YKDYSADY ÖSÜŞIŇ BATLY GADAMLARY

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy » ýyly diýlip atlandyrylmagynda uly many bar. Ýylyň bu şygary akyldara  goýulýan beýik sarpanyň nyşany bolmak bilen, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň we halkara at-abraýynyň mundan beýläk-de artmagyna ýardam berjek işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Döwlet dolandyryşy döwletlilik esaslaryna daýananda, halkyň halk bolmagynda, milletiň millet bolmagynda ähmiýeti uly bolan milli gymmatlyklarymyza eýerilende -  ösüşlere, özgerişliklere giň ýol açylýandygyny bu gün ýurdumyzyň mysalynda görmek bolýar. 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylda jemi içerki önümiň 6,3 göterim ýerine ýetirilendigi baradaky maglumatlar ýurdumyzda durnukly ösüşiň üpjün edilýändiginiň aýdyň mysalydyr.


Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylda ýurdumyzda jemi öndürilen önümiň öşiniň 7,8 göterime dbolmagy, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan ykdysady syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginden, ykdysadyýetiň pudaklarynda zähmet öndürijiliginiň ýokary derejesiniň gazanylýandygyndan habar berýär. Hususan-da, ýurdumyzda diwersifikasiýa, senagatlaşdyrmak syýasatynyň düýpli alnyp barylmagy bu esasy makroykdysady görkezijiniň ösüş meýline eýe bolmagyny şertlendiren sebäplerdir. Jemi içerki önümiň pudaklaýyn düzümi ýurdumyzda köpugurly ösüşiň üpjün edilýändigini görkezmek bilen, onuň bu ugry milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini saklamagyň hem ygtybarly ýoly bolup durýandygy bilen ähmiýetlidir. Hasabat döwründe 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, senagat pudagynda bu görkeziji 4,3 göterime, gurluşykda 2 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 8,4 göterime, söwdada 12,8 göterime, oba hojalygynda 4,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 5,1 göterime deň bolup, ol ykdysadyýetiň pudaklarynda önümçiligiň netijeliliginiň ýokarlanandygyna şaýatlyk edýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda üstünlikli amala aşyrylýan senagatlaşdyrmak syýasaty bu gün Türkmenistan döwletini çig mal ugrundan häzirki zaman ýokary tehnologiýaly senagata daýanýan ösen ýurda öwürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Hut şu wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzda häzirki zaman senagat üpjünçilik ulgamlarynyň emele getirilmegine, gaýtadan işleýän iri kärhanalaryň döredilmegine uly ähmiýet berýär. Bu, ilkinji nobatda, senagat pudagynyň ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň we eksport mümkinçiliklerini artdyrmagyň netijeli we ygtybarly ugry bolup durýandygy bilen baglanyşyklydyr. Senagat pudagynyň depginli ösüşi ýurdumyzda eksporta gönükdirilen we importyň ornuny tutýan önümçiligini çalt depginde ösdürmäge itergi berdi. 2023-nji ýylda senagat önümçiliginiň ep-esli artmagy, içerki bazaryň ýerli önümler bilen üpjünçiliginiň gowulanmagy we täze kärhanalaryň ençemesiniň gurulmagy bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylandygynyň aýdyň subutnamasydyr.  

Häzirki döwürde ýurdumyzyň daşary söwda kuwwatyny artdyrmak we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna amatly goşulyşmagyny üpjün etmek Türkmenistanyň möhüm maksatlarynyň biri bolup, bu meseleler, hususan-da, dünýäde maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam edýän, şeýle-de bazar ykdysady gatnaşyklaryň giňden ýaýbaňlanýan şertlerinde öz wajyplygy bilen tapawutlanýar. 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylda eksport edilýän önümleriň 11,4 milliard amerikan dollaryna barabar bolmagy munuň aýdyň güwäsidir. Bu gazanylan üstünlikler köp babatda Hökümetiň maksatnamalaýyn esasda alyp baran oýlanyşykly we işjeň hereketleriniň netijeleridir. Hususan-da, milli ykdysadyýetiň ýagdaýyny hemişe seljerip durmagyň esasynda ileri tutulýan pudaklary, milli öndürijileri höweslendirmegiň we goramagyň usullaryny kesgitlemek ýaly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmagynyň bu ugurda amala aşyrylýan işleriň netijeliligine oňyn täsirini ýetirýändigini bellemek möhümdir. Şunda jemi içerki önümiň we eksport edilýän önümleriň möçberi milli ykdysady ösüşi häsiýetlendirýän makroykdysady görkezijiler bolup, olaryň arasynda göni baglanyşygyň bardygyny bellemek zerurdyr. Ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagy milli ykdysadyýetiň dünýä hojalygy bilen baglanyşygynyň derejesini görkezýär. Bu ýagdaý, bir tarapdan, daşary bazarda bäsdeşlige ukyply önümler näçe köp ýerlenilse, ýurdumyzyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryndaky ornunyň şonça-da pugtalanýandygyny alamatlandyrýan bolsa, beýleki tarapdan, ol milli ykdysadyýetiň ösüşe ukyplydygynyň aýdyň subutnamasy bolup, eksport mümkinçiliklerimiziň artmagy, ýurdumyza altyn pul akymynyň gelmegini üpjün edýär.

