ÖSÜŞIŇ TÄZE MENZILLERINI NAZARLAP
Golaýda, 16-nji
fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýan
edilen şu ýylyň ýanwar aýynda gazanylan makroykdysady
görkezijiler ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz
tarapyndan başyny başlanan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen
mynasyp dowam etdirilýän özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli amala
aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Ilkinji aýda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady
ösüşinde gazanylan netijeler “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary
astynda geçýän 2024-nji ýylyň turuwbaşdan zähmet joşgunyna beslenendigini
aňladýar.
Milli
ykdysadyýetiň ösüşini häsiýetlendirmekde makroykdysady görkezijilere aýratyn
orun degişli bolup, olaryň seljermesi ösüşiň häzirki zaman ýagdaýyna we
mazmunyna doly göz ýetirmäge, ýüze çykýan meseleleridir öňde duran wezipeleri
aýdyňlaşdyrmaga, täsir edýän şertleri bahalandyrmaga we ösüşiň geljekki ugurlaryny
kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Hökümet mejlisinde şu ýylyň ilkinji aýynda
jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň saklanyp, 6,3 göterim artandygy, 2023-nji
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň 8,2 göterim
köpelendigi bellenildi.
Ylmy taýdan
teswirlenende, jemi içerki önüm we jemi öndürilen önüm milli ykdysadyýetiň
önümçilik we önümçilik däl pudaklarynyň ykdysady işleriniň ahyrky netijelerini
häsiýetlendirýän görkezijilerdir. Şunda jemi içerki önüm ýurdumyzyň
giňişliginde ähli öndürijiler tarapyndan maddy önümçilikde we hyzmatlar
ulgamynda öndürilen önümleriň jemi gymmatyny aňladýar. Jemi öndürilen önüm bolsa
kesgitli döwrüň dowamynda ýerli öndürijiler tarapyndan öndürilen önümleriň we
hyzmatlaryň jemi gymmatyndan ybaratdyr. Soňky görkeziji ykdysadyýetiň
pudaklarynda ýerine ýetirilýän işleriň netijeliliginden habar berýär. Mundan
başga-da, bu görkezijiniň esasy aýratynlygy milli önümleri öndürmekde ýurdumyzyň
çägindäki tebigy, zähmet we maliýe serişdeleriniň ulanylmagy bilen
baglanyşyklydyr. Ahyrky netijede, makroykdysady görkezijileriň ikisi hem milli
ykdysadyýetiň häzirki zaman ösüşine giňişleýin baha bermäge ýardam berýär.
Hasabat
döwründe jemi öndürilen önümiň ösüş meýline eýe bolmagy goşulan gymmata
salynýan salgytlary töleýjileriň sanynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Şol bir
wagtda ol başga möhüm makroykdysady görkezijiniň gowulanmagynda öz beýanyny
tapýar, has anygy, Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň möçberiniň
ýokarlanmagyny şertlendirýär. Bu görkezijileriň aýrylmaz baglanyşygyny anyk
sanlar bilen tassyklap bolar: ýagny 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda, geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň
meýilnamasy 104,8 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,1 göterim ýerine
ýetirildi. Bu maglumatlar milli ykdysadyýetimiziň sagdyn ýagdaýyny we durnukly
ösüşini häsiýetlendirýär.
Ykdysadyýet –
bu, ilkinji nobatda, birnäçe düzüm birlikleriniň arasynda ýüze çykýan
gatnaşyklar bolup, olar näçe sazlaşykly guralan bolsa, ykdysady we durmuş
netijeliligi şonça-da ýokary bolýar. Hojalyk subýektleriniň özara gatnaşyklary
önümçilik, alyş-çalyş, sarp ediş we paýlamak çygyrlarynda täzeden döredilýär. Şunda
sarp edişiň derejesi ilatyň girdejileri bilen göni baglanyşykly bolup, ol tölege
ukyplylygyň esasy görkezijileriniň biridir. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
şu ýylyň ilkinji aýynda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,6 göterim
artdy. Bu görkeziji ilatyň pul girdejilerini harytlara çalyşmak arkaly, ýüze
çykýan ykdysady gatnaşyklary aňlatmak bilen, ol satylan harytlaryň umumy mukdaryny
görkezýär.
