DURMUŞ ÖZGERTMELERI – ABADANÇYLYGYŇ KEPILI

 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:

-                     Halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýene-de 10 göterim köpeldýäris. Ýagşy arzuw-niýetler, belent maksatlar bilen garşy alan täze ýylymyz il-ýurt bähbitli rowaçlyklaryň ýyly bolar.

Tamamlanan 2023-nji ýylyň 29-njy dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi türkmeniň öz myrasyna, beýik şahsyýetlerine sarpa goýmagy başarýan halkdygyny ýene-de bir gezek subut etdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän özgertmeler we öňde duran beýik maksatlar rowaçlyk tapyp, Magtymguly Pyragynyň arzuw eden berkarar döwleti barha gülläp ösýär. Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda alnyp barylýan köpugurly durmuş-ykdysady strategiýa döwlet berkararlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ygtybarly ýoly bolmagynda galýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylýan oňyn netijeler aňryýany bilen görkezýär.

Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşinde taryhy nukdaýnazardan täze tapgyra – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basdy. Bu döwrüň esasy maksady ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmekden ybaratdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň wajyp wezipeleriniň hatarynda kesgitlenen «ösen jemgyýeti kemala getirmek» düzünjesiniň mazmuny uly gyzyklanma döredýär.

Islendik jemgyýetiň durnukly ösüşini içki şertleriň üpjün edýändigini nazara alsak, onda raýatlaryň ýokary, howpsuz we amatly ýaşaýşynyň üpjün edilmeginiň, umuman, durmuş işine döwletiň işjeň gatnaşmagynyň şeýle şertleriň özenini düzýändigine göz ýetirmek bolýar. Bu bolsa döwlet syýasatynda adamyň, onuň bähbitleriniň, isleg-hajatlarynyň ileri tutulmagynyň ösen jemgyýetiň mizemez binýadyny emele getirýändigi barada netijä gelmäge esas döredýär.

Ilatyň ýaşaýyş şertleri ösen jemgyýetiň esasy görkezijileriniň biridir. Şunda raýatlaryň girdejisi halkyň hal-ýagdaýynyň, milli ykdysadyýetiň mümkinçilikleriniň esasy görkezijisi bolmak bilen, ol ýurtda alnyp barylýan ykdysady we durmuş syýasatyň jebisliginden, biri-biri bilen baglanyşyklygyndan habar berýär. Has takygy, durmuş hem-de ykdysady strategiýalaryň ýakyn arabaglanyşygy döwlet syýasatynyň tutuş düzüminiň möçberini we guramaçylyk hilini kesgitleýär. Amala aşyrylýan ykdysady, tilsimat, gurluş-düzüm, institusional we beýleki özgertmeleriň mazmunyna täsirini ýetirýär.

Ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyryp, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň baş maksadydyr. Şunda zähmet haky ilatyň pul girdejileriniň esasy çeşmesini emele getirýär. Zähmet bazarynyň netijeli hereket etmegi, köp babatda, onuň subýektleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly häsiýetine bagly bolup durýar. Has takygy, zähmet haky iş beriji bilen işgäriň arasynda ýüze çykýan zähmet gatnaşyklarynyň esasy meseleleriniň biridir.  Bu, öz gezeginde, sarp edilen zähmetiň mukdarynyň we hiliniň pul görnüşindäki aňlatmasy bolan zähmet hakyna zähmet bazarynyň subýektleriniň arasyndaky gatnaşyklary sazlaýan netijeli gurluşy döretmekde möhüm ornuň degişlidigini alamatlandyrýar. Ilatyň girdejilerini artdyrmak meselesiniň häzirki döwürde amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenmegi hem hut şu deliller bilen baglydyr.

Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda gol çeken Permany raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmak üçin ýurdumyzda berk ykdysady binýadyň döredilendigini aýdyň görkezýär. Bu Permana laýyklykda, 2024-nji ýylyň başyndan döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetirji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy hem-de kazyýet edaralarynyň, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, olaryň esasy gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberleri tassyklanyldy. Bu çözgüt döwrüň talaplaryna laýyklykda, işgärleriň aýry-aýry toparlarynyň girdejilerini ýokarlandyrmak babatynda degişli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň hemişe girizilip durulýandygyny görkezýär. Şunda döwrüň çagyryşlaryna öz wagtynda seslenmek häsiýeti döwletiň ösüşe ukyplydygynyň hem aýdyň görkezijisidir.

Milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginleriniň ortaça 6 göterim möçberde saklanmagy ýurdumyzda durmuş meseleleriniň has içgin çözülmegine ýardam berýän şertleriň biri bolup durýar. Ykdysady taýdan teswirlenende, ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak strategiýasy täze gymmaty döretmegiň ygtybarly we netijeli ugrudyr. Ol ösen jemgyýeti kemala getirmegiň hem içki şertidir. Bu ýagdaý, ilkinji nobatda, senagat pudagynyň milli ykdysadyýetimizde tutýan wajyp orny bilen baglanyşykly bolup, onuň çalt depginlerde ösdürilmegi täze önümleriň köp möçberde öndürilmegine ýardam bermek bilen, işgärleriň hünär derejesiniň artmagyna-da, milletiň aň-paýhas derejesiniň ýokarlanmagyna hem öz täsirini ýetirýär.

Ilatyň pul girdejileri babatynda söz açylanda, munuň özi hökmany suratda, hereket edýän edaralarda, kärhanalarda we guramalarda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek, netijede, zähmete ukyply ilaty iş bilen üpjün etmek meselelerine syrygýar. Munuň esasy sebäbi bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bilen zähmet haklarynyň ýokarlanmagyny önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün edilmegini gazanmak bilen baglanyşyklydyr. Bu şertleriň üpjün edilmegi ýokary durmuş-ykdysady netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Diýarymyzda ilatyň ýaşaýyş derejesini ösen döwletleriň derejesine ýetirmek wezipesiniň möhüm strategik wezipeleriň hatarynda kesgitlenmegi adam bähbitlerine gönükdirilen döwlet syýasatynyň geljekde hem rowaçlyklara beslenjekdigine güwä geçýär. Hususan-da, häzirki döwürde ýurdumyzda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, senagatlaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna we ilatyň pul girdejileriniň yzygiderli artdyrylmagy üçin maddy binýadyň döredilmegine ýardam berýär. Şol bir wagtda, sanly tehnologiýalaryň ösen asyry hasaplanýan häzirki döwürde zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyny üpjün edýän tehnologiýalary önümçilige, hyzmatlar bazaryna giňden ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler ykdysady ösüşimiziň hil görkezijilerine oňyn täsirini ýetirýär.

2008-2022-nji ýyllarda Türkmenistanda

ortaça zähmet hakynyň ösüşi

(2007-nji ýyla garanyňda, %-de)

DIAGRAMMA 2 



2008-2023-nji ýyllarda Türkmenistanda

pensiýalary, döwlet kömek pullaryny tölemäge gönükdirilen maliýe serişdeleriniň ösüşi

(2007-nji ýyla garanyňda, %-de)

DIAGRAMMA 1

 

                                                                                                                                                                                   Maýagözel BABAÝEWA,

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak 

ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň

baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.

«Türkmenistan» gazeti, № () 09.01.2024ý.



Yza

Şeýle hem okaň