DURMUŞ IŞI BOÝUNÇA HÜNÄR KÄMILLEŞDIRIŞ OKUWYNY TAMAMLAN HÜNÄRMENLERE ŞAHADATNAMA GOWŞURMAK DABARASY

Hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň parasatly döwlet ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli, maksatnamalaýyn durmuş-ykdysady özgertmeler ýurdumyzda ilatyň durmuş goraglylygynyň ýokarlanmagyny üpjün edýär, raýatlaryň zähmet hukuklarynyň we kepillikleriniň ýokary derejede durmuşa geçirilmegi üçin giň mümkinçilikleri we şertleri döredýär.

Ýurdumyzyň durmuş ulgamyny kämilleşdirmegi göz öňünde tutýan, her bir raýatyň abadan durmuşda ýaşamagyny kepillendirýän, şeýle hem ilatyň ähli gatlaklarynyň durmuş mümkinçiliklerini we bähbitlerini üpjün edýän işler üstünlikli dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Öz ýerine ýetirýän işiniň talaplaryna we häsiýetine laýyk gelýän zerur hünär derejesi bolan hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär ussatlyklaryny artdyrmak maksady bilen, Ministrligimiz bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk alyp barýan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde 5 sany Moduldan ybarat bolan, Durmuş işi boýunça hünär kämilleşdiriş okuwynyň Maksatnamasy taýýarlanyldy we şol maksatnama esasynda durmuş ulgamynda işleýän hünärmenleriň üçin umumy, amaly we tejribe okuwlar tapgyrlaýyn gurnaldy.

Okuwlar “Durmuş işiniň standartlary we hukuk esaslary”, “Durmuş işinde aragatnaşygy we gatnaşyklary ýola goýmak”, “Ýüze çykarmak, şahsy zerurlyklara baha bermek we aýratyn meýilnama düzmek”, “Aýratyn meýilnamany ýerine ýetirmek, gaýtadan şahsy zerurlyklara baha bermek, aýratyn meýilnamany gaýtadan gözden geçirmek we işi ýapmak hem-de monitoring”  we “Durmuş işi boýunça hünärmenleriň hünäriniň ýokarlandyrylmagy we goldaw” atly temalar boýunça geçirildi.

Geçirilen okuwlar hünärmenlere durmuş işiniň kanuny esaslaryny we etiki kadalaryny berjaý etmäge, öz işinde täze çözgütleri ulanmaga, logiki pikirlenmäni artdyrmaga, wakany aýdyň beýan etmäge, hyzmatdan peýdalanyjy bilen aragatnaşyk guramaga, maşgalanyň zerurlyklaryny çuňňur öwrenmäge, işi alyp barmagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen amaly gurallary özleşdirmäge mümkinçilik döretdi. Bu bolsa hünärmenlere üstünlik gazanmagyň esasy şerti hökmünde ömür boýy öwrenmäge ygrarlylygy we bu ugurlarda kämillige ymtylmagy üçin esas boldy.

Şunuň bilen baglylykda 2025-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Durmuş işi boýunça hünär kämilleşdiriş okuwynyň ähli Modullaryny üstünlikli tamamlan Ministrligiň we onuň garamagyndaky edaralaryň hünärmenlerine, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň usulyýetçi mugallymlaryna şahadatnama gowşurmak dabarasy geçirildi. 


Yza

Şeýle hem okaň