TÄZEÇE GARAÝYŞ – BELENT SEPGITLERE BADALGA
Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň jemlerine
bagyşlanyp geçirilen mejlisinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ykdysady ösüşiň
gazanylandygy bellenildi. Şu ýylyň ilkinji iki aýynda jemi içerki önümiň ösüş
depgininiň 6,3 göterim derejede saklanmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýan ykdysady syýasatynyň oňyn netijesidir. Ykdysady
strategiýanyň esasy aýratynlygy ýurduň önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň hasabyna
milli ykdysadyýetimizi yzygiderli pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Şunda diwersifikasiýa
möhüm üns berilmegi, oýlanyşykly durmuş syýasatynyň alnyp barylmagy
makroykdysady görkezijileriň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine ýardam berýän
şertlerdir.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
jemi öndürilen önüm 7,9 göterime deň boldy. Bu makroykdysady görkeziji ýurdumyzda
diwersifikasiýa syýasatynyň oýlanyşykly alnyp barylýandygyny aýdyň görkezýär. Ykdysady
strategiýada diwersifikasiýa syýasaty dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň häzirki
çylşyrymly şertlerinde ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň we uzak
geljekde onuň ösüşe ukyplylygyny üpjün etmegiň netijeli ugry hökmünde kesgitlenildi.
Häzirki döwürde bu ugur ýurdumyzy ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatnamalarynda
mynasyp orun eýeleýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:
Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli
maksatnamasy” hem ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Häzirki döwürde Türkmenistan uzak möhletleýin we
durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin diwersifikasiýa syýasatyny oýlanyşykly
durmuşa geçirýän döwletleriň biri bolup, ol birnäçe ugurda amala aşyrylýar. Hususan-da,
gaýtadan işleýan senagaty we hyzmatlar bazaryny ösdürmegiň hasabyna
ykdysadyýetiň diwersifisirlenen ösüşini gazanmak ileri tutulýan ugur bolup
durýar. Şunda milli ykdysadyýetiň ýangyç-energetika pudagyna garaşlylygyny
azaltmagyň ygtybarly ýoly hökmünde telekeçilik ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn
ähmiýet berilýär. Hasabat döwründe senagatda ösüş depgininiň 5,6 göterim
derejede saklanmagy milli ykdysadyýetiň köpugurly ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Bu görkezijiniň söwdada 8,1 göterime, ulag we aragatnaşykda 6,6 göterime, oba
hojalygynda 3,9 göterime deň bolmagy ykdysadyýetiň ähli pydaklarynda ýokary
netijeliligiň gazanylýandygyna şaýatlyk edýär.
Hökümet mejlisinde bölek satuw haryt
dolanyşygynyň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim,
daşary söwda dolanyşygynyň 1,1 göterim ýokarlanandygy bellenildi. Şunda bölek
satuw haryt dolanyşygy ilatyň pul girdejilerini
harytlara çalyşmak arkaly, ýüze çykýan ykdysady gatnaşyklary aňlatmak bilen,
satylan harytlaryň umumy mukdaryny görkezýän bolsa, onda daşary söwda
dolanyşygy ýurda getirilýän we beýleki ýurtlara iberilýän harytlaryň mukdaryny
häsiýetlendirýär. Umuman aýdylanda, soňky görkeziji dünýä ykdysadyýetinde
ýurdumyzyň tutýan ornundan habar berýär.
Dünýä ykdysadyýetiniň depginli
ösýän häzirki şertlerinde döwlet syýasatynda daşary söwda ulgamynyň
ösdürilmegine aýratyn üns berilmegi, ilkinji nobatda, onuň ýurduň ösüşiniň
esasy makroykdysady görkezijilerine özüniň uly täsirini ýetirýändigi bilen
baglanyşyklydyr. Mysal üçin, eksport edilýän önümleriň möçberiniň artmagy diňe
bir ýurda altyn pul akymlarynyň gelmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem,
türkmen önümleriniň daşarky bazarlara çykarylmagy ýerli öndürijilerimiz
tarapyndan bäsdeşlige ukyply önümleriň has-da köp öndürilmegini höweslendirýär.
