Türkmenistan – Halkara Zähmet guramasy: Durmuş abadançylygynyň bähbidine

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeler ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny kabul etmegi zerur hasaplaýaryn. Bu Konsepsiýa iş üpjünçiligi boýunça halkara guramalar, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde, hususan-da, Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmakda möhüm ädim bolar diýip pikir edýärin» diýip belledi. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň bu abyraýly edarasy bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyz üçin möhüm ähmiýete eýediginiň ýene bir aýdyň mysaly boldy. Şu jähetden ugur alyp, Halkara Zähmet Guramasynyň işi, düzgünleridir ugurlary barada giňişleýin söhbet etmegi makul bildik.

 

Halkara Zähmet guramasy (HZG) BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi hökmünde zähmet gatnaşyklaryny we durmuş üpjünçilik meselelerini düzgünleşdirýän köptaraplaýyn halkara edaradyr. Ol 1919-njy ýylda Wersal parahatçylyk şertnamasynyň esasynda Milletler Birleşiginiň ýanynda özbaşdak gurama hökmünde döredildi.

Guramanyň Düzgünnamasynyň 2-nji maddasyna laýyklykda, onuň esasy edaralary Halkara Zähmet konferensiýasy, Administratiw geňeş we Sekretariat – Halkara zähmet býurosydyr. HZG-niň edaralarynda üçtaraplaýyn düzümiň, ýagny: hökümetiň; iş berijileriň we işgärleriň wekilçiliginiň bolmagy onuň esasy aýratynlygy bolup durýar. Guramany döredijileriň pikirine görä, bu aýratynlygyň oňaýly tarapy hökümetleriň kömegi bilen iş berijileriň we işgärleriň arasyndaky gepleşiklere ýardam etmekden ybaratdyr.

Halkara Zähmet konferensiýasy HZG-niň umumy syýasatyny kesgitleýän, durmuş-zähmet meseleleri we halkara zähmet kadalary boýunça umumy garaýyşlaryň ara alnyp maslahatlaşylýan bütindünýä forumydyr. Her iki ýyldan Konferensiýa HZG-niň işiniň iki ýyllyk maksatnamasyny kabul edýär we býujetini tassyklaýar. HZG-niň Düzgünnamasynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, Halkara Zähmet konferensiýasy zähmetiň dürli meseleleri boýunça konwensiýalary we teklipleri işläp taýýarlaýar, HZG-niň ratifisirlenen konwensiýalary boýunça döwletleriň hasabatlaryna seredýär, konwensiýalaryň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýar.

Administratiw Geňeş HZG-niň ýerine ýetiriji edarasydyr. Halkara Zähmet konferensiýasynyň mejlisleriniň arasynda guramanyň işine Konferensiýa tarapyndan üç ýyl möhlet bilen saýlanýan Administratiw geňeş ýolbaşçylyk edýär. Bu düzüm guramanyň işi bilen baglanyşykly çözgütleriň ýerine ýetirilişiniň tertibini kesgitleýär.

Halkara Zähmet býurosy guramanyň hemişelik sekretariaty hökmünde maslahatlaryň we mejlisleriň dowamynda peýdalanylýan resminamalary hem-de hasabatlary taýýarlamak bilen meşgullanýar. Halkara Zähmet býurosynyň işine 5 ýyllyk möhlet bilen saýlanýan baş direktor ýolbaşçylyk edýär. Dolandyryş meselelerinde býuronyň sebit edaralaryna aýratyn ygtyýarlylyk berilýär. Sebit edaralary tarapyndan HZG-niň agzalary bolan döwletler üçin zähmetiň howpsuzlygy, zähmet gatnaşyklary, iş bilen üpjünçilik, hünär taýýarlygy meseleleri boýunça yzygiderli sebitleýin duşuşyklar guralýar. Esasy edaralardan başga-da, guramanyň kömekçi edaralary, komitetleri we komissiýalary bar.

1946-njy ýylda BMG-niň we Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekilmegi bilen, Halkara Zähmet Guramasy Milletler Birleşiginiň ýöriteleşdirilen edarasynyň hukuk derejesini alan ilkinji halkara gurama bolýar. Ylalaşyk 1946-njy ýylyň 14-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan makullanyldy, onuň teksti bolsa soňky ylalaşyklaryň köpüsiniň esasyny düzdi.

Halkara Zähmet Guramasy häzirki wagtda durmuş-ykdysady ösüşe ýardam bermek, adamlaryň maddy-hal ýagdaýyny ýokarlandyrmak we zähmet şertlerini gowulandyrmak, adamyň hukuklaryny goramak ýaly maksatlara aýratyn üns berýär. Bu maksatlar zähmet çygrynda hukuklary we binýatlyk ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmak; mynasyp iş bilen üpjünçiligi gazanmak üçin aýallaryň we erkekleriň mümkinçiliklerini giňeltmek; durmuş üpjünçiliginiň netijeliligi hem-de hemmeleri gurşap almagy; üçtaraplaýyn gepleşikleri we durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly strategik wezipeleriň durmuşa geçirilmegi bilen amala aşyrylýar hem-de HZG-niň halkara resminamalarynda aýratyn kesgitlenilýär.

Konwensiýalar, teklipler we ýerine ýetirilmeli düzgünleriň ýygyndylary görnüşinde halkara zähmet kadalaryny döretmegiň esasynda işgärleriň hukuklaryny kesgitlemek we goramak, zähmet çekýänleriň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak HZG-niň möhüm maksatlarynyň birine öwrüldi. Netijede, Halkara Zähmet Guramasy tarapyndan zähmet bilen bagly 189 sany konwensiýa we 200 den gowrak teklip kabul edildi.

