Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) «Türkmenistanda
mynasyp zähmeti öňe sürmek we çaga zähmetiniň hem-de mejbury zähmetiň öňüni
almak» atly taslamasynyň çäklerinde 2026-njy ýylyň 12-nji iýuny – 11-nji
awgusty aralygynda ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Mary, Daşoguz we Balkan
welaýatlarynyň şäherlerinde we etraplarynda zähmet hukuklaryny goramak, şeýle
hem howpsuz we mynasyp zähmet şertlerini üpjün etmek bilen bagly meseleler
boýunça edara-kärhanalaryň, guramalaryň wekilleriniň we ilatyň habarlylygyny
ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri geçirildi.
Geçirilen çärelere Türkmenistanyň Zähmet we ilaty
durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Adalatçynyň diwanynyň, Türkmenistanyň Baş
prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň
Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri,
şeýle hem HZG-niň Türkmenistandaky taslamasynyň ýolbaşçysy, milli utgaşdyryjysy
we işgäri gatnaşdylar.
Geçirilen çäreleriň esasy maksady ilatyň zähmet
çygryndaky milli we halkara kadalary, adamyň zähmet hukuklaryny goramaga, çaga
zähmetiniň öňüni almaga we mejbury zähmetiň islendik görnüşlerine ýol
bermezlige gönükdirilen düzgünler boýunça hukuk sowatlylygyny we habarlylygyny
has-da ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.
Duşuşyklaryň dowamynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň
zähmet çygryndaky kanunçylygynyň düzgünleri, çagalaryň we ýaşlaryň hukuklaryny
goramak, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň zähmet şertlerine bildirilýän talaplar,
şeýle hem halkara zähmet standartlary we Halkara Zähmet Guramasynyň degişli
konwensiýalary barada düşündirişler berildi.
Çäreleriň dowamynda ýaş nesilde zähmete hormat
goýmak düşünjesini kemala getirmek, bilim almagyň we hünär taýýarlygyny
geçmegiň ähmiýetine hem aýratyn üns berildi. Çagalara ýokary hilli bilim
almaga, öz ukyplaryny ösdürmäge, zerur bilimleri we başarnyklary edinmäge
mümkinçilikleriň döredilmeginiň olaryň sazlaşykly ösüşiniň we geljekde üstünlik
gazanmagynyň möhüm şertleriniň biridigi bellenildi.
Çäreleriň çäklerinde çaga zähmetiniň we mejbury
zähmetiň öňüni almak, raýatlaryň zähmet hukuklaryny goramak we mynasyp zähmet
ýörelgelerini mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler boýunça pikir
alyşmalar geçirildi. Gatnaşyjylar maglumat-düşündiriş we öňüni alyş işlerini
dowam etdirmegiň, şeýle hem bu ugurda pudagara hyzmatdaşlygy has-da
pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.
Geçirilen çäreler Türkmenistan bilen Halkara Zähmet
Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, şeýle
hem zähmet çygryndaky milli mehanizmleri kämilleşdirmäge möhüm goşant boldy.
«Türkmenistanda mynasyp zähmeti öňe sürmek we çaga zähmetiniň
hem-de mejbury zähmetiň öňüni almak» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi mynasyp
zähmeti ilerletmek, raýatlaryň zähmet hukuklaryny üpjün etmek, howpsuz,
adalatly we halkara zähmet standartlaryna laýyk gelýän zähmet gurşawyny kemala
getirmek boýunça bilelikdäki işleriň möhüm ugurlarynyň biridir.
Türkmenistanyň etraplarynda geçirilen maglumat
beriş-düşündiriş çäreleri ilatyň zähmet hukuklary, halkara zähmet standartlary
we mynasyp zähmet ýörelgeleri baradaky habarlylygynyň ýokarlanmagyna, şeýle hem
bu ýörelgeleriň Türkmenistanda mundan beýläk-de öňe sürülmegine ýardam etdi.