Häzirki döwürde önümçiligi höweslendirmek we girdejileri
artdyrmak arkaly, durmuş-ykdysady ösüşiň täze derejesini üpjün etmek döwlet
strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birigir. Ykdysady taýdan
teswirlenende, ilatyň girdejileri halkyň durmuş hal-ýagdaýynyň häzirki zaman
derejesini häsiýetlendirmek bilen, ol ykdysadyýet bilen durmuş ulgamynyň arasyndaky göni
baglanyşygy üpjün edýär. Girdejileriň esasy böleginiň sarp ediş çykdajylaryna
öwrülip, ýene-de ykdysady ulgama dolanyp gelmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Beýleki
tarapdan, bu baglanyşyk zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hasabyna
girdejileriň möçberi artdyrylan ýagdaýynda ösüşiň üpjün edilýändigini aňladýar.
Häzirki döwürde zähmet haklary ilatyň girdejileriniň esasy çeşmesini emele
getirýär. Ýanwar aýynyň jemleri boýunça, 2023-nji ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk
zähmet hakynyň 10 göterim ýokarlanmagy ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesini
ýokarlandyrmak ugrunda döwlet tarapyndan uly tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Ilatyň durmuş derejesiniň döwlet tarapyndan
düzgünleşdirilmeginiň, esasan, milli ykdysadyýetimiziň üstünliklerine we jemi
içerki önümiň ösüşine esaslanýandygy aýratyn guwandyryjydyr. Amala aşyrylýan giň
gerimli özgertmeler diňe bir ýurduň ykdysadyýetini pugtalandyrmaga däl, eýsem, gazanylýan
ykdysady netijeleri döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek arkaly, adamlaryň
hal-ýagdaýlarynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge hem ýardam edýär. Ykdysady ösüşde gazanylýan şeýle oňyn netijeler ykdysady syýasaty durmuşa
geçirmekde täzeçil çemeleşmelerden ýerlikli peýdalanylýandygy bilen
baglanyşyklydyr. Has takygy, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy
2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny”
durmuşa geçirmek maksady bilen, her ýyl üçin amala aşyrylmaly wezipeleriň
bellenilmegi, olary ýerine ýetirmeli düzüm birlikleriň we ýerine ýetirilmeli
möhletleriniň anyk kesgitlenmegi bu ugurda döwlet dolandyryşynyň netijeliligini
artdyrmaga itergi berýän usullaryň biridir.
Ýurdumyzyň sebitleriniň gyradeň ösdürilmegini gazanmakda we olary
sazlaşdyrmakda maýa goýum işine aýratyn orun degişlidir. Durmuş-ykdysady ösüşiň
kuwwatly iteriji güýçleriniň biri hökmünde maýa goýum syýasaty, bir
tarapdan, milli ykdysadyýetiň häzirki
makroykdysady ýagdaýy, beýleki tarapdan, maýa goýum serişdeleriniň möçberi
bilen şertlendirilendir. Şunda dünýäde we ýurtda kemala gelen şertleriň hemişe
seljerilip durulmagy bu syýasatyň ugurlarynyň, möçberleriniň üýtgemegine, olara
düzedişleriň girizilmegine getirýär. Has anygy, bu ugurda geçirilen
seljermeleriň esasynda alnan netijeler ösüşiň häzirki tapgyrynda ykdysady
syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge, maýa goýum serişdelerini
önümçiligiň ösüşine ýa-da durmuş maksatly binalardyr desgalary gurmaga
gönükdirmegiň maksada laýyklygyny delillendirmekde esas bolup durýar. Şu ýylyň
ýanwar aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, maliýeleşdirmegiň
ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 24,6 göterim
ýokarlandygyny şeýle çemeleşmäniň oňyn netijesi hökmünde kabul edip bolar. Maýa
goýumlaryň möçberiniň artmagy diňe bir şu ýylyň degişli döwri üçin häsiýetli
bolman, eýsem, bu ösüş meýliniň geçen ýyllarda hem durnukly saklanandygyny
bellemek zerurdyr.
