12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň geçen alty aýynda durmuş-ykdysady ösüşimizde gazanylan netijelere baha berildi we geljekde öňde duran möhüm wezipeler kesgitlenildi. Mejlisde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Biziň alyp barýan syýasatymyz bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir» diýen sözleri ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak wezipesiniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatyyň durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.
Üstümizdäki
ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda önümçilik hem-de hyzmatlar ulgamynda gazanylan oňyn
netijeleriň ykdysadyýeti dolandyrmagyň oýlanyşykly usullaryny ulanmagyň
esasynda mümkin bolandygy nygtalmaga mynasypdyr. Maksatnamalaýyn çemeleşme
şeýle usullaryň biri bolup, onda ösüşiň häzirki tapgyrynda wajyp meseleleriň
çözgüdine gönükdirilen maksatlary netijeli durmuşa geçirmegiň ýollaryna,
gurallaryna, serişdelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Belli bir maksat bilen
işlenip taýýarlanylýan milli maksatnamalar häzirki zaman ösüşiniň
durmuş-ykdysady häsiýetli meselelerini çözmegiň usuly hökmünde peýdalanylýar.
Hususan-da, milli ykdysadyýetiň köpugurly ösdürilýän şertlerinde bu meseleleriň
wajyplygy has-da artýar. Ykdysadyýetiň depginini çaltlandyrmagyň özboluşly
guraly hökmünde diwersifikasiýa syýasaty ýurtda jemlenen içerki mümkinçilikleri
ösüşiň hatyrasyna ulanmaga ýardam berýär. Tejribeden belli bolşy ýaly,
diwersifikasiýa esasynda ösdürilýän ykdysadyýetler özüniň durnuklylygy bilen
tapawutlanýar. Çünki ykdysadyýetiň köpugurlylaşdyrylmagy makroykdysady
deňagramlylygy saklamaga päsgel berýän ol ýa-da beýleki önümçilik we eksport
ýöriteleşmesine garaşlylygy azaldýar, içerki we daşarky amatsyz şertlerde-de
ykdysady howpsuzlygy pugtalandyrýar, täze, tehnologik taýdan has çylşyrymly
bolan önümleri, importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek üçin şertleri
döredýär. Munuň şeýledigine geçen alty aýda pudaklarda alnyp barlan işleriň
netijeleri-de şaýatlyk edýär.
mümkinçiliklerini
ykdysady ösüşiň çeşmesine öwürmek ugrunda saldamly işler amala aşyrylýar. Bu,
ilkinji nobatda, önümiň özüne düşýän gymmatynyň pesdigi, ýurtda önüm öndürmek
üçin zerur bolan çig mal we zähmet serişdeleriniň ýeterlik mukdarda
jemlenendigi bilen baglydyr. Hasabat döwründe senagat pudagynda 3,6 göterim
ösüşiň gazanylmagy onuň kuwwatynyň artmagyna, hususan-da, dokma, gaýtadan
işleýän senagat pudaklary bilen bir hatarda, himiýa kärhanalarynyň işiniň çalt
depginde ösmegine getirdi. Şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça
«Türkmenhimiýa» döwlet korserni tarapyndan önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine
ýetirmegiň meýilnamasynyň 132,6 göterim berjaý edilmegi munuň şeýledigini tassyklaýar.
Häzirki döwürde himiýa senagatyna degişli kärhanalaryň kuwwatlyklaryny netijeli
peýdalanmak barada öňde goýlan anyk wezipeler ykdysadyýetimiziň durnukly
ösüşini üpjün etmekde, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda bu pudagyň
näderejede wajyp orun eýeleýändigini görkezýär. Birinjiden, ýurdumyzda himiýa
senagaty üçin çig mallaryň uly gorlarynyň bolmagy, beýleki tarapdan, öndürilýän
himiýa önümleriniň daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanmagy bu pudagyň
kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak üçin mümkinçilikleriň bardygyna güwä
geçýär. Bilşimiz ýaly, täze önümçilik kärhanalarynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň
önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmak bilen bir hatarda, goşmaça iş orunlarynyň
ýüze çykmagyna hem şert döredýär. Netijede, ykdysady binýadyň pugtalanmagy
durmuş meseleleriniň has-da içgin çözülmegini şertlendirýär.
Diwersifikasiýa
syýasaty köpugurly ösüşi aňlatmak bilen, ol durmuş-ykdysady ösüşde bar bolan
töwekgelçilikleriň derejesini peseltmäge mümkinçilik berýär. Ol milli
ykdysadyýetiň diňe aýry-aýry pudaklara baglylyk derejesini peseldýär we
ykdysady netijeliligiň ýokarlanmagyna getirýär. Häzirki döwürde jemi içerki
önümde senagat, ulag we aragatnaşyk, söwda pudaklarynyň paýynyň ýylyň-ýylyna
artmagy munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir. Has takygy, 2023-nji ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň geçen alty aýynyň jemleri boýunça ösüş
depgini gurluşykda 9,3 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 7,3 göterime,
söwdada 7,8 göterime, oba hojalygynda 5,8 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9
göterime deň boldy. Şu döwürde jemi öndürilen önümiň 11,5 göterim artmagy
ýurdumyzda ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda
durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň oňyn netijeleridir. Bu statistik
maglumatlar, öz gezeginde, milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy
bilen, önümçiligiň hemme görnüşleriniň taýýar önümi çykarmaga ukybynyň
artýandygyny, bazar hyzmatlarynyň köptaraplaýyn ýola goýulýandygyny, şeýle-de
innowasion ösüşleriň düýbüniň tutulýandygyny aýdyň görkezýär.
