş
jaýlarynyň, welaýatlardaky täze şäherçeleriň gurluşygyna gönükdirilmek baradaky çözgüt adam baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan
ugrudygyna we onuň şeýle bolmagynda galýandygyna şaýatlyk edýär.
Ykdysady
nukdaýnazardan teswirlenende, ýurtda maýa goýum işjeňliginiň artdyrylmagy,
ilkinji nobatda, ykdysadyýeti ösüşiň täze hil derejesine çykarmaga mümkinçilik
berýän ugurlaryň biridir. Has takygy, maýa goýumlar önümçiligiň düýpli
döwrebaplaşdyrylmagyna, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň
giňden ornaşdyrylmagyna, milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna
itergi berýär. Munuň netijesinde, ýurtda işe girizilýän önümçilik
kuwwatlyklarynyň sany näçe köp boldugyça, importy çalyşýan, eksporta
gönükdirilen, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişi şonça-da artýar. Mundan
başga-da, täze iş orunlarynyň döredilmegi netijesinde, ilatyň iş bilen
üpjünçilik derejesiniň ýokarlanmagyny ýurtda amala aşyrylýan işjeň häsiýetli
maýa goýum syýasatynyň oňyn netijeleriniň ýene-de biri hökmünde
häsiýetlendirmek bolar. Işjeň maýa goýum syýasatynyň alnyp barylmagy ýurdumyzda
bäsdeşlige ukyply, dünýäniň iň ösen tehnikalary we tehnologiýalary bilen
enjamlaşdyrylan, innowasiýalary özünde jemleýän ýokary ykdysady netijeli ulgamy
döretmäge we ösdürmäge mümkinçilik berýändigi bilen ähmiýetlidir. Şol bir
wagtda maýa goýum serişdeleriniň ykdysadyýetiň pudaklaryna köp möçberde
çekilmegi ýurdumyzda pudaklaýyn we düzümleýin özgertmeleriň amala aşyrylmagyna,
ýagny ykdysady netijeliligiň ýokarlanmagyna hem ýardam berýär. Bu, öz gezeginde, durmuş ýaýrawyny
maliýeleşdirmegiň çeşmeleri hökmünde ilatyň we Döwlet
býujetiniň girdejileriniň artmagyny şertlendirýär.
2022-nji ýyl
bilen deňeşdirilende, hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň
hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 7,4 göterim ýokarlandy. Mejlisde
Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde durmuş maksatly
binalaryňdyr desgalaryň 54-siniň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 34-siniň,
379,9 inedördül metr ýaşaýyş jaýynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň we
desgalarynyň gurluşyk işleriniň alnyp barlandygy aýratyn bellenildi. Bu
maglumatlar oba we şäher ilatynyň durmuş şertleriniň deňeçerleşýändiginiň, merkezden daşda ýerleşýän ilatly nokatlaryň döwrebap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Mejlisde
häzirki döwürde Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynyň
taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada durlup geçilmegi ýurdumyzda
adam bähbitlerine gönükdirilen ykdysady strategiýanyň dabaralanýandygyny
alamatlandyrýar. Ykdysadyýetiň tizleşdirilen ösüşini üpjün etmekde esasy orun
eýeleýän täzeçil çemeleşme, ýagny maýa goýumlary maksatnamalaýyn esasda
ösdürmek strategiýasy özüniň gurşap alýan möhüm durmuş wezipeleriniň gerimi we
möçberi boýunça tapawutlanýar: eksport kuwwatymyzy artdyrjak, import
garaşlylygymyzy azaltjak önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegi ykdysady
ýagdaýymyzyň has-da gowulanmagyna öz täsirini ýetirýän bolsa, onda ýurdumyzyň
dürli welaýatlarynda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň
gurulmagy her birimiziň bagtyýar, eşretli durmuşymyzy üpjün edýän möhüm
şertlerdir.
Häzirki döwürde ýurdumyzda sebitleri ösdürmek, ilatyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmak babatynda uly möçberli
taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylmagy durmuş-ykdysady öňegidişligi üpjün
etmekde bu meseleleriň näderejde wajypdygyny görkezýär. Hususan-da, dünýä
ülňülerine laýyklykda ilatyň ýaşaýyş hili kesgitlenende, ýaşaýyş jaýy bilen
üpjünçilik möhüm görkezijileriň biri hasaplanýar. Türkmenistanda alnyp barylýan
durmuş syýasatynda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny mundan beýläk-de
ýaýbaňlandyrmak işlerine aýratyn orun berilýär. Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň raýatlary üçin ýaşaýyş jaýlaryny we
şäherçeleri gurmak boýunça täze, giň gerimli, durmuş maksatly taslamalar amala
aşyrylýar. Bu ugurda gazanylan oňyn netijeler hormatly Prezidentimiziň ilatyň
ýaşaýyş hilini ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan syýasatynyň netijeliliginden
nyşandyr.
Ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň çykdajylar böleginden durmuş ugurly iri
taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilýän maliýe serişdeleriniň möçberleriniň
ýylsaýyn artmagy milli ykdysady ulgamyň ösüşe ukyplydygyndan, onuň maddy
binýadynyň berkdiginden nyşan. Mejlisde hormatly Prezidentimiziň gol çeken «Aşgabat
şäherinde döwrebap binalary, desgalary we awtomobil ýollaryny gurmak hakynda»
Karary munuň şeýledigini aňryýany bilen tassyklap, ol «Aziýanyň merjen şaheri»
diýen ykrarnama eýe bolan paýtagtymyzyň ýene-de bir künjünde ýaşaýyş üçin
amatly şertleri döretmek ugrunda kabul edilen çözgütleriň biridir.
Bu resminama
laýyklykda, Aşgabat şäheriniň «Gurtly» ýaşaýyş toplumynda 30 sany 4 gatly, her
biri 40 öýli we 16 sany 4 gatly, her biri 68 öýli ýaşaýyş jaýyny, 720 orunlyk
orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, seýilgähi hem-de ýaşaýyş toplumynyň
içerki awtomobil ýollaryny we daşarky eltiji, içerki agyz suw we lagym geçiriji
ulgamlary gurmak meýilleşdirilýär. Munuň özi täze gurluşyklaryň ak mermerli
Aşgabat şäheriniň binagärlik görküne görk goşmak bilen, ýakyn geljekde bagtyýar
maşgalalaryň ýene müňlerçesiniň jaý toýlaryny tutjakdygyny alamatlandyrýar.
Geçen 10 aýyň jemlerinden görnüşi ýaly, ýurdumyzyň iri we
orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. 2024-nji ýylyň Döwlet býujetinde
raýatlaryň durmuş-hal ýagdaýynyň has-da ýokary derejesini gazanmak maksady
bilen, geljek ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet
kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim
ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Bu görkeziji berk ykdysady binýadyň
döredilendigini ýene-de bir gezek tassyklamak bilen, şeýle girdeji çeşmeleriniň
«Döwlet býujetiniň I derejesindäki goralýan maddalar» diýlip kesgitlenmegi hem
ilatyň girdejilerini döwlet tarapyndan kepillendirmek meselesiniň näderejede
wajypdygyny we bu ugurda anyk işleriň amala aşyrylýandygyna güwä geçýär.
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
«Türkmenistan» gazeti, № () 16.11.2023ý.