ABADANÇYLYGYŇ WE DURMUŞ TAÝDAN ÖSÜŞIŇ BÄHBIDINE


Ministrler Kabinetiniň 12-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň 2025 – 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanandygy barada habar berildi. Bu hoş habar ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň nobatdaky ykrarnamasy boldy.

 

Dünýäniň iň iri, abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de işjeňleşdirmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, şol wagtdan bäri hem bu iri gurama bilen gatnaşyklary üstünlikli ösdürip, ähli döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlyk saklaýar. Ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni kuwwatyny ählumumy abadançylgyň bähbidine ulanmak babatda tagallalar edilýär. BMG ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply ýeke-täk uniwersal halkara guramasy bolup durýar.

Häzirki wagtda parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, ählumumy durmuş abadançylygyny üpjün etmäge gatnaşmagyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenilmegi ýöne ýerden däldir. Bu işjeňlik, bir tarapdan, Bitaraplyk hukuk derejesi bilen baglydyr, beýleki tarapdan, munuň özi ýurdumyzyň durnukly ösüşiň hökmany şerti hökmünde howpsuzlygy we abadançylygy pugtalandyrmakdaky tagallalarynyň goldanylýandygyny alamatlandyrýar.

Dünýä ösüşiniň şu güni we geljegi seljerilende, durmuş-ykdysady meseleleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine zerurlyk möhüm talap bolup öňe çykýar. BMG tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi ählumumy strategiýa bolup, onda durnukly ösüşi üpjün etmegiň maksatlary, wezipeleri we görkezijileri anyk bellenilendir. Şunda durnukly ösüşiň binýatlaýyn çygyrlarynyň biri bolan durmuş ugruna aýratyn ähmiýet berilmeginde uly many bar. Asyl manysy boýunça durmuş ösüşi, ilkinji nobatda, ähli ýurtlarda ýaşaýan adamlaryň durmuş mümkinçiliklerini amala aşyrmakdan, durmuş şertlerini gowulandyrmakdan  ybaratdyr.

Türkmenistan bu gün dünýä jemgyýetçiligine durmuş taýdan ösüşiň oňyn nusgasyny görkezýär. 2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisiniň dowamynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde Türkmenistanyň 2025 – 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ynsanperwer durmuş syýasatyyň dünýä ýüzünde barha dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsidir.

Ykdysady we Durmuş geňeşi (ECOSOC) BMG-niň hem-de onuň düzümine girýän edaralaryň ykdysady, durmuş işini utgaşdyrýan esasy edara bolup durýar. Şunda bu düzüm durnukly ösüşiň üç çygryny - ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlaryny amala aşyrtmakda merkezi orny eýeleýär. Onuň ählumumy derejede ýüze çykýan ykdysady, durmuş we ekologiýa meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat etmegi agzalan ugurlarda dürli sebäpler bilen dörän kynçylyklara bilelikde garşy durmaga, olaryň ýaramaz täsirini peseltmek ýa-da aradan aýyrmak ugrunda tagallalary birleşdirmäge ýardam berýär.

ECOSOC-nyň ýöriteleşdirilen edarasy – Durmuş ösüşi boýunça komissiýasy ýurdumyzyň gazananlaryny we toplan oňyn tejribesini öwrenmek hem-de olary ulanmak, bu ugurda täze teklipleri hödürlemek üçin amatly halkara giňişligi döredýär, durmuş ösüşi bilen bagly meseleler boýunça ählumumy dialogy işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär. Komissiýa agzalyk dünýä ýurtlarynda durnukly ösüşi üpjün etmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak babatynda bilelikdäki çözgütleri kabul etmäge, bu ugurda dürli ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmäge şertleri döredýär.

Ýurdumyzyň dürli ýyllarda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň komissiýalaryna birnäçe gezek agzalyga saýlanandygyny bellemek gerek. Geňeşiň Durmuş ösüşi: Neşe serişdeleri; Ilat we ösüş; Aýallaryň ýagdaýy; Durnukly ösüş boýunça komissiýalarynyň we beýleki düzüm birlikleriniň bolmagy onuň ygtyýarlygyna degişli meseleleriň köptaraplydygyndan, olaryň biri-birleri bilen baglydygyndan habar berýär. 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň ECOSOC-nyň 2024-2028-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna saýlanmagy hem adamzady tolgundyrýan wajyp meseleleri bilelikde çözmek boýunça türkmen tarapynyň tagallalarynyň uludygyny görkezýär. Şeýle hem ýurdumyzyň häzirki zaman ösüş modeliniň beýleki ýurtlar üçin nusga alarlyk derejedäki tejribeleriň biridigine şaýatlyk edýär.

Durmuş ösüşi boýunça komissiýanyň düzümine 46 sany agza ýurtlar girýär. Onuň her ýylda bir gezek geçirilýän hökmany we birnäçe gysga möhletli mejlislerinde ösüşe ýardam bermek, durmuş syýasaty çygrynda ýurt hem-de dünýä derejesinde halkara standartlaryň ornaşdyrylyşynyň gözegçiligini amala aşyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu komissiýa Watanymyzyň 2020-nji ýyldan bäri agzalyk edýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu döwürde ýurdumyz ählumumy durmuş abadançylygyny ýokarlandyrmaga saldamly goşant goşdy. Türkmenistanyň Durmuş ösüşi boýunça komissiýanyň «Ýaşlaryň gatnaşmagynda syýasat we maksatnamalar» atly Kararnamanyň awtordaşy bolmagy hem adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen işlere Türkmenistanyň işjeň gatnaşygyny görkezýär. Bu resminama komissiýanyň 61-nji sessiýasynda kabul edildi. Onuň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen 2023-nji ýylda kabul edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň logiki dowamy bolup, ol milli, sebitleýin we ählumumy derejede durmukly ösüşi üpjün etmekde ýaşlaryň intellektual kuwwatyna we döredijilik güýjüne uly ähmiýet berilýändiginiň nyşanyna öwrüldi.

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän giň gerimli işleri Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmaga ýardam bermek bilen, olaryň oňyn netijeleri durmuş ulgamynda has-da äşgär duýulýar. Tejribeden belli bolşy ýaly, islendik döwletiň durmuş taýdan ösen derejesi birnäçe görkezijiler arkaly kesgitlenilýär. Girdejileri artdyrmak, iş üpjünçiligini ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmek, gender deňligini gazanmak, ýokary hilli bilimiň elýeterliligi, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak ýaly belent maksatlary öz içine alýan işler ýurdumyzda guwandyryjy netijeleri berýär.

Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylar böleginiň ortaça 70 göterimden gowrak möçberiniň durmuş ulgamynyň ösüşine gönükdirilmegi, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň  ýylyň-ýylyna 10 göterim ýokarlandyrylmagy, ilatyň ýaşaýyş jaý bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmagy ata Watanymyzyň durmuş derejeli döwlet hökmünde dünýäde tutýan ornuny has-da pugtalandyrýar.  

Türkmenistanyň dünýä ösüşiniň meselelerini bilelikde çözmek boýunça öňe sürýän garaýyşlarydyr teklipleri ählumumy bähbitleriň hatyrasyna parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy we abadançylygy pugtalandyrmaga ýardam berýär.

 


Maýagözel BABAÝEWA,

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak 

ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň

baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.


«Türkmenistan» gazeti, №100 (31035) 24.04.2024ý.


Yza

Şeýle hem okaň