Depginli
ösüşi üpjün etmek üçin berk maddy binýadyň zerurdygy, hususan-da, onuň zähmet
öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hasabyna gazanylýandygy, şeýle-de önümçilik
binýadynyň pugtalandyrylmalydygy tejribeden bellidir. Täze önümçilikleri
özleşdirmek üçin milli ykdysadyýete dürli çeşmelerden maýa goýum serişdeleriniň
çekilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Ýanwar-iýun aýlarynyň dowamynda düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň
20,8 göterim artmagy maksatnamalaýyn ösüşiň onyň netijeleriniň ýene-de biri
bolup, ol 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa
geçirilýändiginden habar berýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, özleşdirilen maýa goýumlaryň 48,5 göteriminiň önümçilik
ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna gönükdirilmegi ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny
ýokarlandyrmagyň baş şerti bolup, importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen
önümleriň önümçiliginiň geriminiň giňemeginde aýdyň beýanyny tapýar. Maýa
goýumlaryň 51,5 göteriminiň durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna
gönükdirilmegi adam maýasynyň ösmegine oňyn täsirini ýetirýän bilim, saglygy
goraýyş, medeniýet, bedenterbiýe, sport ulgamlarynyň depginli ösdürilýändiginiň
aýdyň güwäsidir.
Hökümet
mejlisinde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, oba hojalyk
pudagynda 5,8 göterim ösüş gazanylandygy bellenildi. Bu pudagy döwrebap
derejede kämilleşdirmegiň zerurlygy onuň çözýän meseleleriniň wajypdygy bilen
düşündirilýär. Öndürilýän azyk önümleri diňe bir makroykdysady görkeziji bolan
jemi içerki önümiň artmagyna ýardam bermän, eýsem, azyk garaşsyzlygyny hem
üpjün edýär. Çünki azyk önümleri ýurduň içinde, ýagny hususy önümçiligiň
hasabyna näçe köp öndürildigiçe, şonça-da döwletiň azyk babatda garaşlylygynyň
derejesiniň pes bolýandygy hemmelere mälimdir. Bu ýagdaý, öz gezeginde, azyk
garaşsyzlygynyň islendik döwletiň syýasy garaşsyzlygynyň baş şerti bolup
durýandygyny, şol bir wagtda azyk önümleri bilen üpjünçilik derejesiniň ýurduň
azyk howpsuzlygynyň pugtalanmagyna ýardam berýändigini görkezýär.
Dünýäniň
köp döwletlerinde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem azyk howpsuzlygyny
pugtalandyrmakda ileri tutulýan ugurlar oba hojalygyny ösdürmekden, munuň üçin
ony goldamagyň degişli çärelerini kabul etmekden, içerki we daşarky bazarlarda
bäsleşige ukyplylygy ýokarlandyrmakdan, milli önüm öndürijileri goldamakdan,
eksporty höweslendirmekden ybaratdyr. Öz-özüňi azyk bilen üpjün etmek islendik
döwlet üçin strategik ähmiýetli wezipe bolup durýar. Azyk meselelerini çözmegiň ýollarynyň we
mehanizmleriniň dürli-dürlüdigine garamazdan, öz oba hojalyk pudagyny
ösdürmegiň esasynda durnukly önümçiligi gazanmak howpsuzlyk nukdaýnazardan
möhüm hasaplanýar.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak
hakynda» gol çeken Permanyna laýyklykda, obasenagat toplumynda giň gerimli
özgertmeler ýaýbaňlandyryldy. Degişli Kararyň esasynda 2024-nji ýylyň
hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy
raýatlarymyzyň daýhançylyk işi bilen has höwesli meşgullanmagyna itergi berdi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda galla öndürmek baradaky
şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilip, ýurdumyzyň zähmetsöýer
gallaçylary tarapyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýetişdirilmegi
bu özgertmeleriň oňyn netijelerinden habar berýär.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň gerimli durmuş
özgertmeleri ýurdumyzyň dünýäniň durmuş derejeli döwletleriniň hatarynda ykrar
edilmegine şert döredýär. Şunda ýurduň durmuş abadançylygyny birnäçe
makrogörkezijiler arkaly häsiýetlendirip bolýar. Döwlet býujeti ýurdumyzyň
maliýe ýagdaýyny görkezmek bilen, onuň girdejileriniň we çykdajylarynyň düzümi häzirki döwürde alnyp barylýan
durmuş-ykdysady syýasatyň hiline baha bermäge mümkinçilik döredýär. Soňky
ýyllaryň dowamynda bu maliýe resminamasynyň çykdajylar böleginiň ep-esli
möçberiniň durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilmegi döwletimiziň şeýle
özgertmeleri amala aşyrmak üçin berk maddy binýadynyň bardygyny tassyklaýar.
Täze taryhy
döwrüň döwlet syýasatynda kesgitlenen strategik maksatlar ilatyň hal-ýagdaýyny
gowulandyrmaga, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigi
bilen tapawutlanyp, ol ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelge esasynda
amala aşyrylýar.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
«Türkmenistan» gazeti, №185 (31120) 22.07.2024ý.