10 AÝYŇ JEMLERI: DURNUKLY ÖSÜŞIŇ OŇYN NETIJELERI

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda geçirilen mejlisinde şu ýylyň 10 aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijeler baradaky meselelere seredildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş derejesiniň 6,3 göterime deň bolmagy ýurdumyzda dürli ugurlarda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň oňyn netijelerinden habar berýär. Şonuň bilen birlikde-de, ol Türkmenistanyň  halkara giňişlikde ykdysadyýeti durnukly ösýän ýurt hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýandygyna şaýatlyk edýär.

 

Ykdysadyýet biri-birine bagly pudaklaryňdyr ulgamlaryň jemi hökmünde çykyş edýär. Olaryň arasynda sazlaşykly gatnaşyklaryň üpjün edilmegi bolsa durnukly ýagdaýyň gazanylmagyna itergi berýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda dürli ugurlarda kabul edilen konsepsiýalardyr strategiýalar, maksatnamalardyr meýilnamalar, ilkinji nobatda, şol düzümleriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ykdysady gurallar we serişdeler arkaly düzgünleşdirilmegine gönükdirilendir. Bu çemeleşme maksatnamalaýyn ösüşiň döredýän artykmaçlyklarynyň biri bolup, onuň oňyn netijeleri durnukly ykdysady ösüşimiziň üpjün edilmeginde aýdyň beýanyny tapýar. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň on aýynda jemi öndürilen önümiň ösüş depgininiň 11,8 göterim artmagy tutuş ykdysady ulgamyň bitewi ulgam hökmündäki sazlaşykly hereketiniň netijesidir. Bu görkeziji ýurduň içinde öndürilen önümleriň möçberine we görnüşlerine ykdysady taýdan baha bermäge mümkinçilik berýär. Öz gezeginde, ýerli öndürijiler tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ýylyň-ýylyna artmagy entek ulanylmadyk içerki mümkinçiliklerimiziň uludygyny-da görkezýär. Ösüşe ukyply bolmak, ykdysady nukdaýnazardan, içerki we daşarky şertleriň çalt üýtgäp durýandygyna garamazdan, milli ykdysadyýetiň täze ýagdaýlara tiz uýgunlaşmaga ukyplydygyny aňladýar. Şunda ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak ygtybarly ýollaryň biri hasaplanýar.

Häzirki döwürde bäsdeşlik artykmaçlyklary ýokary bolan pudaklaryň mümkinçiliklerini ykdysady ösüşiň çeşmesine öwürmek dünýä tejribesinde giňden ulanylýan çemeleşmeleriň biri hasap edilýär. Bu, ilkinji nobatda, önümiň özüne düşýän gymmatynyň pesdigi, önüm öndürmek üçin zerur bolan çig mal we zähmet serişdeleriniň ýurtda ýeterlik mukdarda jemlenendigi bilen baglanyşyklydyr.

Hasabat döwründe milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk pudagynda 10,9 göterim ösüş gazanylmagy guwandyryjy görkezijileriň biri bolup, ol ýurdumyzyň gurujylyk kuwwatynyň ýokary derejesiniň aýdyň güwäsidir. Sanly çemeleşmeleriň giň gerimi bilen tapawutlanýan, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk “akylly” şäher taslamasy bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy, “Gurtly” ýaşaýyş toplumynda dowam edýän gurluşyk işleri, ýurdumyzyň sebitlerinde gurulýan dürli önümçilik we durmuş maksatly desgalar eziz Watanymyzyň gurluşyk meýdançasyna öwrülendigine şaýatlyk edýär. Gurulýan desgalardyr binalaryň köp böleginiň durmuş maksatly bolmagy, ýagny her bir raýatyň sagdyn ösmegi, ylymly-bilimli bolmagy, medeniýetli dynç almagy, hünär bilimine eýe bolmagy we kämilleşdirmegi, ýaşaýyş jaýy bilen üpjünçiliginiň gowulanmagy üçin şertleriň döredilýändigini aňladýar. 

Islendik ýurduň ykdysady kuwwaty onuň senagatlaşma derejesine bagly. Jemi içerki önümde bu möhüm pudagyň tutýan orny näçe ýokary boldugyça, onuň bäsdeşlige ukyplylygy-da şonça ýokary bolýar. Senagatlaşma, bir tarapdan, önümçilige täze tehnikalaryň we tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny bilen baglanyşykly bolsa, beýleki tarapdan, ol içerki we daşarky bazarlarda sarp edijileriň barha artýan isleglerini kanagatlandyrýan köpgörnüşli hyzmatlaryň we önümleriň önümçiliginiň görkezijisidir. Senagatlaşma işiniň degişli önümleri öndürmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny talap etmegi-de onuň işgärleriň hünär bilimleriniň ýokarlanmagyna itergi berýän güýç hökmündäki häsiýetli aýratynlygy bilen baglanyşyklydyr. Netijede, bu sebäpleriň ählisi önümiň hiliniň ýokarlanmagyna getirýär. Öndürilýän önümiň ýokary hili, öz gezeginde, bäsdeşlige ukyplylygyň esasy görkezijisi bolup çykyş edýär. Bu görkeziji bolsa onuň daşary bazarlarda tutýan ornunyň ygtybarlylygyny kepillendirýär. Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda senagat pudagynda 2,5 göterim ösüşiň üpjün edilmegi ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak ugrunda uly tagallalaryň edilýändigine şaýatlyk edýär.