1944-nji ýylda ABŞ-nyň Filadelfiýa şäherinde geçirilen Halkara Zähmet konferensiýasynda HZG-niň umumy maksatlaryny hem-de wezipelerini kesgitleýän Filadelfiýa Jarnamasy kabul edildi. Bu Jarnama HZG-niň Düzgünnamasynyň möhüm düzüm bölegine öwrüldi. Mundan başga-da, 1998-nji ýylda Halkara Zähmet Guramasynyň ýene bir Jarnamasynyň kabul edilmegi bilen, bileleşme erkinligi we köpçülikleýin gepleşikleriň geçirilmegine bolan hukuk; zähmet gatnaşyklarynda kemsidilmeleriň gadagan edilmegi; mejbury zähmeti ýok etmek; çaganyň zähmetini ulanmagy gadagan etmek ýaly zähmet çygrynda 4 sany esasy ýörelge guramanyň Düzgünnamasyna girizildi.

Türkmenistan 1993-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda HZG-niň agzasy boldy we onuň bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürip gelýär. Guramanyň doly hukukly agzasy hökmünde häzirki wagta çenli döwletimiz onuň 11 sany Konwensiýasyna şol sanda binýatlyk hasaplanylýan Konwensiýalaryň ählisine goşuldy.

Türkmenistan özüniň goşulyşan konwensiýalaryndan gelip çykýan borçnamalara ygrarly bolup, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksinde, Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde, «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda we beýleki kanunçylyk namalarynda HZG-niň konwensiýalaryndan gelip çykýan ýörelgeler beýan edildi.

HZG-niň üçtaraplaýynlyk ýörelgesiniň milli kanunçylyga ornaşdyrylýandygynyň subutnamasy hökmünde, 2018-nji ýylyň oktýabrynda kabul edilen «Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny görkezmek bolar. 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilen bu Kanun durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topary döretmegiň hem-de onuň işiniň hukuk esaslaryny kesgitledi. 2019-njy ýylyň 8-nji iýunynda kabul edilen Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, ýurdumyz HZG-niň 1976-njy ýylyň 21-nji iýunyndaky “Halkara zähmet kadalaryny ulanmaga ýardam bermek boýunça üçtaraplaýyn geňeşmeler hakyndaky” 144-nji Konwensiýasyna goşuldy.

Durmuş hyzmatdaşlarynyň arasynda gepleşikleri geçirmek ýörelgesini berkitmäge gönükdirilen bu Konwensiýa zähmet çygrynda ähli ugurlary öz içine alýan halkara zähmet kadalaryny işläp taýýarlamak, durmuşa geçirmek we ulanmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça üçtaraplaýyn maslahatlaşmalar üçin hökümetleriň, iş berijileriň we işçileriň guramalaryny birleşdirmegi maksat edinýär.

Durmuş syýasatynyň zähmet gatnaşyklary bilen utgaşykly ösdürilmegi wajyp bolup durýar. Çünki zähmet gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrýar, ilatyň iş üpjünçilik meselesiniň çözülmegine ýardam berýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2021-nji ýylyň 13-nji martynda kabul eden karary bilen, ýurdumyz HZG-niň 1964-nji ýylyň 9-njy iýulyndaky “Iş üpjünçilik syýasaty hakyndaky” 122-nji Konwensiýasyna goşulyşyp, HZG-niň maksatlaryna we ýörelgelerine uly ähmiýet berilýändigini ýene-de bir gezek subut etdi.

Bu Konwensiýa doly, öndürijilikli we erkin saýlanan iş üpjünçilik syýasatyny ösdürmäge gönükdirilip, guramanyň agza döwletlerinde iş gözleýän we işe başlamaga taýýar adamlar üçin işiň bolmagyny, işleriň mümkingadar öndümliliginiň her bir işgär üçin iş saýlamak hem-de hünär öwrenmek azatlygynyň we ukyp-başarnyklaryny ulanmak üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegini maksat edinýär.

Häzirki wagtda ýurdumyz tarapyndan Halkara Zähmet Guramasynyň birnäçe möhüm ähmiýetli konwensiýalaryna goşulyşmak boýunça işler dowam etdirilýär.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çäginde Türkmenistanyň Hökümeti bilen HZG-niň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2023-nji ýyl üçin «Ýol kartasy» kabul edilip, onda bellenen çäreler üstünlikli durmuşa geçirdi. Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, bilelikdäki alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Hökümeti bilen HZG-niň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy» kabul edilip, ol häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Onuň çäklerinde HZG-niň hünärmenleri tarapyndan zähmet gözegçiligini (inspeksiýasyny) geçirmegiň, zähmet şertnamalaryny (şol sanda möwsümleýin işlerde zähmet şertnamalaryny) baglaşmagyň öňdebaryjy halkara tejribelerini öz içine alýan, şeýle hem halkara zähmet konwensiýalaryna goşulmak mümkinçiliklerini öwrenmäge ýardam berýän okuw maslahatlary guralýar.

Ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine Türkmenistanyň halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi halkymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilendir. Şeýle işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Emir Hakberdiýew,

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak

ministrliginiň Zähmeti kadalaşdyrmak we zähmet haky

müdirliginiň başlygy.

 

“Türkmenistan” gazeti, №305 (31240) 29.11.2024ý.


Yza

Şeýle hem okaň