Ykdysady nukdaýnazardan häsiýetlendirilende, maýa goýumlaryň gönükdirilýän
obýektleri hemişe özgerişliklere sezewar bolýar. Bu häsiýet, ilkinji nobatda,
olaryň tebigatyna mahsus bolan aýratynlyklar bilen baglanyşyklydyr: ilki bilen
gönükdirilýän maliýe serişdeleri maýa goýuma öwrülýär, soňra maýa goýumlary
ulanmagyň netijesinde alnan girdeji bolsa indiki täze tapgyryň maýa goýum
serişdeleriniň çeşmesini emele getirýär. Beýle diýildigi, ykdysadyýetiň ähli
pudaklarynda täze kärhanalaryň gurulmagyna ýa-da bar bolanlarynyň durkunyň
täzelenmegine gönükdirilen maliýe serişdeleriniň özüni ödemek möhleti
tamamlanandan soňra sap girdejisiniň artýandygyny we onuň belli bir möçberiniň
maýa goýum maksady üçin ulanylýandygyny aňladýar. Strategik meýilnamalaşdyryşda
ykdysadyýetiň inkär edip bolmaýan bu kadasyndan oýlanyşykly peýdalanylanda, onuň
ykdysady we durmuş netijeliliginiň ýokary derejesini gazanmak mümkinçiligi
artýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň ösüşleriniň mysalynda görmek bolýar.
Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň
düzüminde maýa goýumlaryň tutýan paýynyň ep-esli artmagy alnyp barylýan maýa
goýum syýasatynyň işjeň häsiýetinden habar berýär. Şol bir wagtda olaryň
düzüminde eýeçiligiň görnüşleri boýunça bolup geçýän özgerişlikleriň ykdysady
netijeliligi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýändigi hem aýratyn nygtalmaga
mynasypdyr. Ýagny maýa goýum syýasaty milli ykdysadyýetiň diňe bir döwlete
degişli böleginde däl, eýsem, döwlete degişli däl böleginde hem, şeýle-de
daşary ýurt maýadarlar üçin hem maýa goýumlaryny amala aşyrmak işlerinde
amatlyklary döretmek zerurlygyndan ugur alýar. Ýurdumyzda maýa goýum
akymlarynyň uly möçberlerde çekilmegi döwlet tarapyndan maýa goýum işini alyp
barmagyň syýasy, ykdysady, hukuk esaslarynyň döredilendigini alamatlandyrýar. Milli
ykdysadyýetimiziň düzümleýin özgerdilmegini üpjün etmekde hem geljekki ösüşlere
niýetlenen bu serişdeleriň ähmiýeti örän uludyr.
Häzirki döwürde ykdysadyýetiň hususy böleginiň kuwwatyny
ýokarlandyrmak, jemi içerki önümde olaryň tutýan paýyny mundan beýläk-de
artdyrmak 2024-nji ýyl üçin bellenen wezipeleriň ileri tutulýan ugurlaryň biri
hökmünde kesgitlendi. Mejlisde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba
hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgininiň, 2023-nji ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,4 göterime, senagat önümçiliginiň ösüş
depgininiň bolsa 104,6 göterime barabar bolandygy bellenildi. Bu statistik
maglumatlar hususyýetçileriň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, öňde
duran gaýragoýulmasyz meseleleri çözmekde ägirt uly güýç bolup durýandygyna
güwä geçýär.
Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2024-nji ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, pudaklaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, jemi içerki önümiň depginini durnukly saklamak ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigi barada beren tabşyryklary şu ýylda hem il-bähbitli özgertmeleriň depginli dowam etdiriljekdigini, ykdysadyýetde gazanylýan netijeleriň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin berk maddy binýat boljakdygyny alamatlandyrýar.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
«Türkmenistan» gazeti, № 45 (30980) 20.02.2024ý.