Netijede, jemi içerki önümiň, şol sanda öndürilýän ýokary hillisiniň möçberi
artýar. Mundan başga-da, söwda gatnaşyklarynyň oňyn netijeleri, öz gezeginde,
önümçiligiň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagynda, işgärleriň hünär başarnygynyň
ýokarlanmagynda, täze iş orunlarynyň döredilmeginde öz aýdyň beýanyny tapýar.
Bu aýratynlyklar daşary söwda ulgamynyň netijeli guralan, işiň oýlanyşykly ýola
goýlan ýagdaýynda ýurduň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine oňyn täsirini
ýetirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Daşary söwda
gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak üçin, ilkinji nobatda, ýurtda öndürilýän
harytlaryň köpgörnüşliligini we hiliniň ýokarylygyny üpjün etmek zerur bolup
durýar. Munuň üçin milli ykdysadyýete maýa goýumlaryň köp möçberde çekilmegi,
şeýle-de türkmen işewürleriniň eksporta gönükdirilen we importyň ornuny tutýan önümleri
öndürmäge çalyşmagy täze mümkinçilikleri açýar. Milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmekde
eksport bilen birlikde, importy çalyşýan syýasaty oýlanyşykly alyp barmak ygtybarly
ýollaryň biri bolup durýar. Bu syýasatyň ykdysady, jemgyýetçilik-durmuş we strategik netijeliliginiň ýokary
bolmagy ýurtlary özüne çekiji edýär. Onuň
ykdysady ähmiýeti ýurduň içindäki çig mallaryň, zähmet
gorlarynyň we maliýe serişdeleriniň netijeli ulanylmagynda, önümçilik kuwwatyny
ösdürmegiň esasynda barha artýan islegleri kanagatlandyrmakda öz beýanyny
tapýar. Hususan-da, importyň ornuny tutýan syýasatyň ýurtda maýa goýum
syýasatynyň has-da işjeňleşmegine itergi berýändigi aýratyn bellärliklidir.
Mejlisde habar berlişi ýaly, ýanwar-fewral aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna
özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 24,6 göterim artmagy munuň şeýledigini aňryýany bilen
tassyklaýar. Işjeň häsiýetli maýa goýum syýasatynyň amala aşyrylmagy
netijesinde ýurdumyzda täze önümçilikleriň işe girizilmegi we bar bolanlarynbyň
durkunyň täzelenmegi diňe bir importyň ornuny
tutýan önümleriň mukdarynyň artmagyna däl, eýsem, täze iş orunlarynyň
döredilmegine, netijede, ilatyň iş bilen meşgullygynyň ösmegine, döwletiň
ykdysady howpsuzlygynyň pugtalanmagyna-da ýardam berýär. Ilatyň ýaşaýyş
derejesiniň gowulanmagy, ylmy-tehniki ösüşiň işjeňleşmegi we ilatyň bilime
isleginiň artmagy bu syýasatyň jemgyýetçilik-durmuş ähmiýetli netijeleriniň ýokarydygyny görkezýär.
Importyň ornuny tutýan önümleriň diňe içerki bazara däl, eýsem, daşarky bazarlara-da gönükdirilýändigini nazara alsak, onda önümiň bäsdeşlige ukyplylygynyň derejesiniň ýokary bolmagy möhüm şertleriň biri hasaplanýar. Munuň üçin diňe bir önümçilikleriň döredilmegi ýeterlik bolman, tutuş ykdysadyýetiň, degişli infrastrukturanyň we durmuş ulgamynyň hilini ýokarlandyrmak zerurlygy-da ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, milli önüm öndürijileri höweslendirmek çäreleriniň we goldaw bermegiň dürli mehanizmleriniň işlenip taýýarlanylmagy hem-de durmuşa ornaşdyrylmagy bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Häzirki döwürde bu ugurda döwlet tarapyndan amala aşyrylýan saldamly işler eksport gönükdirilen we importyň ornuny tutýan önümçilikleriň geriminiň giňemegine, netijede, ykdysady kuwwatyň mundan beýläk-de pugtalanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
«Türkmenistan» gazeti, № 59 (30994) 07.03.2024ý.