Aslynda, köpugurly ösüş ykdysadyýete harytlary öndürmekden we hyzmatlary ýerine ýetirmekden gelýän girdeji çeşmeleriniň ugurlarynyň artdyrylmagyny aňladýar. Has takygy, ykdysady pudaklaryň sanynyň artdyrylmagy netijesinde, milli ykdysadyýet köpugurly ösüşe eýe bolýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ulag-aragatnaşyk toplumynda ösüş depgininiň 6,7 göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime, söwdada 9 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň bolmagy milli ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda durnukly ösüşiň gazanylýandygyny alamatlandyrýar. Şu ýylyň on aýy boýunça bölek satuw haryt dolanyşygynyň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,5 göterim köpelmegi içerki bazarda sarp edijileriň önümlere we hyzmatlara barha artýan isleglerini kanagatlandyrmakda guwandyryjy sepgitlere ýetilendigini görkezýär.

Tejribeden mälim bolşy ýaly, maýa goýumlar – durnukly ykdysady ösüşi gazanmagyň işjeň guraly, onuň iteriji güýji. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 25,2 göterime artmagy onuň ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileriniň ýokarlanmagyna düýpli täsirini ýetirýän şertleriň biri bolup durýandygyny tassyklaýar. Mejlisde önümçilik ugurly maýa goýumlaryň möçberlerini we netijeliligini artdyrmak boýunça işlere ünsi güýçlendirmegiň öňde durýan wajyp wezipe hökmünde kesgitlenmeginde-de uly many bar. Ol, ilkinji nobatda, jemi içerki önümi öndürmekde önümçilik pudagynyň tutýan möhüm orny bilen baglanyşyklydyr. Bu pudaklara maliýe serişdeleri näçe köp gönükdirilse, goşulan gymmat şonça-da artýar, netijede, milli ykdysadyýetimiziň kuwwaty ýokarlanýar. Bu kanunalaýyklyk ýurtda önümçilik desgalaryny gurmaklygyň durmuş-ykdysady taýdan bähbitlidigini tassyklamak hem-de dünýäde kemala gelen çylşyrymly şertlerde ykdysady syýasatda bu ugra ünsi has-da güýçlendirmegiň strategik ähmiýete eýedigini ýüze çykarýar. Mundan başga-da, täze önümçilik desgalarynyň işe girizilmeginiň anyk hünär ugurlary boýunça hünärmenler bilen üpjün edilmegine, ahyrky netijede, ýurduň bilim kuwwatynyň artdyrylmagyna hem şert döredýändigi aýratyn nygtalmaly ýagdaýdyr. Sebäbi  täze döredilen her bir iş ornunda zähmet çekjek işgäriň hünär bilimlerine anyk talaplar bildirilýär. Hususan-da, soňky döwürde önümçiliklere sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy döwrüň talaplaryna laýyk gelýän sanly hünär başarnyklary bolan hünärmenler bilen üpjün etmek zeruryýetini artdyrýar. 

Ykdysadyýetiň pudaklarynda gazanylýan durnukly ösüş durmuş özgertmelerini giňligine we çuňlugyna amala aşyrmagyň mizemez binýady bolup durýar. Döwlet býujeti milli ykdysadyýetimiziň häzirki ösüşine baha bermegiň maliýe guraly bolup, onuň girdeji bölegi ykdysady ösüşimiziň esasy ugurlaryny häsiýetlendirýän bolsa, onda bu maliýe resminamasynyň çykdajylarynyň düzümi merkezleşdirilen tertipde toplanan serişdeleriň paýlanylyşyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2024-nji ýyl üçin tassyklanan Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 102,8 göterim ýerine ýetirilmegi ýurdumyzda maliýe çygrynda işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu görkeziji ýurdumyzda bar bolan kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy, täzeleriniň döredilmegi netijesinde salgyt töleýjileriň sanynyň köpelýändigini aýdyň görkezýär. Mejlisde hasabat döwründe Döwlet býujetiniň çykdajy böleginiň 97,7 göterim ýerine ýetirilendigi nygtaldy. Häzirki döwürde ilatyň girdejileriniň möhüm çeşmeleri bolan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň, şeýle hem beýleki birnäçe durmuş tölegleriniň ýokarlandyrylan möçberleriniň şu maliýe çeşmesinden tölenilmegi, beýleki ýyllarda bolşy ýaly, Döwlet býujetiniň durmuş ugurlylygyny saklaýandygyndan habar berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ilatyň bu girdeji çeşmelerini 10 göterim ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Bu çözgüdi geljek ýylda hem ýurdumyzda adam bähbitlerine gönükdirilen ýoluň dowam etdiriljekdigine, adam baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galjakdygyna güwä geçýär. 

Maýagözel BABAÝEWA,

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak 

ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň

baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.


«Türkmenistan» gazeti, №290 (31225) 12.11.2024ý.


Yza

Şeýle hem okaň