Milli ykdysadyýetiň häzirki ösüşine baha berlende, ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalarynyň ýagdaýyny seljermek zerurdyr. Dünýä ýurtlarynyň arasynda bäsdeşligiň has-da ýitileşýän döwründe ykdysady ösüşi maýa goýum syýasatyny oýlanyşykly alyp barmazdan mümkin däldir. 2023-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlar, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 7,5 göterim artdy hem-de jemi içerki önümiň 18,3 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,1 göterimi önümçilik, 50,9 göterimi bolsa durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 78 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desganyň, umumy meýdany 1 million 897 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmaga berilmegi eziz Watanymyzyň gurujylyk kuwwatyndan habar berýär. Täze döredilen we durky täzelen önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalardyr desgalaryň işe girizilmegi netijesinde hasabat döwründe jemi 12 müň 274 sany täze iş orunlarynyň döredilmeginiň bolsa amala aşyrylýan maýa goýum syýasatynyň işjeň häsiýete eýedigine şaýatlyk etmek bilen, onlarça müň watandaşlarymyzyň iş bilen üpjün edilmegine, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna şert döredendigi guwandyryjy ýagdaýdyr.

Hökümet mejlisinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmak üçin, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» kabul edilmegi milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini saklamak meselesine toplumlaýyn çemeleşilýändigini alamatlandyrýar. Bu Maksatnama laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 430 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 5360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalaryň, binalaryň gurluşygyna badalga berilmegi sebitleri gyradeň ösdürmek ugrunda ädilen ädimleriň biridir.

Bu resminama laýyklykda, şu ýyl jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş ornuny döretmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, daşary söwda dolanyşygyny 20,7 milliard amerikan dollaryna ýetirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 38,5 milliard manat möçberinde maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen maksatlardyr wezipeler şu ýylda-da öz durmuş beýanyny tapar.

Bu gün Türkmenistan halkara giňişlikde abadançylyk derejesi ýokary bolan döwlet hökmünde bilinýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ady bilen taryha giren geçen ýyl ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, ilaty durmuş taýdan goramak ugrunda saldamly işleriň birnäçesiniň amala aşyrylmagy adam baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolandygynyň we häzirki döwürde hem şeýle bolmagynda galýandygynyň aýdyň güwäsidir. Mejlisde 2023-nji ýylyň jemleri boýunça, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet hakynyň 9,9 göterim ýokarlanandygy bellenildi.

2024-nji ýylda zähmet haklarydyr pensiýalaryň, döwlet kömek pullarydyr  talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly, ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak wezipesiniň şu ýyl üçin kabul edilen döwlet strategiýasynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenmegi Türkmenistanda döwlet gurluşynyň nusgasynyň ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýandygyny, saýlanan ösüş ýoluna ygrarlygydygyny we bu ýoluň biziň günlerimizde-de dowam etdirilýändigini aňladýar.

Umuman, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ähli ugurlarda gazanylan ykdysady we durmuş ähmiýetli ösüşler, sözüň doly manysynda, geljekki öňegidişliklere badalga bolup, ata Watanymyzyň halkara at-abraýynyň mundan beýläk-de pugtalanmagyna ýardam berer. 




Maýagözel BABAÝEWA,

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak

ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň

baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.

«Türkmenistan» gazeti,  14.02.2024ý.


Yza

Şeýle hem okaň